Gazagystanda 3-nji aprelde geçirilen prezident saýlawlarynda, deslapky maglumatlara görä, prezident Nursoltan Nazarbaýewe saýlawçylaryň 95,5%-i ses beripdir. Nazarbaýew bu sanyň Günbatar üçin sensasiýa bolandygyny 4-nji aprelde “Lider bilen öňe” atly geçirilen forumda eden çykyşynda aýtdy.
Gazagystanda 3-nji aprelde geçirilen prezident saýlawlaryna ses bermek hukugy bolan 9 million 180 müň gazak raýatynyň 89,9%-niň gatnaşandygy habar berildi.
Gazak resmileriniň beren deslapky maglumatlarynda Nursoltan Nazarbaýewe saýlawçylaryň 95,5%-niň ses berendigi aýdyldy. Bu sanlar demokratiýa taýdan ösen ýurtlar üçin örän ýokary hasaplanýar. Bu sanyň Günbatar ýurtlary üçin sensasiýa bolandygyny Nazarbaýewiň özi hem 4-nji aprelde “Lider bilen öňe” atly geçirilen forumda eden çykyşynda nygtady.
Ýene 5 ýyllyk möhlete prezident saýlanan Nazarbaýew bu hakda şeýle diýdi: “Elbetde, şeýle köp adamyň, saýlawçylaryň 90%-ine golaýynyň saýlawlara gatnaşmagy, raýatlaryň 90%-den gowragynyň maňa ses bermegi Günbatar ýurtlaryna sensasiýa bolup görünýär. Ýöne, adatça, saýlawlar ýurdy, halky dürli partiýalara bölýän bolsa, bu saýlawlar bizi birikdirendir”.
Nazarbaýewiň saýlawlarda ýeniş gazanmagy hiç kimi geň galdyrmady. Gaýtam, hut Nazarbaýewiň saýlawlarda üstün çykmagyna garaşylýardy.
1989-njy ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edip gelýän Nursoltan Nazarbaýew prezident saýlawlaryna indi dördünji gezek gatnaşdy. Şu çaka çenli Gazagystanda geçirilen saýlawlaryň biri-de demokratik ölçeglere gabat gelýär diýlip ykrar edilmedi.
ÝHHG-niň syny
Halkara synçylarynyň köpüsi bu gezekki saýlawlaryň hem adalatly, aç-açan geçmändigini bellediler. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parlament assambeýasynyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Tonino Pisuly Gazgystanyň ykdysady öşüşlerine buýsanmalydygyny aýdyp, ýöne welin şu gezekki prezident saýlawlarynyň Gazagystanyň demokratik institutlarynyň, ýurduň gazanan ykdysady ösüşinden yza galýandygyna şaýatlyk edendigini nygtady.
Tonino Pisuly ÝHHG-niň geljekde Gazagystanyň demokratik reformalary geçirmegi planlaşdyrýandygyna has ygtybarly subutnamalaryň boljakdygyny umyt edýändigini sözüniň üstüne goşdy.
ÝHHG-niň ýokary derejeli wekiliniň bellemegine görä, şu gezekki saýlawlara gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleriň hasaba alynmagy bilen bagly prosesde hem yza gaýdyşlyk bolupdyr.
Üç kandidat
Nazarbaýew bilen bäsleşige çykmaga resmi tassyknama alan üç kandidatyň: “Kommunist halk partiýasyndan” Žambul Ahmetbekowyň, “Tebigat ekologiýa bileleşiginiň” başlygy Mels Eleusizowyň, senator we “Watançylar partiýasynyň” lideri Gani Kasymowyň häzirki prezident bilen bäsleşip bilmejekdikleri hemmä mälimdi. Saýlawlaryň deslapky netijeleri hem muny tassyklady.
Gazagystanyň Merkezi saýlaw kommissiýasynyň beren deslapky maglumatlarynda bu kandidatlara saýlawçylaryň sesleriniň 2%-de almagyň başartmanlygyny görkezdi: Mels Eleusizowyň sesleriň 1,2%-ini, Gani Kasymowyň 1,9%-ini, Žambul Ahmetbekowyň bolsa 1,4% -ini alandyklary habar berildi.
Ekolog Eleusizow žurnalistler bilen söhbetdeşlikde özüniň Nazarbaýewe ses berendigini aýtdy. Bäsleşige çykýan üç kandidatyň içinde Nazarbaýewden soň iň köp ses alan Kasymow hem özüniň Nazarbaýewe wepalydygy barada birnäçe gezek aýdypdy.
Bu saýlawlara gatnaşdyrylan dalaşgärleriň sanawy ýene-de Gazagystanyň ilatyna çyndan saýlamaga mümkinçiligiň berilmändigini görkezdi diýip, synçylar aýdýarlar.
Oppozisiýa boýkot etdi
Şu gezekki saýlawlara oppozisiýadaky “Azat”, ”Ak ýol”, ”Ruhaniýat” partiýalary gatnaşman, boýkot yglan etdiler. Hasaba alynmadyk ”Alga” partiýasy, ”Kommunistik partiýa”, şol sanda «Ar. Ruh. Hak» we «Aman-saulyk» ýaly birnäçe graždan jemgyýeti toparlary saýlawçylary saýlawy boýkot etmäge çagyryp, özleri hem saýlawlara gatnaşmadylar.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň beren maglumatlarynda hökümet edaralarynda işleýänlere, studentlere hem gullukçylara häkimiýet başyndakylar tarapyndan basyş edilendigi aýdylýar. Ýagny döwlet edaralarynda işleýän raýatlara ýörite kupon berlip, saýlawlara gatnaşansoň, şol saýlaw bölüminde kupona bellik etdirip, ses berendigini tassyklatmak talap edilipdir. “Şeýtmeseň, işden kowulýaň” diýlip, Gazak gullugyna ýerli raýatlardan gelen teswirlerde aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy saýlawlaryň önüsyrasynda “Haýsy dalaşgäre ses berersiňiz?” diýen sowal boýunça ýörite pikir soralyşyk geçirdi. Oňa gatnaşan 2,316 adamdan 74%-i hiç bir kandidata ses bermejekdigini aýtdy. Prezident Nazarbaýewe bolsa bu pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 15%-i ses bermäge meýillidiklerini bildirdiler.
ÝHHG-niň 4-nji aprelde ýaýradan maglumatynda halkara synçylar toparlarynyň 17-ine sesleriň sanalmagyna gözegçilik etmekde päsgelçilik döredilenligi habar berildi.
Maglumatda, saýlaw entek başlamaka, synçylaryň gatnaşan 27 sany saýlaw bölüminiň gutylarynyň içinde bir topar býulletenleriň bolandygy we beýleki bikanunçylyklara ýol berlendigi-de aýdylýar.