Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar-täjirçilik bankynyň bilermeni Tatýana Marçenko ýurtda işewürlik ruhuny ösdürip, adamlara öz telekeçiligini açyp, işleder ýaly amatly şertleriň döredilýändigini ýazýar. Şeýle amatly şertleriň biri hem hususy pudakda işleýän işewürlere amatly şertlerde kredit serişdelerini elýeterli etmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar-täjirçilik bankynyň türkmen telekeçilerine şeýle kreditleri berýändigi, bu bank tarapyndan berlen kreditleriň 34%-niň hut ýeňillikli şertlerde berlendigi aýdylýar.
Türkmenistanda daýhanlaryň arasynda karz pula tehnika satyn alyp, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak isleýän daýhan az däl. Ýöne karz almak üçin, satyn alýan enjamlaryňdan başga-da girewiň talap edilmegi şeýle karzlary daýhanlar üçin elýetersiz edýär. Käbir halatlarda daýhanlar şeýle karz-krediti almagyň ugruny-da bilmeýärler.
Mary welaýatynda ýaşaýan, maşgalasy bilen kärendä alan 10 gektar ýerinden geçen ýyl 10 müň amerikan dollaryna golaý girdeji gazanan zenan bir belarus traktoryny satyn almaga höwes edýändigini, ýöne banklardan karz serişde almagyň ýoluny bilmeýändigini gürrüň berdi: “Hökümet maňa kredite traktor almaga mümkinçilik döreder diýen hantamaçylygym bar. Ýöne özüm kolhozçy, hiç hili ugur-ýol bilemok, diňe gara zähmet çekmegi bilýärin”.
Türkmenistanda telekeçilere ýeňillikli kreditleri bermek bilen Türkmenistanyň üç bankynyň - “Daýhanbank”, “Garagum” hem “Senagat” banklarynyň meşgullanýandyklary türkmen metbugatynda habar berildi.
Şeýle karzlaryň önümçilik bilen meşgullanýan telekeçilere esasy serişdeleri satyn almak üçin 10 ýyla çenli möhlet bilen ýylyna 5% göterim bilen berilýändigi, dolanyşykdaky serişdeleri satyn almak üçin kreditleriň gysga, ýagny bir ýyla çenli möhlet bilen berilýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy türkmen metbugatynda çap edilen bu makalanyň awtory Tatýana Marçenko jaň edip, kredit meselesinde “Senagat” bankynda gazanylan üstünlikleri berlen karzlaryň möçberi bilen gyzyklandy. Emma bilermen žurnalistlere interwýu bermek ygtyýarynyň ýokdugyny aýtdy.
Türkmenistanyň bank ulgamynda uzak wagtlap işlän, ýurduň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesini eýelän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Türkmenistanda karz-kreditleri almak üçin esasan girew üpjünçiliniň talap edilýändigini aýdýar. Bu bolsa, serişde ýetmezçiligini başdan geçirýän köp telekeçä şeýle karzlary elýetersiz edýär.
Telekeçiligi ösdürmek üçin...
Bilermen Hajyýew ösen we käbir ösýän döwletlerde köplenç girew üpjünçiliginiň talap edilmeýändigini, her telekeçiniň ýagdaýyna görä, karzyň şertleriniň kesgitlenýändigini, şonuň üçin karzyna alnan serişdeleriň telekeçilere has elýeterli edilip, netijede hususy pudagyň gülläp ösmegine itergi berýändigini belledi.
Soňky döwürde Türkmenistanda telekeçilik bilen meşgullanýanlara döwlet tarapyndan köp goldaw berilýär. Bu barada türkmen metbugatynda çap edilen maglumatda: “Telekeçiligiň ösdürilmeginde, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda, önüm öndürijileriň arasynda bäsleşigiň ýokarlanmagynda telekeçilere ýeňillikli karzlary bermek baradaky maksatnama uly ähmiýete eýe boldy” diýilip ýazylýar.
Emma ýurtda köp işewürleriň önümçilik bilen meşgullanmaga henize çenli çekinýändigi hem habar berilýär. Önümçilik bilen meşgullanmak üçin köp halatda karzyna zerur bolan serişdeleriň hem banklarda hemme telekeçilere berilmeýändigini 40 ýaşly telekeçi Ýazmyrat Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanowa gürrüň berdi: “Türkmenistanda önümçilik bilen meşgullanjak bolsaň, hökman tanşyň bolaýmaly. Ýogsa, bar eden işiň biderek bolýar. Önümçilige ýatyran serişdeleriňi gaýtaryp biljekdigine ynam ýok.”
Ykdysatçy Hajyýew telekeçiligi ösdürmek üçin, kreditleriň telekeçilere has elýeterli bolmagy üçin, ýurduň bank ulgamynda düýpli reforma geçirip, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň, döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny aýdýar. Bilermen häzirki kanunlaryň 1990-njy ýyllaryň başynda kabul edilendigini, olaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmeýändigini hem belleýär.
“Bank sistemasy barada täze kanun kabul edilse, Türkmenistanda daşary ýurt banklarynyň bölümleriniň, hususy banklaryň açylmagyna ýol berilse, şonda sagdyn bäsdeşlik döräp, banklaryň raýatlara hödürleýän hyzmatlarynyň hili hem ýokarlanardy” diýip, Türkmenistanyň maliýe pudagynyň öňki işgäri Hajyýew aýdýar.
Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar-täjirçilik bankynyň telekeçilere beren ýeňillikli kreditleriniň netijesinde işewürleriň ýurtda 800-e golaý iş ornuny döredenlikleri habar berilýär.