BMG Eýrandaky adam hukuklaryna gözegçi belleýär

Üstümizdäki aýyň başlarynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Eýranda adamlaryň eden-etdilik bilen tussag edilýänligi, žurnalistleriň we aktiwistleriň gynalýandygy baradaky habarlaryň özüni alada goýýandygyny aýtdy.

Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşi Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýörite gözegçiniň wezipesini döretmek barada ylalaşdy. Şwesiýanyň teklip eden bu rezolýusiýasyny 47 agzaly Ženewa geňeşiniň 22 agzasy oňlady. 7 ýurt oňa garşy ses berdi, 14 ýurt hem ses bermekden saklandy. Dört ýurt bolsa bu ses berişlige gatnaşmady.

Tekstde Eýranda oppozision şahsyýetlere zulum edilýänligi, ölüm jezasynyň köp ulanylýanlygy bilen bagly alada bildirilip, yslam respublikasy bu garaşsyz wezipä indi bellenmeli ýörite wekil bilen hyzmatdaşlyga çagyrylýar. Onda şeýle hem ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagy barada yslam respublikasy tarapyndan hyzmatdaşlygyň ýokdugyna gynanç bildirilýär.

“Halk üçin ýeňiş, hökümet üçin ýeňliş”

Bu göçümi Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ünji-aladalaryny beýan edip gelýän hukuk goraýjy toparlar, aktiwistler gutladylar.

“Eýran boýunça halkara adam hukuklary kampaniýasynyň” ýerine ýetiriji direktory Hadi Gaemi: “Birleşen Milletler Guramasynyň bu karary Eýran raýatlary üçin goldaw. Olar 2009-njy ýylda geçen jedelli prezidentlik saýlawyndan bäri barha artýan basyş astynda galýarlar” diýdi.

“Bu aýratyn-da geçen iki ýyllykda hukuklary depelenen Eýranyň halky üçin ýeňiş. Ol şol bir wagtyň özünde-de Eýran hökümeti üçin uly ýeňliş. Sebäbi bu rezolýusiýany goldap ses beren ýurtlaryň sany onuň garşysyna ses berenlerden üç esse ýokary” diýip, Gaemi aýtdy.

Merkezi Parižde ýerleşýän “Adam hukuklary ligasynyň halkara federasiýsynyň” başlygynyň orunbasary Abdolkarim Lahijiniň pikiriçe-de, bu ses berişlik Eýranyň halkara sahnasynda näderejede üzňelige düşendigini görezýär.

Lahiji Eýranyň hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin özleriniň bu barlagçynyň günbatar ýurtlaryndan bolmazlygy barada tagalla etjekdiklerini hem bildirdi.

“Tähran bir bahana tapyp, Birleşen Ştatlar we günbatar ýurtlary Eýranyň garşysyna dildüwşük guraýar diýmez ýaly, biz dokladçynyň Afrikadan ýa Aziýadan bolmagy üçin tagalla ederis. Biziň musulman dokladçyny teklip etmegimiz hem mümkin” diýip, Lahiji aýtdy.

Ýagdaýlar ýaramazlaşýar

Birleşen Ştatlaryň BMG-niň Adam hukuklary geňeşindäki ilçisi Eileen Donahoe bu ornuň döredilmeginiň tarapyny çalyp, Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň soňky ýyllarda ýaramazlaşmagynyň Waşingtony aşa alada goýandygyny bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem öten aýda eden çykyşynda BMG-niň Adam hukuklary geňeşini bu wezipäni döretmäge çagyrypdy.

Tähran bu rezolýusiýany ýiti tankytlap, özüniň şu ýyl Eýrana gelmegi üçin Birleşen Milletler Gurmasynyň Adam hukuklary baradaky ýokary komissary Neýwi Pillaýa çakylyk iberendigini aýtdy.

Pillaý öten aý üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Eýranda berilýän ölüm jezasynyň artandygyna alada bildirdi. Ol ölüm jezasyna moratoriý girizmek baradaky çagyryşy ýene bir gezek gaýtalady.

Üstümizdäki aýyň başlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun hem Eýranda ölüm jezasynyň artanlygy, amputasiýa, adamlaryň eden-etdilik bilen tussag edilýänligi, adalatsyz sud prosesleri, adam hukuklary boýunça aktiwistleriň, adwokatlaryň, žurnalistleriň we oppozision aktiwistleriň urlup-ýenjilip gynalýandygy baradaky habarlaryň özüni alada goýýandygyny aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi aýratyn bir ses berişlikde Demirgazyk Koreýa baradaky ýörite barlagçynyň hem mandatyny ýene bir ýyl uzaltdy.