Türkmen hökümetiniň durmuşyň ähli ugurlaryna ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak syýasatyny yglan etmegine garamazdan, ýurtda döwrüň ýönekeý tehniki gurallary kadaly işlemeýär. Mobil telefonlarynyň tölegini geçirmek üçin niýetlenen terminallar köp ýerde göze ilýär, emma olaryň köpüsi işlemeýär. Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky ýagdaý barada maglumat berýärler.
Paýtagtyň we beýleki uly şäherleriň ähli ýerlerinde goýulan töleg terminallaryndan mobil telefonlar üçin töleg geçirip bolmaýar. Töleg geçmeýär ýa-da terminallar puly kabul etmän, dessine yzyna gaýtarýar.
"Töleg terminallary nagt pullary kabul etmeýär. Kupýurany her dürli edip terminala salmakçy bolýaň welin, puly çekip alýar we dessine
yzyna gaýtarýar. Hususanda, 2020-nji ýylda çykan kupýuralar kabul edilmeýär” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Töleg terminallary ýaşaýjylaryň oňaýlygy üçin goýulýar, emma olaryň köpçülikleýin kadaly işlemezligi ýaşaýjylarda nägilelik döredýär.
Özüni Şemşat diýip tanadan aşgabatly ýaşaýjy terminaldan töleg geçirmek üçin eden synanyşygyna wagty boş ýitirendigini gürrüň berdi: "Düýn hasabyma pul geçirmek üçin terminaldan peýdalanmakçy bolanymda, ýarym sagat wagtymy ýitirdim. Elimdäki pullar falşiwymyka diýip pikir etdim. Emma Tik-tok-da hem şeýle şikaýatlar bilen telekoma ýüzlenýän raýatlary gördüm”.
Şäher ýaşaýjylary nägileliklerini öz aralarynda açyk bildirýärler, hem-de sosial ulgamlarda aç-açan tankydy äheňde gürrüň edýärler.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň paýtagtynyň, günorta we gündogar sebitleriniň ýaşaýjylarynyň mobil telefonlarynyň hasabyny doldurmak üçin niýetlenen töleg terminallaryndaky kemçiliklere ençeme wagt bäri duçar bolup gelýändigini belleýärler. Olar Aşgabatda ýagdaýyň welaýatlara garanda ganymatdygyny, emma paýtagtda hem soňky iki ýylyň dowamynda terminallarda näsazlyklaryň yzygiderli ýüze çykýandygyny belleýärler.
Azatlyk Radiosy "Türkmentelekom" kompaniýasynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Emma kompaniýanyň Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky bölümlerinde işlän hünärmenleriň anonim şertde gürrüň bermegine görä, töleg terminallaryndaky näsazlyklara birnäçe ýyl bäri ýeterlik üns berilmeýär.
"Türkmentelekomyň" öňki işgäri töleg terminallarynda ýüze çykýan näsazlyklar onuň aňyndaky operasion ulgamynyň 5 ýyldan artyk wagt täzelenmändigi üçin diýip, düşündiriş berdi.
Degişli maglumat Türkmenabadyň söwda nokatlarynyň aglabasynda töleg terminaly ‘ýok ýa-da işlemeýär’“Döwlet bankomatlarynyň we töleg terminallarynyň ýadyna ýörite programmalar ýüklenýär. Men öň işlän wagtym ýolbaşçylara terminallary ýylda bir gezek proşiwka edip durmaly diýip duýdurýardym. Birnäçe ýyl geçdi, indi adamlar kösenip ýör. Merkeze arza ýazylan ýagdaýda, ýörite fleşkalarda täze programma üpjünçiliklerini getirip proşiwka edip bolýar, şony-da edesleri gelenok" diýip, hünärmen aýdýar.
Kompaniýanyň öňki işgäri töleg terminallarynyň ýagdaýyna üns berilmeýärkä, täze döredilen “Töleg” priloženiýasyny we onlaýn
tölegler ulgamyny ösdürmek ugrunda iş alnyp barylýandygyny belledi.
Türkmenistanda telefon üçin töleg terminallarynyň, bankomatlaryň we söwda nokatlaryndaky töleg terminallarynyň işi bilen bagly kemçilikler yzygiderli ýüze çykýar. Häkimiýetler bu problemalar barada düşündiriş bermeýär, habar beriş serişdelerinde maglumat çap edilmeýär.
Degişli maglumat Türkmenabatda köne we ýyrtyk manat köpelýär, ilat ‘hapa kagyz böleginiň’ ýarawsyzdygyny aýdýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.