Polisiýa 'ahlak göreşini' güýçlendirýär, ýaş ýigitler 'hilebazlygyň gurbany' bolýar

Aşgabadyň seýilgähleriniň birinden bir pursat. Illýustrasiýa suraty.Arhiwden alyndy.

Soňky wagtlarda polisiýa işgärleri paýtagtyň seýilgählerinde ‘ahlak göreşini’ güýçlendirýär diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan ýörite ugradylan adamlar seýilgählerde ýaş ýigitleri aldaw ýoly bilen özlerine çekip, olara duzak gurup, ýeňil hereketler, degişmeler we şorta sözler bilen jynsy gatnaşyga çekmäge çalyşýarlar.

“Polisiýanyň duzagyna düşen oglanlar operatiw hereket bilen göni güpbassy edilýärler, polisiýa bölümlerine äkidilýärler. Tussag edilen ýigitlere dürli görnüşli tagamlar, şireli içgiler we çilimler hödürlenip, aňtaw hilebazlyklary bilen, olara polisiýa bölümlerinde meýletin düşündirişler, dilhatylar ýazdyrylýar. Şeýlelikde, olara garşy jenaýat işini gozgamagyň esasy düzülýär” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Seýilgählerde gezelenç edýän aýal-gyzlar hem polisiýanyň üns merkezinde bolýar. Olara-da lak atylyp, ahlaksyz teklipler bilen”, zenanlaryň mertebesini kemsitmäge çalyşýarlar diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýdýar.

Degişli maglumat Balkanda okuwçy gyzlar “ahlak päkligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagyndan geçirilýär

Türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda ilat arasynda ahlak gözegçiligini güýçlendirýär. Gözegçilik işleri halk arasynda ‘ahlak terbiýesini’ pugtalandyrmagyň guraly hökmünde wagyz edilýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynda uly klas okuwçy gyzlaryň arasynda ginekologiýa barlaglarynyň geçirilendigini maglumat berdiler.

“Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde 9-11-nji synp okuwçy gyzlar uçdantutma ginekologiýa barlagyndan geçirilýär. Jynsy gatnaşykda bolan gyzlaryň sany anyklanyp, olaryň sanawy polisiýa we MHM-niň ýerli edaralaryna tabşyrylýar” diýip, şonda ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Häkimiýetler bu çäreleri ‘ahlak päkligi’ operasiýalary atlandyrdylar we şeýle synanyşyklar bilen islenilmeýän göwreliligiň öňüne geçmäge çalyşýandyklaryny öňe sürdüler. Ýöne mejbury çäreler okuwçy ýaşlaryň mertebesiniň kemsidilmegi hökmünde tankyt edildi.

“Nastoýaşeýe wremýa” (Häzirki zaman) neşirine görä, gyzlyk barlaglary häzirki wagtda dünýäniň azyndan 20 ýurdunda amal edilýär. Mundan ozal, neşir Özbegistanda we Täjigistanda geçirilen gyzlyk barlaglary barada hem habar berdi. Birleşen Milletler Guramasynda şeýle tejribeler “kemsidiji” atlandyrylyp, tankyt edilýär, we häkimiýetler bu hili çärelerden el çekmäge çagyrylýarlar.

Aşgabadyň seýilgählerinde alnyp barylýan “ahlak gözegçiligi” ýerli ýaşaýjylar tarapyndan “ahlaksyzlyk duzagy” atlandyrylýar. Ýörite tutulan adamlar özüne çekiji hereketler we lybaslar bilen, ýaş ýigitleri duzaga düşürmäge synanyşýarlar. Käbir oglanlar ‘häkimiýet hilebazlygynyň’ gurbany bolýar diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

“Bolar-bolmaz etmişler üstüne ýüklenip, är ömrüni gözenegiň aňyrsynda geçirýän ýigitler hem bar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenbaşy: ýaşaýjylaryň agşamlaryna köçä çykmagy, gijeki klublaryň işi çäklendirilýär

Habarçylarymyz ozalky ýyllarda polisiýanyň seýilgählerde el tutuşyp barýan jübütleri polisiýa bölümlerine alyp gitmegi, parklardaky oturgyçlarda, skameýkalarda oturýan jübütleriň polisiýa tarapyndan soraga çekilmegi ýaly hadysalar barada habar berdiler.

Türkmenistanda häkimiýetler orta mekdeplerde we döwlet edaralarynda “ahlak wagyzlaryny” yzygiderli geçirýärler. Şeýle çärelerde köplenç ata babalardan gelýän ahlak kadalarynyň berjaý edilmegi, ýaş nesilleriň ösüp ýetişmeginde ahlak terbiýesiniň ähmiýeti yzygiderli nygtalýar.

“Zandy halal pederlerimiziň ahlak ýörelgelerine eýermek, jemgyýetçilik düzgünlerini berjaý etmek, milli däp-dessurlarymyza ygrarly bolmak häzirki zaman jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir” diýip, döwlet mediasy şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň birine salgylanýar.

Ýöne döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurduň seýilgählerinde amal edilýän ahlak gözegçiligi, parkda el ýa-da gol tutuşyp barýarka ele salnan ýaş jübütler, ‘ahlaksyz duzak’ bilen tora düşürilmäge çalyşylýan ýaş ýigitler barada habar bermeýärler.

Azatlyk Radiosy paýtagtyň seýilgählerinde güýçlenýän ahlak göreşi barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.