Aşgabadyň eteginde ýerleşýän, ilat arasynda “Gul bazary” atlandyrylýan nokat paýtagtyň köp ýaşaýjysy üçin gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Bu ýere günlük işiň gözleginde günde ençeme adam ýygnanýar diýip, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” 22-nji awgustda habar berdi.
Bu habar, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ilat arasynda işsizligiň güýçlenen, raýatlaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara köpçülikleýin gitmäge synanyşýan döwrüne gabat gelýär.
“[Bu ýere üýşýän] adamlar hemişelik iş tapyp bilmeýän paýtagtlylar bilen bir hatarda, Aşgabatda ýaşamak üçin rugsatnamasynyň ýoklugy sebäpli resmi taýdan işe ýerleşip bilmeýän welaýatlaryň ýaşaýjylarydyr” diýip, neşir belleýär.
Degişli maglumat Lebapda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlar ‘köpelýär’Gürrüňi edilýän nokat Aşgabadyň merkezinden demirgazyga tarap barýan ýoluň ugrunda, Garadamak aýlawynyň golaýynda ýerleşýär. Bu ýer, günlük işiň gözlegindäki erkek adamlaryň ýygnanýan nokady bolup, bu ýere ulagly gelýän raýatlar olara günlük iş hödürleýärler.
“[Öýden, ofisden ýa-da bir ýerden başga ýere] göçülende zatlary ýüklemek we düşürmek, hususy gurluşyklarda işlemek, öý-hojalyk işlerini ýerine ýetirmek we beýleki işler üçin hakyna tutulýar” diýip, neşir ýazýar.
Maglumata görä, tölegler barada şol ýerde gepleşik geçirilýär, ýöne uly bäsdeşlik sebäpli, işçiler töleg boýunça o diýen söwdalaşyp durmaýarlar.
“Tölegiň mukdary işiň dowamlylygyna hem-de çylşyrymlylygyna görä düýpgöter üýtgeýär, ýöne bir işçini gündelik 200-300 manada hakyna tutup bolýar. Bu gara bazaryň nyrhynda 10-15 ABŞ dollaryna deňdir” diýip, neşir belleýär.
Habarda polisiýanyň bu ýere ýygnanan adamlary wagtal-wagtal dargadýandygy, ýöne başga işiň ýoklugy sebäpli, adamlaryň ýene-de bu ýere gaýdyp gelýändigi hem aýdylýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada häzirlikçe özüniň ýurt içindäki habarçylaryndan we çeşmelerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Ýöne paýtagtda ilat arasynda “Gul bazar” atlandyrylýan erkin zähmet bazary barada Azatlyk ilkinji gezek 2012-nji ýylda habar beripdi.
2016-njy ýylda habarçylarymyz bu ýerde ýygnanan adamlaryň arasynda galypçy, demirçi, betonçy, boýagçy ýaly işçileriň köpdügini, muňa şol döwürde ýurduň gurluşyk pudagynda iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmeginiň sebäp bolandygyny aýdypdylar.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy“Gul bazary” baradaky nobatdaky habar, ýurtda ilat arasynda işsizligiň güýçlenen, raýatlaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara köpçülikleýin gitmäge synanyşýan döwrüne gabat gelýär.
Şu aýyň başynda lebaplylaryň ençemesi häzirki wagtda ýurtda işsizligiň geriminiň şeýle bir derejä ýetendigini, hatda ýokary bilimli ýaşlara hem iş tapdyrmaýandygyny aýtdy.
Bu habarlar, Türkmenistanda alty ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda, çörek, un nobatlary, munuň bilen bagly raýatlaryň nägilelik çykyşlary we ilatyň durmuş ýagdaýynyň peselýändigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri, raýatlaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmegi barada asla mesele gozgamaýarlar.
Degişli maglumat Biometriki pasport üçin nobatlar indiki ýyla çenli uzadyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.