Diňle: Awaza döwlet emeldarlarynyň dynç alşyna taýýarlanýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hökümet agzalarynyň dynç alşyna taýýarlanýar. Munuň bilen baglylykda, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär we dynç almaga gelen raýatlar “üç arka” barlagyndan geçirilýär. Şeýle-de, ýerli edara-kärhanalaryň we Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri arassaçylyk işlerine çekilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 28-nji iýulda sebitden maglumat berdiler.