Diňle: Türkiýede dört türkmeniň öldürilmegi: 'Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim'

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleriniň doňduryjynyň içinde tapylmagy bilen bagly täze maglumatlar peýda boldy. Olary öldürmekde aýyplanýan Saparmurad Hallyýew jenaýatlary amala aşyrmagyna “gabanjaňlygyň” sebäp bolandygyny, olary 13-nji iýunda öldürendigini boýun aldy. Hallyewe kömek etmekde aýyplanyp, türk polisiýasy tarapyndan saklanan başga-da üç adam kazyýet gözegçiligi şerti bilen boşadyldy. Bu ýagdaýlar barada türk mediasy Türkiýäniň häkimiýetlerine salgylanyp habar berýär.