Garagum kanalyndaky suw joşmasy ‘inli geçirijiler bilen galdyrylan bendiň’ netijesinde beklendi
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda ýylyň başynda adatdan daşary sowuk howa sebäpli Garagum kanalynda emele gelen buzluklaryň netijesinde dörän suw joşmasyny uly diametrli geçirijiler bilen galdyrylan bendiň kömegi bilen saklamak başartdy. Mundan ozal bir hepdeden hem aşa wagt dowam eden synanyşyklar, şol sanda suwuň böwsüp çykan ýerini çägeli haltalar bilen ýapmak tagallalary netije bermändi. Bu barada ýanwarda ýüze çykan başagaýlygyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz maglumat berdi.