Hytaý täze gaz geçiriji babatda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Hytaý nobatdaky iri gaz geçiriji taslamasy babatda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýar diýip, “Reuters” habar agentligi Hytaýyň nebitgaz resmilerine salgylanyp, 24-nji maýda habar berdi.

Gürrüň Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň “D” liniýasy we Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky “Sibiriň güýji 2” gaz geçiriji taslamalary barada barýar.

“Pekin ‘Guşak we ýol başlangyjyna’ laýyklykda, Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny berkitmäge isleg bildirýär, ýöne gurluşygyna girişilmeginden on ýyl töweregi soň, çylşyrymly nyrh gepleşikleri we başga-da üç Merkezi Aziýa ýurdunyň üstünden geçýän gaz geçirijini gurmagyň tehniki päsgelçilikleri sebäpli, 'D şahasy' taslamasy agsaýar” diýip, “Reuters” Hytaýyň ýangyç resmilerini sitirleýär.

Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň “A”, “B” we “Ç” şahalary arkaly Hytaýa tebigy gaz iberýär. Uzynlygy 1833 kilometre deň bolan, biri-birine parallel üç gaz geçiriji Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý ugry boýunça ýylda 55 milliard kub metr tebigy gaz ibermäge ukyplydyr.

Degişli maglumat Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermek bilen bagly ‘täze taslamalary’ teklip edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-19-njy maýda gadymy Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde eden çykyşynda türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi.

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň türkmen tebigy gazyny Türkmenistan – Özbegistan – Gyrgyzystan – Täjigistan – Hytaý ugry boýunça akdyrjak “D şahasyny” gurmak boýunça deslapky ylalaşyklara on ýyl ozal gol çekildi. Türkmenistanyň Hytaýa iberýän tebigy gazynyň möçberini her ýyl 30 milliard kub metr ýokarlandyrjak bu taslama dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käninden gözbaş alar.

Beýleki tarapdan, Ýewropanyň iň iri tebigy gaz üpjünçileriniň biri bolan Russiýa Ukraina garşy girişen harby çozuşy sebäpli, halkara sanksiýalara sezewar bolansoň, özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.

Russiýa häzirki wagtda bar bolan uzynlygy 3000 kilometre, ýyllyk kuwwaty 38 milliard kub metre deň “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gaz eksport edýär. “Reuters” habar agentligine görä, Moskwanyň 2023-nji ýylda bu geçiriji arkaly Hytaýa iberýän gazynyň möçberiniň 22 milliard kub metre çenli çykmagyna garaşylýar.

Uzynlygy 2600 kilometre deň boljak “Sibiriň güýji 2” gaz geçiriji taslamasynyň Mongoliýanyň üstünden çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň mart aýynda Moskwa amala aşyran saparynyň dowamynda bu gaz geçiriji taslamasyny gurmak boýunça gutarnykly ylalaşyk gazanylmady.

Degişli maglumat Halkara nebitgaz forumy ýapyk Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi nazarlaýar

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň 966 kilometrlik “D” şahasy taslamasynyň umumy bahasy takmynan 6,7 milliard dollara barabar bolar öýdülýär, “Sibiriň güýji 2” taslamasynyň bahasynyň takmynan 14 milliard dollara çenli çykmagyna garaşylýar.

Merkezi Aziýa gaz geçirijileri Hytaýyň energetika we geosyýasy giňişliginde möhüm maýa goýum hasaplanýar. Bu täjirçilik aladalarynyň ornuny tutýan strategiki ähmiýetli üpjünçilik kanaly bolup durýar diýip, “Reuters” Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) global strategiýasyndan habarly bir döwlet energetika resmisini sitirleýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy barlag guramasynyň bilermeni Jon Roberts 19-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistan – Hytaý ugry boýunça täze gaz geçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagynyň esasan Hytaýyň gyzyklanmalaryna bagly bolup durýandygyny aýtdy.

Eksperte görä, Türkmenistandan hytaý ugry boýunça iberilýän gazyň möçberiniň artdyrylmagy “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegini öz üstüne alan CNPC kompaniýasynyň işiniň netijeliligine bagly bolup durýar.

“Gürrüň ‘Galkynyş’ gaz käniniň özleşdirilmegi hem-de Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy barada barýar. Meniň pikirimçe, bu taslamalar amala aşar, ýöne olaryň haçan amala aşyryljagy belli däl” diýip, bilermen şonda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Reuters” bilen gürrüňdeş bolan hytaýly energetika resmileri Hytaýyň Russiýa bilen-de, Türkmenistan bilen-de täze gaz geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmeginiň mümkindigini, ýöne Hytaýyň, Russiýa bilen deňeşdirilende, Türkmenistan bilen aradaky täze gaz geçiriji taslamasyny has ileri tutýandygyny aýdýarlar.

Hytaý özüniň uzak möhletli gaz zerurlyklaryny üpjün etmek üçin, iki ylalaşyga-da gol goýup biler, ýöne ol Türkmenistany ileri tutýar diýip, “Reuters” pudak resmilerini sitirleýär.

“SIA Energy” we “Rystad Energy” geňeşdarlyk kompaniýalarynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň “D” şahasynyň, çen bilen, 2028-nji ýylda, ýyllyk kuwwaty 50 milliard kub metre barabar boljak täze bir rus gaz geçiriji taslamasynyň bolsa, 2030-njy ýyllaryň başlarynda işe girizilmegi mümkin.

Bilermenlere görä, Türkmenistan täze gaz geçiriji arkaly hytaý ugry boýunça iberjek gazyny “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry bilen üpjün eder.

Bu aralykda, garaşsyz turkmen.news neşiri “Türkmengaz” döwlet konsernindäki çeşmelerine salgylanyp, “Galkynyş” ýatagynda tebigy gazy kükürtden arassalaýjy desganyň hatardan çykandygyny, munuň netijesinde, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň hünärmenleriniň 17-nji maýda Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň Özbegistan böleginde kükürtden arassalanmadyk gaz syzmalaryny anyklandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?

Neşir gaz geçirijiniň özbek böleginde tas dört günläp, kükürtden arassalanmadyk tebigy gaz syzmalarynyň anyklanandygyny habar berdi.

Ýöne Özbegistanyň Energetika ministrligi 25-nji maýda özbek media serişdelerine beren beýanatynda bu maglumaty ret etdi we Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň Özbegistanyň geçýän böleginde gaz syzmalarynyň hasaba alynmandygyny aýtdy.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary oktýabryň ahyrlarynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gaz kükürtden arassalaýjy desganyň işgär sanynyň azaldylýandygyny habar beripdi.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde ozalky ýyllarda desganyň düzüminde üç sany kükürtden arassalaýjy desga gurlup, işe girizildi.

Gazy kükürtden arassalaýan 1-nji baş desgadaky arassalaýjy toplumlaryň biri Birleşen Arap Emirlikleriniň “Petrofak” kompaniýasy tarapyndan, beýlekisi Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy tarapyndan guruldy. Gazy kükürtden arassalaýan 2-nji baş desganyň arassalaýjy toplumlary Hytaýyň CNPC kompaniýasy tarapyndan guruldy.

Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Ýöne ýurduň tebigy baýlyklarynyň netijeli dolandyrylmazlygy, uglewodorod serişdelerinden gelýän girdejileriň ýurtuň ilatyna deň we adyl paýlanylmazlygy hem-de ýurtda giň ýaýran korrupsiýa, şol sanda parahorlyk we tanyşparazlyk, emeldarlaryň emelsizligi ýaly problemalar ilaty garyplyga sezewar edýär.

Degişli maglumat Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.