Türkmenistanda gowaça ekilen meýdanlarda tagt we gögeriş suwuny tutmak, şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýärkä, Mary welaýatynyň gallaçy we pagtaçy kärendeçileri ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýene ýüzbe-ýüz bolýarlar.
"Welaýatdaky kärende ýerleriniň köpüsine suw barmaýar. Daýhanlar näme etjeklerini bilmeýärler. Köp daýhan ýaplara suw gelen döwri, kärende ýerlerinde gijesi bilen bolýar. Kärende ýerlerine suw goýberilende suwuň üsti 'ölüşik' bolýar. Sebäbi ahyra galan dahanlaryň kärende ýerlerine suw ýetmeýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Kärendeçiler suwa gözegçilik edýän oba işgärine goşmaça pul töläp, ekerançylyk meýdanlaryny ilkinji bolup suwarmaga we bu ýagdaýdan baş alyp çykmaga çalyşýarlar.
"Her daýhan 100 manat pul bermeli bolýar. Bu ýyl aljak girdejimiz çykdajylarymyzy ýapjaga-da meňzemeýär. Sebäbi suw we dökünler ne ýeterlik derejede, ne-de wagtynda berilýär. Bugdaý we gowaça meýdanlary suwsuz gurap ýatyr. Oba ýerlerinde ekinler suwsuz guraýar. Bu ýyl pagta we bugdaý hasyllary geçen ýyllardakydan hem pes bolar" diýip, maryly kärendeçi anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Degişli maglumat TH: Prezidentiň edarasyna ýüzlenmek üçin paýtagta baran kärendeçiler polisiýa bölümine alnyp gidildiKäbir kärendeçi daýhanlar meseläni agyz suwy bilen çözmäge çalyşýar. Olar ekinleri agyz suwy bilen suwarýarlar, ýöne bu "çözgüt" hem olaryň meselesini çözmeýär.
"Agyz suwy hlorly bolanlygy üçinmi belli däl, ýöne agyz suwy ekinleri guradýar" diýip, maryly kärendeçi belledi.
Daýhanlaryň ýene bir bölegi bolsa, ekin meýdanlaryny suwarmak üçin öz maddy serişdeleriniň hasabyna elektrik suw nasoslaryny oturdyp, guýulardan suw çekýärler we ekerançylyk meýdanlaryny halas etmäge synanyşýarlar.
Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.
Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň tehnika, suw, tohum we dökün üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny, munuň köplenç ekiş işleriniň gijä galmagyna we hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Bu aralykda, Marydaky habarçymyz 19-njy maýda beren maglumatynda suw ýetmezçiliginiň diňe oba hojalygynda däl, eýse ilatyň agyz suw üpjünçiligi meselesinde hem ýitileşýändigini aýdýar.
"Şu günler şäher ýerlerinde günüň dowamynda üç sapar suw berilýär. Ol hem irden sagat 7:00-9:00, günortan 12:00-14:00, agşam 18:00-24:00 aralygynda bolýar. Şol sebäpli şäher ýaşaýjylary öýlerinde uly boçka gurnaýarlar we şondan suw alyp ulanýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistan gowaça ekişiniň tamamlanandygyny yglan etdi, ýöne kärendeçiler ekişiň 50% ýerine ýetirilendigini aýdýarObalarda bolsa, ýaşaýjylaryň öýlerine suwuň günaşa akdyrylýan halatlary hem bolýar. Käbir obalarda bolsa, suwuň hepdede iki gün berilýän ýerleri hem bar.
"Oba ilatyna berilýän suw köplenç bulanyk, hapa bolup, suwy durlap ulanmasaň bolmaýar. Şu ýyl suw geçen ýyllardakydan hem bulanyk, çägeli we gaty haýal akýar. Oba ýaşaýjylary howuz gurnap, suwy şonda durlap, onuň suwundan peýdalanýarlar" diýip, habarçymyz belledi.
Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň seljeren satellit suratlary Köpetdag suw howdanynyň suwunyň rekord derejede pese gaçandygyny görkezýär.
Neşiriň 12-nji maýda çap eden maglumatynda suw howdanynyň satellit arkaly 22-njy aprelde we 11-nji maýda düşürilen suratlary deňeşdirilip, suw howdanyndaky suwuň mukdarynyň çaltlyk bilen azalandygy aýdylýar.
"Sputnik suratlaryna görä, 26-njy aprelde suw howdanynyň üstki meýdany 25,5 km2 barabardy. 11-nji maýda onuň meýdany 21 km2 deň boldy. Bary-ýogy 2 hepdäniň içinde bu meýdan takmynan 18% azaldy" diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.
Kärendeçiler we türkmenistanlylaryň ençemesi şu ýyl ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly meseläniň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da ýaramazdygyny apreliň başyndan bäri aýdyp gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgasalar-da, suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.
Degişli maglumat Amyderýadan gözbaş alýan akabalara suw az çykýar, Çärjewiň ekin meýdanlary suwsuzlykdan kösenýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.