Sowetler döwründe gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlary abatlaýyş işlerine mätäçlik çekýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 1970-nji ýyllarda gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýlary abatlaýyş işlerine mätäçlik çekýär. Binalardaky lagym we suw geçiriji turbalar, şeýle-de ýyladyş ulgamlary ençeme ýyllardan bäri abatlanmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji maýda sebitden maglumat berdi.