Türkmenistan gowaça ekişiniň tamamlanandygyny yglan etdi, ýöne kärendeçiler ekişiň 50% ýerine ýetirilendigini aýdýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Balkan welaýatynda agronomlar we pagtaçy kärendeçiler sebitiň köp ýerinde gowaça ekişine heniz hem girişilmändigini belläp, ekişiň gijä galýandygyny aýdýarlar. Bu waka welaýat häkimleriniň ýurtda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat bermeginden 10 gün soňa gabat geldi.