Baýramçylygyň öňýany Türkmenabatda azyk önümleri biraz arzanlady

Türkmenistan

Azyk önümleriniň yzygiderli gymmatlamagy ilat köpçüligini aladalandyrýan esasy meseleleriň biri bolup, bahalaryň üýtgäp durmagy köpçüligiň maşgala çykdajylaryny kesgitlemegini we gün güzeranyny dolandyrmagyny kynlaşdyrýar. Lebapdaky habarçymyz soňky hepdede ýerli bazarlarda azyk önümleriniň gymmatlamandygyny, hatda biraz arzanlandygyny habar berýär.

"Häzirki günler Türkmenabadyň azyk önümlerini satýan ähli bazarlarda gök önümleri, towuk budlary, ýumurtga, iri şahly malyň, maýda malyň eti biraz arzanlady. Köke-süýji, çaý, hamyr önümleri, makaron şol öňki bahadan satylýar" diýip, habarçymyz 5-nji maýda habar berdi.

Biraz arzanlan azyk önümleriniň arasynda margarin bar. Bu önümiň 500 gramynyň bahasy 30 manatdan 25 manada çenli arzanlady. Etiň bahasy ortaça 50 manatdan 46 manada çenli aşaklady. Gök önümlerinden sogan arzanlapdyr we onuň bahasy 10 manatdan 6 manada düşüpdir. Hyýaryň, burçuň bahasy 3 manat çemesi arzanlapdyr. Ozalky bahasy 3 manada çenli pese düşen önümleriň arasynda tüwi hem mäş bar.

Degişli maglumat Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlady

Şol gün Türkmenabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň ortaça bahalary manatda we Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça amerikan dollarynda şeýle boldy: Ösümlik günebakar ýagy 1 litri - 21 manat ($6); Mesge ýagy 1 kilogramy - 100-120 manat aralygynda ($28,57 - 34,28); Ýumurtga 10 sanysy 12 manat ($3,42).

Şeýle-de bahasy üýtgemedik azyk önümleriniň arasynda daşary ýurtlardan getirilýän un we undan öndürlen makaron ýaly önümler bar. Unuň bahasy 1 kilogramy 15 manadan satyldy. Çaýyň 1 kilogramynyň bahasy - 80 manat ($22,85).

Bu aralykda satuwdan aýrylan, gytalyp, tapdyrmaýan azyk önümleri hem bar. Olaryň arasynda 5 litrlik gaba gaplanan günebakar ýagy. Ösümlik ýagy ilat tarapyndan köp satyn alynýan önüm bolup, köpçüligiň iýmit rasionynyň esasyny düzýär. Günebakar, pagta ýagynyň söwdasy, un we çörek bilen bilelikde soňky ýyllarda uly nobatlaryň döremeginde amala aşyrylypdy.

Azatlygyň habarçysy azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň bahasynyň biraz arzanlamagynyň olaryň satuwdaky mukdarynyň artmagy bilen düşündirýär. "Bu arzanladyş näme üçin diýip, sorasak, olaryň Asgabatdan ýörite firma tarapyndan getirilip, Türkmenabadyň bazarlarynda satylýar" - diýip, Lebapdaky habarçy aýdýar.

Azyk önümleriniň bahalaryň saklanmagy we biraz arzanlamagy 9-njy maý Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda pagta ýagyna we una telefon simini ýükleýärler

Bahalaryň peselmegi hojalyk harytlaryna degip geçmedi. Soda-sabyn, şampun ýaly harytlaryň bahasy ozalkysyna galdy.

Bazarlarda täjirçilik nyrhyndan satylýan önümler hemmä elýeterli däl. Agyr ykdysady şertler, ýurduň içinde saklanýan işsizlik we ilatyň daşary ýurtlarda gazanç etmegi üçin mümkinçilikleriň azalmagy gitdigiçe has köp maşgalanyň durmuş derejesiniň peselmegine getirýär. Bu ýagdaýda ilatyň gitdigiçe has uly bölegi subsidirlenen azyk önümlerine garaşly bolýar.

Soňky günlerde azyk paýoklarynyň berilmezligi ilat arasynda açyk nägileligi tutaşdyrdy. 28-nji aprelde “Täze Ýap” daýhan birleşiginiň häkimliginiň öňünde 100-e golaý ýaşaýjy jemlenip, mart we aprel aýlarynyň hasabyna berilmedik azyk paýlarynyň satuwa çykarylmagyny talap etdiler. Aprelde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ilat arz-şikaýat edip, gymmat çöregiň bahasyny arzanlatdy.

Türkmenistanda azyk krizisi, şol sanda un we çörek gytçylygy 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri dowam edýär.

Türkmen hökümeti ilatyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini aýdyp, azyk krizisini boýun alman gelýärkä, halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistana degişli çap edilýän seýrek sanlarda ýurt ilatynyň, şol sanda çagalaryň kadaly iýmitlenmeýändigini görkezýär. Bütindünýä saglyk guramasynyň, 2015-2017-nji ýyllarda ýygnan we 2021-nji ýylyň maý aýynda çap eden maglumatlarynda Türkmenistanda çagalaryň arasyndaky semizligiň "örän pes derejesi" barada habar berildi. Guramanyň maglumatyna görä, Türkmenistanda semizlikden kösenýän çagalaryň sany 5 prosente hem ýetmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.