Gurbanguly Berdimuhamedow öňünden yglan etmezden Germaniýa sapar etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň atçylyk toplumynda şol ýeriniň işgärleri bilen surata düşdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, öňünden yglan edilmedik sapar bilen, bir hepde töweregi Germaniýada bolan bolmagynyň mümkindigi anyklandy. Döwletiň berk gözegçiligindäki media saparyň anyk maksadyny we jikme-jiklerini aýan etmeýär. Şol bir wagtda, 65 ýaşly Berdimuhamedowyň Germaniýa ozalam ýaşyryn syýahat edendigi, munuň hem onuň saglyk ýagdaýy bilen bagly bolmagynyň mümkindigi boýunça, garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmadyk maglumatlar öňem peýda bolupdy. Ýöne dünýäniň iň bir ýapyk döwletiniň syýasatynda henizem kesgitleýji roly oýnaýan Berdimuhamedowyň häzirki saparynyň anyk sebäbini resmi ýagdaýda anyklap bolmaýar.

Türkmen Döwlet Habarlary (TDH) gullugy 29-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident-oglunyň tabşyrygy boýunça Germaniýada saparda bolandygyny habar berdi. Emma onuň haçan we näçe gün möhlet bilen Ýewropanyň döwletinde bolandygy takyklaşdyrylmady.

Resmi media uly Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny “mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen” duşuşyklary geçirendigini ýazýar.

Emma resmi habarlardan belli bolşuna görä, ol ýokary derejeli german syýasy resmileri bilen duşuşyklary geçirmän, diňe Germaniýanyň atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşypdyr.

Bu saparyň resmi mediada beýan edilişi boýunça ýene bir ýagdaý ünsi çekýär. Ýagny döwlet mediasy tas elmydama diýen uly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary barada “Türkmenistanyň dünýä arenasyndaky abraýynyň mysaly” hökmünde, şahsyýet kultuny dabaralandyrýan reportažlary beren bolsa, onuň soňky sapary boýunça diňe “Watan” habarlar gepleşiniň iň soňunda gysgaça reportaž bilen çäklenildi.

Degişli maglumat “Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýeke-täk hökümdarlygyny täzeden dikeltdi”

Şol bir wagtda, uly Berdimuhamedowyň ýurda dolanandygyna hem garamazdan, 30-njy aprelde mejbury çäreler bilen utgaşan Bedew baýramy mynasybetli gurnalan dabaralara hem gatnaşmandygyny nygtap geçmeli. Ýogsa ozallar ol ýurtdaky döredilýän şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülen ahal-teke atlarynyň gününi duşundan geçirmeýärdi.

Bu sapar bilen bagly adaty bolmadyk özgerişlikleriň we nämälimlikleriň arasynda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçarynyň Germaniýa, bu baradaky habardan bir hepde töweregi öň gonandygyna ünsi çekýär. Neşir uçarlaryň gatnawyna gözegçilik edýän Flightradar24 saýtynyň maglumatlaryna salgylanyp, uly Berdimuhamedowyň ulanýan Boeing 777-200(LR) kysymly uçarynyň Germaniýanyň Frankfurt şäherine 22-nji aprelde gonandygyny we yzyna – Aşgabada 28-nji aprelde ugrandygyny nygtaýar. Bellesek, Berdimuhamedow bu sapardan öň, soňky sapar döwlet telewideniýesinde 20-nji aprelde peýda bolupdy.

Dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk döwletleriniň biriniň häkimiýetleri, şol sanda Prezidentiň Diwany we Daşary işler ministrligi, Azatlygyň ýokarky ýagdaýlar boýunça aýdyňlaşdyryjy soraglaryny jogapsyz goýdular.

Emma mundan ozallar hem ýurduň hökmürowan dolandyryjysynyň, mümkin saglyk ýagdaýlary sebäpli, Germaniýa gizlin ýagdaýda syýahat eden bolmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda bolupdy. 2019-njy ýylyň tomsunda şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe hepdeläp il gözünden ýitmegi, onuň ölendigi hakyndaky gep-gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp bolupdy.

Uly Berdimuhamedow soňy bilen gaýtadan peýda bolsa-da, şol döwür Azatlygyň Germaniýadaky çeşmeleri prezidentiň uçarynyň, bu barada resmi ýagdaýda habar berilmese-de, Frankfurtyň aeroportunda görnendigini we onuň berk goralýandygyny gürrüň beripdiler. Emma şol pursat, munuň diňe ýeke bir çeşme bolandygy sebäpli, Azatlyk bu maglumaty efire bermekden saklanypdy.

Galyberse-de, Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmeleri we synçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut saglyk ýagdaýlary sebäpli, häkimiýeti ogly Serdara howlukmaç geçirendigini aýdýarlar. Uly Berdimuhamedowyň mundan dört ýyl ozal ençeme hepdeläp gözden ýitip, gaýtadan peýda bolanyndan soňra, ogly Serdaryň hem syýasy karýerasy birdenkä götergilenip başlapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.