Lebabyň ýol gurluşyk kärhanasynda prokuraturanyň barlagy geçýär

Ýoly abatlaýyş işleri. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň gara ýol gurluşyk edarasynda barlaglar geçirilýär. Prokuraturanyň işgärleri kärhananyň alyp barýan işlerini barlaýarlar, şol sanda maliýe hasaplaşyklaryna üns berýärler. Azatlygyň Lebapdaky habarçylary we çeşmeleri ýagdaýyň jikme-jiklikleri barada maglumat berdiler.

Şu günler ýol gurluşyk kärhanalarynda prokuratura tarapyndan geçirilýän barlaglar edaralaryň soňky 5 ýylyň dowamynda alyp baran işlerine degişli diýip ýerli habarçylar aýdýarlar.

"Prokuraturanyň barlagy zähmet aýlyk haklaryny, buhgalteriýany we Lebap welaýatynyň oba-etraplaryndaky, Türkmenabat şäherindäki soňky 5 ýylyň dowamynda nirä, haçan we näçe kilometer asfalt ýazylandygyny derňeýär" diýip, habarçymyz 28-nji aprelde aýdýar. Onuň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň "Garaýol" edarasy bilen ençeme ýerli kärhana bagly bolup, onuň balansynda Zergär şäherçesindäki asfalt öndürýän uly zawod hem bar.

Degişli maglumat Lebapda awtobanyň gurluşygynda işgärler ‘goşmaça tölegsiz 12 sagat işledilýär’

Gündogar welaýatynyň ýol gurluşygyny alyp barýan kärhananyň işiniň derňewine degişli resmi maglumat alyp bolmady. Azatlyk Radiosyna ýerli resmilerden telefon arkaly maglumat almak başartmady.

Bu aralykda ýagdaýdan habarly çeşmeleriň anonim görnüşde beren maglumatlaryna görä, prokuraturanyň geçirýän barlagynyň dowamynda Türkmenabat şäherinde täzeden gurlandygy aýdylýan käbir köçelere ummasyz möçberde pul sarp edilipdir, emma iş ýüzünde ýollar gurulman, eýsem diňe käbir ýerleri bölekleýin abatlanypdyr.

"Käbir köçelere täzeden doly asfalt goýuldy diýip, ummasyz döwlet puly harçlanypdyr. Hakykatda bolsa, bu köçelere asfalt düşelmän, diňe çukurlary we gopan ýerleri asfalt bilen tekizlenipdir" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen ýol gurluşyk boýunça ýerli hünärmeniň sözlerine görä, Zergär şäherçesinde ýeleşýän asfalt zawodynda öndürilýän serişdeleriň söwdasyna hem degişli käbir bidüzgünçilikleriň üsti açylypdyr.

"Kärhanada 200 tonna asfalt işlenip çykarylýan bolsa, günde 200 tonnadan deň ýarymy, 100 tonna asfalt gara bazar arkaly satylýar. Ol satylan asfalta giden çig malyň pulyny çykarmak maksady bilen Türkmenabat şaherindäki zaýalanan ýollary bejerman, gara bazarda satylan aswaltyň möçberini şaherdäki bir erapçanyň ýoluny täzeledik diýip, döwletden pul çekilýär ekeni" diýip, çeşme anonimlik şerti bilen gürrüň berdi.

Lebapdaky habarçylar welaýatda bir "Maz" awtoulagynyň, ýagny 12 tonna asfaltyň bahasynyň 3 müň manada (Merkezi bankyň kursy boýunça 857 amerikan dollary-red.) barabardygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, habarçylara görä, barlagçylar işgärleriň zähmet hakyna degişli bidüzgünçilikleri anyklapdyr. Hususan-da, işgärlere kagyz ýüzünde görkezilen aýlyklardan iş ýüzünde az zähmet hakyny ýazmak, ýa-da işden çykan adamlaryň adyna hak ýazmak ýaly ýagdaýlaryň üsti açylypdyr.

"Edaranyň işgärleriniň aýlygynyň möçberi 2 400 manat bolmaly bolsa, işgärlere 1 800 manat ellerine berlipdir. Şeýle-de, edaranyň hasabynda esli wagt bäri işden çykarylan birnäçe işgäriň adyna zähmet haky ýazylyp gelipdir" diýip, habarçymyz aýdýar.

Degişli maglumat Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar

Prokuratura barlaglarynyň geçirilýändigi we onuň netijeleri barada resmi maglumat berilmedi. Şeýle-de bolsa, habarçylar käbir netijeleriň şu günler şäherde göze ilýändigini belleýärler.

"Türkmenabat şäherindäki köçeleriň asfalt ýollaryndaky çukurlara we zaýalanan ýerlere uly "Maz" awtoulagynda asfalt daşap, zyňyp çykdylar. Ýöne şol zyňylan asfalty tekizlemediler. Şol dökülen asfalty geçip barýan awtoulaglar tekerleri bilen basyp tekizläp geçdiler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmen hökümeti gurluşyk pudagyna ýyllarboýy onlarça milliard dollar mukdarda pul sarp edýär. Döwletiň hasabyna ençeme ýyllap milliardlarça dollar gara ýol gurluşygyna hem çykaryldy. Emma ýurduň köp ýerlerinde ýollaryň ýagdaýy erbetligine galýar. Welaýatlarda we köplenç oba ýerlerinde ýollaryň ýaramazlygy wagtal-wagtal awtoulag heläkçiliklerine-de sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.