Maryly býujet işgärlerinden kärhanalardaky döwlet baýdaklaryny täzelemek üçin ýene pul ýygnalýar

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda býujet işgärlerinden nobatdaky gezek pul ýygnalýar. Bu gezek edara-kärhanalardaky baýdaklary täzelemäge gönükdirilen pul toplamak çäresiniň dowamynda işgärleriň her biri 75 manat tabşyrmaga borçlandyryldy.

"Işgärler pul toplanmagyndan juda nägile. Olar toplanýan pullary bialaç berýärler. Köp işgär iş ýerini taşlamak isleýändigini, ýöne başga ýerde iş bolmansoň, mejbury ýagdaýda işleýändigini aýdýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 28-nji aprelde aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretleri, döwlet baýdagy we beýleki nyşanlary ýylyň dowamynda bir ýa-da iki gezek täzelenýär. Bu çäre býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň hasabyna amal edilýär.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, aýlyklaryň pesligi we her aý dürli maksatlar üçin yzygiderli pul toplanýandygy zerarly, olaryň ellerinde galýan zähmet haklary aýlyk çykdajylaryň ýarysyna hem ýetmeýär.

Degişli maglumat Ýüpek gurçugynyň ideg işleri býujet işgärleriniň gerdenine ýüklenýär

"Her aý iýjek azyk önümlerimizi karzyna alyp ýaşaýarys, ýagny her býujet işgäriniň ýazga haryt alýan dükany bar. Her aý zähmet haklarymyzy alanymyzda, dükan eýeleri bilen hasaplaşýarys. Ýazga haryt alyp, günümizi görýäris" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda iň pes aýlyk haky 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 1160 manat möçberinde bellenildi. Maglumat üçin aýdylsa, ýurtda mekdep mugallymlarynyň zähmet haklary 2000-4000 manat, edara-kärhanalaryň garawullarynyň aýlyklary 1300-1800 manat aralygynda üýtgeýär.

Ýöne ýurtda býujet işgärlerinden toplanýan puluň möçberi her aýda ýüzlerçe manada barabar bolýar. Maryly bilim işgärleriniň ençemesi özlerinden diňe aprel aýynyň dowamynda toplanan puluň möçberiniň 200 manada ýetendigini aýdýar.

"Ýygnalýan puluň möçberi ýyl geçdigiçe artýar. Kelläňe gelmejek zatlar üçin-de pul ýygnalýar. Meselem, mekdebe gelýän barlagçylar üçin-de pul toplanýar. Olar mekdepdäki kemçilikleri ýüze çykarmagyň deregine pul alyp gidýärler. Türkmenistanda indi korrupsiýa aç-açan amal edilýär. Öň edara ýolbaşçylary pul toplanýandygyny gizlejek bolýardylar, indi arkaýyn hereket edýärler" diýip, maryly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Mejbury pul toplamak işlerini aç-açan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri kärhanalary abatlamak, pagta ýygmak, şugundyr we ýeralma ýygnamak, ýüpek gurçugyna ideg etmek, bag ekmek çäreleri ýaly işler üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul toplaýarlar. Ýylyň dowamynda toplanýan puluň möçberi käte 3-4 müň manada çenli ýetýär.

Degişli maglumat Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar

Soňky bir aýyň dowamynda Azatlygyň dürli sebitlerdäki habarçylary býujet işgärlerinden ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri üçin 300 manat, prezidentiň merhum enesiniň hatyrasyna berilýän sadakalar üçin 40 manat, sport eginbaşy we welosiped üçin 100-150 manat pul toplanýandygy barada maglumat berdiler.

Galyberse-de, nobatdaky pul toplamak çäresi ýurtda raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmeginiň soňky bir aýyň dowamynda ýygjamlaşan wagtyna gabat gelýär.

Şu hepdäniň başynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz sebitde döwlete degişli kärhanalaryň, şol sanda transport, söwda, deňiz we harby edaralaryň işgärlerine fewral aýyndan bäri zähmet haklarynyň berilmeýändigini habar berdi.

Apreliň başynda hem, Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň gijä galýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Ýerli bank işgärleri bu gijikdirmeleri raýatlardan bank kartoçkalaryna degişli maglumatlaryny gaýtadan hasaba aldyrmak talaby bilen baglanyşdyrdylar. Apreliň ortalarynda Balkanyň ýaşaýjylary maýyplyk kömek puluny alyp bilmediler.

Degişli maglumat Pensiýalar we döwlet kömek pullary gijikdirilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.