Tozanly ýel Aşgabady gaýtadan örtdi

Baharlyda tozanly tupan. Türkmenistan, 2023-nji ýylyň fewral aýy.

Türkmenistanyň çäginde ýene-de tozanly tupanlar turdy. 25-nji aprelde Aşgabatda bir hepdäniň içinde ikinji gezek tozan we gum bölejiklerini öz içine alýan güýçli ýel boldy. Tozan tupanlary ýurduň dürli ýerlerinde aprel aýynyň başyndan bäri ýüze çykýar.

"Tozan tupany ýene-de Aşgabady örtdi. Penjireler ýapyk bolsa-da jaýlaryň içine tozan ysy syzdy" - diýip Azatlygyň habarçysy 26-njy aprelde irden gürrüň berdi.

Bir gün öň şäheriň daşynda güýçli tozan tupany turdy, paýtagtda şemalyň güýji biraz gowşady. "Düýn şäheriň daşynda ýel güýçli boldy, ýöne tozan hemme ýere ýaýrady. Günüň ikinji ýarymynda Andalyp köçesi bilen Moskowskiý prospektine [10 ýyl Abadançylyk] awtoulagly barýardym, uzakda tozan buludy göründi, Parahat-7 etrapçasy tarapynda-da şeýledi. Öýüň aýnalaryny açmadyk. Irden öýüň içinde tozan ysy bardy, öý goşlaryny we aýnalardaky perdeleri tozan örtdi"- diýip habarçy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Ýylda millionlap bag ekýän ýurt alma importynda ösýär, ýaşaýjylar tot-tozanyň köpelmeginden alada galýar

Tozanly ýel paýtagtda ozalky gezek 16-njy aprelde boldy. Bu barada Azatlygyň habarçylary we Aşgabadyň ýaşaýjylary habar beripdi.

"Pasha baýramyndan öň, 13-nji aprel, penşenbe güni öýleri arassaladym, emma anna güni öýüň içini tozan basdy. Indi tozanly şemal ýygy-ýygydan ýüze çykýar" -diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy habar berýär.

25-nji aprelde güýçli tozanly ýeliň boljakdygy baradaky habar "Meteožurnal" neşirinde hem çap edildi. Türkmen metbugaty howa degişli hadysalar barada habar bermedi.

Ondan öň ýurduň beýleki sebitlerinde güýçli tozanly şemalyň bolandygy habar berilipdi. 7-nji aprelde tozan tupany Lebap welaýatynyň bir bölegini örtdi. 9-njy aprelde Baýramalynyň ýaşaýjylary güýçli tozanly şemal sebäpli 200 metrden uzak aralygy görüp bilmediler. Maryda ýeliň tizligi 15 m/s çemesi boldy. Bu sebitde tozan tupanlary martyň başynda hem bolupdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ozallar tozandan goran gür agaçlaryň köpçülikleýin çapylyp ýok edilmegi zerarly ýagdaýyň agyrlaşandygyny we adamlaryň saglygyna täsir edýändigini belleýärler.

"Ozal köçeleriň köpüsinde tomusda gür agaçlaryň kölegesi bardy. Seýrek köne daragtlaryň köpçülikleýin çapylyp, ýok edilmegi adamlary diňe bir kölegeden, kisloroddan mahrum etmän, eýsem tozandan goragy hem ýok etdi. Ýaşulularymyz şol daragtlaryň, iri we gyrymsy agaçlaryň, gülleriň we beýleki ösümlikleriň şäheri öň tozandan gorandygyny gürrüň berýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda adaty bolmadyk, rekord derejede yssy howanyň bolmagyna garaşylýar

Onuň sözlerine görä, 11-nji etrapçada agaçlaryň köpüsi çapylypdyr, şeýle-de agaçlary çapmak, köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary tarapyndan ekilýän we serenjam berilýän baglary we gülleri ýok etmek işleri jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan dowam etdirilýär.

"Ösüp duran agaçlaryň köpçülikleýin çapylmagy, wagşylarça ýok edilmegi henizem dowam edýär. Tut agaçlarynyň şahalary we depeleri, miweli agaçlar kesilýär. Öň howlularda çagalar tut iýip bilýärdi, ýöne indi bu köp ýerde ýok" diýip, Aşgabatdaky habarçy aýdýar.

Aşgabat, aprel, 2023

Ýagdaýlaryň birinde aprel aýynyň ortalarynda Parahat-3 etrapçasynda jemagat hyzmatlarynyň işgärleri ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki baglary ýok etdiler.

"Olar ýaşaýjylaryň martda ekilen we häzir gülläp duran ýerlerini weýran etdiler, ösümlikler eýýäm gülleýärdi we kislorod bilen üpjün edýärdi. Şeýlelikde Parahat -3-de jaýlaryň öňündäki bezeg bolup duran kämil ösümlikleri weýran etdiler, ýöne aýna döwükleri çaşyp ýatan ýerlere üns bermediler, we hapalary aýyrmadylar. Başga ýerlerde hem ýagdaý şeýleräk"- diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, ösümlikleri çapyp aýyrmakdan başga-da, jemagat gulluklarynyň işgärleri ösümlikleri ýok edýän himiki maddalary ulanýarlar we olary öz hasabyna satyn alýarlar.

Aşgabat, aprel, 2023

"Olar köp zat üçin, şol sanda otlary ýok edýän serişdeler üçin hem işgärlerden pul ýygnaýarlar. Bedewdäki dükanda şeýle serişdeleri 20 litrlik gutusyny 1000 manada satyn alýarlar. Gutynyň ýüzünde öndüriji görkezilmändir. Olary ulanýan işgärler maska we ellik ýaly goranyş serişdelerini ulanmaýar. Guşlar, pyşbagalar we ş.m. otlar bilen birlikde ýok bolýar "- diýip, paýtagtda köçe süpürijiler bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.

Aşgabat, aprel, 2023

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri ýurtda her ýyl millionlarça düýp nahalyň, esasanam arça agaçlarynyň ekilýändigini öňe sürýärler. Hökümet agzalarynyň we ilatyň mejbury gatnaşdyrylmagynda onlarça ýyl bäri ýylda iki gezek geçirilýän ählihalk ýowarlarynda agaç ekilýär. Munuň bilen birlikde, häkimiýetler ýerli howa şertlerinde gowy ornaşýan kölegeli agaçlary, şol sanda miweli agaçlary ýok etmegini dowam etdirýärler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde guraklyk, adatdan daşary yssy ýa-da aşa sowuk howa, suw joşmalary, sil, tozanly we duzly tupanlar häli-şindi döreýär. Azatlygyň habarçylary aşa sowuk gyşlaryň we adatdan daşary yssy howanyň oba hojalygyna we maldarçylyga ýetirýän zyýany barada yzygiderli habar berýärler. Geçen gyşda, ýurtda aýazly howa ýüze çykdy, netijede mallar gyryldy, ýüzlerçe gektar ekin meýdanlarynda ekinleri sowuk urdy.

Ýurduň hökümeti ýüze çykýan tebigy hadysalary resmi derejede agzamaýar we ýetirilen zyýany boýun almaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.