Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň 20-nji aprelde geçirilen mejlisinde gurmanyň täze düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Halk maslahatynyň başlygynyň sözlerine görä, dolandyryş edaralarynyň işi adam bähbitli tagallalarda jemlenip, ýurduň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilýär.
“Türkmenportal” neşiriniň 21-nji aprelde beren habaryna görä, Berdimuhamedow ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky käbir garaýyşlaryny beýan etdi.
“Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine, welaýatlaryň häkimliklerine ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen”, Berdimuhamedowyň beren tabşyryklary metbugatda çap edildi.
Olaryň arasynda “raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek”, “raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmek” hem bar.
Onuň pikiriçe, “Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işi sazlaşykly we ylalaşykly alnyp barylmaly”.
Şeýle-de, Berdimuhamedow Halk maslahaty maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanda resmi taýdan boýun alynmaýan işsizlik sebäpli daşary ýurtlara iş gözläp gidýän adamlaryň köpelmegi, ýurduň sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurt bolmagy, giň ýaýran korrupsiýa we ykdysady çökgünlik, neşekeşlik we arakhorlyk köp maşgalanyň bozulmagyna sebäp bolýar diýip, synçylar aýdýarlar.
Degişli maglumat Okyjynyň haty: "Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy häkimiýetini absolýut monarhiýa derejesine ýetirdi"