Mary welaýatynda aprel aýyna mahsus bolmadyk, adatdan daşary yssy howa boldy. Howanyň temperaturasy +40 gradusdan aşdy. Bu aralykda, sebitiň bilim resmileri şu hepde güýçli ýeliň turmagynyň mümkindigini duýdurýarlar. Bu maglumatlar, Türkmenistanda üstümizdäki hepde rekord derejede yssy howanyň bolmagyna we güýçli ýeliň turmagyna garaşylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
"13-nji aprelde howanyň temperaturasy +41 gradusdan aşdy. Howa diňe yssy bolman, eýsem ýiti tozanly, ýalynly şemal hem boldy. Howanyň düzümindäki tozanlar diňe bir gum däl-de, eýsem çölüň çägesine meňzeýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda adaty bolmadyk, rekord derejede yssy howanyň bolmagyna garaşylýarOnuň tassyklamagyna görä, gürrüňi edilýän howa şertleri 14-nji aprelde hem saklanyp galýar. Şäherleriň köçelerinde çölüň çägesi edil sepilip çykan ýaly ýazylyp ýatyr.
"Sakarçäge we Türkmengala etraplarynyň çöle ýakyn aralykda ýerleşýän geňeşliklerinde howanyň düzümindäki çäge has-da ýiti duýulýar. Köp adam daşary çykanda ýüzlerine maska dakynyp çykýar" diýip, habarçy belledi.
Bu aralykda, sebitiň orta mekdeplerinde bilim resmileri okuwçylara şu hepde güýçli ýeliň turmagynyň mümkindigini duýduryp, zerur bolmadyk ýagdaýynda öýden çykmazlygy tabşyrýarlar.
"Hatda mekdeplerde sapaklaryň arasyndaky arakesmelerde okuwçylar synpdan çykarylmady. Diňe zerur ýagdaýda okuwçylaryň daşaryk çykmagyna rugsat berildi" diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýatyň bilim bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.
Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 9-njy aprelde çap eden maglumatynda 12-14-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň çäginde rekord derejede yssy howanyň bolmagyna we güýçli ýeliň turmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
"...Käbir ýerlerde bolsa, aprel aýynyň iň ýokary temperaturasy boýunça rekord derejäniň hasaba alynmagy mümkin. Käbir sebitlerde howanyň temperaturasynyň +40 gradusdan aşmagyna garaşylýar" diýip, neşir belledi.
Degişli maglumat Güýçli ýagyş gowaça meýdanlaryny zaýaladyNeşir Türkmenistanda aprel aýynyň dowamynda gurakçylygyň ep-esli ýokarlanmagyna, guraklygyň aşa ýokarydan ekstremal derejelere çenli artmagyna garaşylýandygyny hem nygtady.
Adatça bolşy ýaly ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de üstümizdäki hepde bolmagyna garaşylýandygy aýdylýan güýçli ýel barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri aç-açan maglumat ýa duýduryş berýärler.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan we güýçli tozanly ýellerden we ýagyş-ýagmyrdan ejir çekýär.
Aprel aýynyň başynda birnäçe günüň dowamynda Lebaba ýagan güýçli ýagyş möwsümleýin oba hojalyk işlerine zyýan ýetirip, esasanam ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryny zaýalady.
Degişli maglumat Lebapda ekin meýdanlary zaýalanan daýhanlar gowaça ekişine täzeden girişdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.