Balkanyň häkimiýetleri öňki tussaglara haýbat atyp, olary pile önümçiligine gatnaşdyrýar

Ýüpek gurçuklary. Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda dört daýhan birleşiginiň başlyklary wezipesinden boşadyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ýagdaýdan habarly çeşmeleri muňa sebitdäki pileçi daýhanlaryň köpüsiniň ýüpek gurçugyna ideg etmekden ýüz öwürmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, daýhan birleşikleriň täze başlyklary pileçi daýhanlaryň öwezini türmeden boşan öňki tussaglar bilen dolmaga çalyşýarlar. Olar türmeden azatlyga çykan raýatlara mejbury pile önümçiliginden boýun gaçyranlaryň polisiýa tarapyndan dürli basyşlara sezewar ediljekdigini duýdurýarlar.

"Geçen hepde bereketli pileçi daýhanlaryň köpüsi ýüpek gurçugyna ideg etmekden ýüz öwürensoň, dört daýhan birleşiginiň, şol sanda 'Türkmenistan' daýhan birleşiginiň başlyklary wezipesinden boşadyldy. Ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri sebitde uly mesele bolmagynda galýar" diýip, habarçy 7-nji aprelde aýtdy.

Pileçi daýhanlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, olaryň ýüpek gurçugyna ideg etmekden ýüz öwürmegine ýüpekçiligiň düşewüntsizligi, ýetişdirilen piläniň döwlet satyn alyş nyrhynyň ujypsyz, ýagny bir kilogram piläniň 25 manada deň bolmagy sebäp boldy.

Degişli maglumat Ýüpek gurçugynyň ideg işleri býujet işgärleriniň gerdenine ýüklenýär

"Ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmek üçin kadaly ýylylykdaky ýapyk binalar, öýler gerek. Şeýle-de, ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmek üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ýapraklary, has dogrusy tut agaçlary hem ýetmezçilik edýär" diýip, bereketli pileçi daýhan anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.

Habarçy ýüpek gurçugyna ideg etmekden boýun gaçyran pileçi daýhanlaryň her birinden arçynlyga 500 manat tabşyrmagyň talap edilendigini hem belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji aprelde Ministrler kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Şonda häkimler pile öndürijileriň ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün edilýändigini we ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Bu aralykda, habarçy wezipesinden boşadylan daýhan birleşikleriň başlyklaryň ýerine gelen täze ýolbaşçylaryň pileçi daýhanlaryň öwezini türmeden boşan öňki tussaglar bilen dolmaga çalyşýandygyny aýdýar.

"Arçynlyk resmileri öz ýanlary bilen ýerli polisiýa işgärlerini alyp, türmeden azatlyga çykan adamlaryň öýlerine aýlanýarlar. Olar bu adamlary we olaryň maşgala agzalaryny gorkuzyp, olary bir aý ýüpek gurçugyna ideg etmäge, şertnama baglaşmaga mejbur edýärler. Olar pile önümçiliginden boýun gaçyranlaryň polisiýa tarapyndan dürli basyşlara sezewar ediljekdigini hem duýdurýarlar" diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan bereketli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Arçynlyk resmileri bu mejbury çäreler "oňat netije berse", ýagny göz öňünde tutulan pile hasylyny döwlet harmanyna tabşyran ozalky tussaglara "etrap häkimligi tarapyndan gymmat baha sowgatlaryň beriljekdigini" hem aýtdylar.

Degişli maglumat Kakada türmeden boşan raýatlar soraga çekilýär

"Olar türmeden azatlyga boşan raýatlaryň her birine 15 gram pile gurçugyny berip, 80-100 kilogram pile hasylyny öndürmegi tabşyrdylar" diýip, bereketli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Bereket etrap häkimliginden we polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Türkmen hökümeti döwletiň pagta, şugundyr we ýeralma önümçiliginde bolşy ýaly pile önümçiliginde hem mejbury zähmetden peýdalanýar. Häkimiýetler bu işlere pileçi daýhanlar bilen birlikde, býujet işgärlerini, bu ýyldan başlap bolsa, öňki tussaglary hem çekýärler.

Öňki tussaglaryň pile önümçiligine çekilýändigi, bu mejbury çäreleriň ýerli arçynlaryň we polisiýa işgärleriniň guramaçylygynda ýerine ýetirilýändigi barada şu hepdäniň başynda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylary hem maglumat berdiler.

Häkimiýetler döwletiň pile önümçiligi üçin býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan pul hem ýygnaýarlar.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 2 müň 300 tonna pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Balkan welaýaty 50 tonna pile öndürmäge borçly edildi.

Degişli maglumat Lebapda ýüpek gurçugyna mejbury ideg etmek möwsümi başlady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.