Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň resmileri bilen duşuşyk geçirilip, resmi habara görä, bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi.
3-nji aprelde bolan duşuşyga Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň resmileri Fýodor Klimçuk we Igor Kondratýew gatnaşdy.
Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary maslahatlaşyldy diýip, habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.
Adam söwdasy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmagyň çäklerinde, bu ugurdaky Milli meýilnamanyň wagtynyň dolmagy bilen, 2023-2025-nji ýyllar üçin täze meýilnamanyň işlenip düzülmegi teklip edildi.
Türkmenistanda wagtal-wagtal tutulan neşe maddalarynyň göz edip ýakylýandygy hakynda maglumat berilýär, emma ýurtdaky neşekeşligiň ýagdaýy, neşe gaçakçylygynda tutulan raýatlar, neşekeşlikden ejir çekýänler, olaryň bejerilişi hakynda açyk maglumatlar elýeterli edilmeýär.
Türkmenistan 1980-nji ýyllaryň aýagynda we 1990-njy ýyllaryň başynda uly neşe meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy, emma häkimiýetler bikanun neşe dolanyşygynyň pidasy bolan adamlar baradaky maglumatlary şu wagta çenli gizlin saklaýarlar.
Şonuň bilen bir wagtda, ýurtdaky sosial meseleler bilen baglylykda, ýene-de her hili zyýanly endiklere, arak-şeraba we dürli neşe maddalaryna, şol sanda tramadola ýüz urýan raýatlaryň köpelýändigi habar berilýär.
Degişli maglumat Ýasama arakdan zäherlenýän adamlar köpelýär, ‘arak belasy’ maşgalalara ‘gan gusdurýar’