Mary welaýatynyň merkezi şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň podýezdelerinde zir-zibil taşlamak üçin göz öňünde tutulan ulgam kadaly işlemeýär. Her gatyň arasyndaky ýörite çelekden hapalar aşak zyňlandan soň, olar soňy bilen ýerzeminlerden wagtynda arassalanmaýar. Bu hem sanitariýa, arassaçylyk meseleleri bilen birlikde, ýaşaýjylaryň kadaly durmuşyna hem ýaramaz täsir edýär.
"Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrundaky iki sany 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň ýerzeminlerine zyňylan hapalar daşyna çogup dur. Onuň ajy, ýakymsyz ysy daş-töwerege ýaýraýar. Tomus aýlarynda bu ýerde siňek, gurt gurçugy we beýleki möjekler emele gelýär. Çybyn köp bolýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji martda aýtdy.
Köp gatly jaýlaryň ençeme ýaşaýjysynyň sözlerine görä, hapalardan gelýän ýakymsyz ys aşaky gatlardaky jaýlaryň içine hem ýaýraýar.
Degişli maglumat Maryda zir-zibil çelekleri arassalanmaýarŞeýle-de, ýerzeminlerdäki hapa depelerine itler we pişikler hem üýşýär. Olar zir-zibilleri dörjeläp, daş-töwerege hapa ýaýradýarlar. Käte ýaşaýjylar gijelerine hapanyň üstünde uruşýan it-pişikleriň gohuna oýanýarlar.
"Ýaşaýjylar bu ýerde arassaçylyk meselesi bilen bagly gaty kösenýärler. Bu jaýa günde 50 çemesi hojalyk, şol sanda çagalar we garrylar girip çykýarlar" diýip, ýaşaýjy belledi.
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu oňaýsyzlyklara ýerzeminlere zyňylýan zir-zibilleriň wagtynda arassalanmazlygy sebäp bolýar. Olar bu barada häkimiýetlere edýän şikaýatlarynyň diňlenmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary şäher häkimliginden we Jemagat hojalygy müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Häzirki wagtda bu oňaýsyzlyklar sebäpli agzalýan köp gatly jaýlaryň ençeme ýaşaýjysy öz ýaşaýan jaýlaryny satyp, başga jaý satyn almaga ýa-da daş-töwerekdäki ýaşaýjylar bilen jaýlaryny çalyşmaga synanyşýar.
Azatlyk Türkmenistanyň käbir sebitlerinde, hususan-da Maryda zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmaýandygy, şeýle-de ýetmezçilik edýändigi we munuň ýaşaýjylara döredýän oňaýsyzlyklary barada soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat taýýarlady.
Degişli maglumat 'Bize mermerden bina däl, zir-zibil döker ýaly çelek gerek'2019-njy ýylyň güýzünde habarçylarymyz Marynyň Baýramaly, Wekilbazar we Mary etraplarynyň obalarynda, hususan-da, Zarpçy daýhan birleşiginde zibil çelekleriniň ýokdugyny gürrüň berdiler.
Geçen ýylyň oktýabrynda Mary şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri çelekleriň wagtynda arassalanmazlygynyň sebäplerini işgärleriň ýiti ýetmezçiligi bilen düşündiripdi.
"Ykdysady kynçylyklar sebäpli edaralarda işgär we tehnika sany yzygiderli kemeldilýär. Bu bolsa, şäheriň arassaçylygyna ýaramaz täsir ýetirýär. Ýolbaşçylar muny bilse-de, az işgärden adaty bolmadyk möçberdäki işi ýerine ýetirmegi talap edýärler. Ýöne bu talap nogsanlyklaryň döremeginiň öňüni alyp bilmeýär" diýip, işgär belledi.
Soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler döwlet edara-kärhanalaryndaky işgär sanyny azaldýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary wagtal-wagtal maglumat berýärler.
Degişli maglumat Marynyň ençeme obasynda zir-zibil dökülýän çelekler ýokGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.