“Talybanyň” Amyderýanyň akabasynda gurýan kanaly Türkmenistanyň suw meselesini “ýitileşdirip” biler

Habarçylarymyz Lebapda Amyderýanyň pessaýlap, ýuwaş akýandygyna ünsi çekýärler.

Owganystanda “Talyban” dolandyryjylarynyň Amyderýanyň suwunyň hasabyna gurýan kanaly, Merkezi Aziýanyň, hususanda Türkmenistanyň we Özbegistanyň, onsuz hem ýitileşýän, suw üpjünçilik meselesine oňaýsyz täsir edip biljekdigi duýdurylýar.

2022-nji ýylyň 31-nji martynda “Talybanyň” wekilleri Merkezi Aziýa bilen serhetdeş Balh welaýatyndan ugruny alyp gaýdýan Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişendiklerini mälim etdiler.

Kanal Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan we Farýap welaýatlarynyň üstünden hem geçýär. Taslama görä, onuň uzynlygy 285 km, giňligi 100 metr we çuňlugy 8 metr bolmaly. Şu ýyla çenli kanalyň 100 km golaý bölegi gurlup, galan bölegini hem bäş ýylyň içinde tamamlamak göz öňünde tutulýar. Kanalyň suw geçirijilik möçberiniň sekuntda 650 m3 deň boljakdygyna garaşylýar.

Şol bir wagtda, kanal ulanyşa berlenden soň, Amyderýanyň suwunyň üçden bir böleginiň Owganystanyň demirgazyk sebitlerine akdyryljakdygy, munuň netijesinde-de Merkezi Aziýa döwletleriniň, hususanda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw ýetmezçilik meseleleriniň has-da çylşyrymlaşdyrjakdygy duýdurylýar.

Sebäbi häzir Amyderýanyň suwy 1987-nji ýylda kesgitlenen Daşkent ylalaşygyna laýyklykda, Merkezi Aziýanyň döwletlerine akdyrylýar. Indi derýanyň suwuny Owganystan hem özüniň ekerançylyk maksatlary üçin alyp başlar.

Degişli maglumat Lebaply ýaşaýjylar: Amyderýanyň suwy çekilýär

Öz gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýan derýa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny zerur suw serişdeleri bilen üpjün edýän esasy suw çeşmeleriniň biridir.

Azatlyk soňky ýyllar ýurtda, esasan hem Lebap welaýatynda Amyderýanyň suwunyň çekilip başlandygy, munuň hem ekerançylyga, galyberse-de, adamlaryň suw üpjünçilik meselesine ýaramaz täsir edýändigi barada yzygiderli habar berip gelýär.

Azatlygyň ýurduň gündogar sebitindäki habarçysy “däli derýa” hem atlandyrylýan Amyderýanyň suwunyň ozallar bulanyp akan bolsa, indi onuň pessaýlap, ýuwaş akýandygyny aýdýar.

“Amyderýanyň suwy indi käbir sebitleriň, şol sanda Çärjew etrabynyň ekin meýdanlaryna uly kynçylyk bilen ýetýär. Şol sebäpli, eýýäm ýaplaryň akabalaryna, şol sanda Berzeňňi kanalyna hem ýörite nasoslary ýerleşdirip başladylar. Ýogsa, mundan bäş ýyl ozal derýanyň suwy bökdençsiz akýardy” diýip, habarçymyz belledi.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa: gurakçylyk dowam edýär, jemgyýetdäki ýagdaý gyzyşýar

Ol ýerli hünärmenleriň sözlerine salgylanyp, eger-de Owganystandaky kanal doly ulanyşa berilse, onda diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýse tutuş ýurduň ekin meýdanlaryna suwuň ýetmejekdigini aýtdy. Habarçymyzyň söhbetdeşi munuň netijesinde, gündogar sebitleriň ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçilik meselesiniň hem has ýitileşjekdigini duýdurdy.

Ol häkimiýetleriň ýurtda suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmak we suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak babatda anyk çäreleri durmuşa geçirip bilmeýändigini hem sözüne goşdy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

“Talybanyň” gurýan kanalynyň ýetirip biljek mümkin negatiw netijeleri barada Özbegistanda eýýäm esli wagtdan bäri açyk gürrüň edilýän bolsa, türkmen häkimiýetleri ýurda uly täsir ýetirmegi mümkin bu meseläni gozgamaýarlar.

Şu ýylyň 22-nji martynda Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda “Talyban” wekilleri Koştepe kanalyny “Özbegistan bilen özara düşünişmek esasynda” gurmaga taýýardygyny mälim etdiler.

Şol bir wagtda, Daşkent bu kanalyň gurluşygynyň suwy ulanmak baradaky halkara kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady. Mundan başga-da, özbek tarapy kanalyň gurluşygynda “proýektiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Owganystanyň tehniki düzümleri bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny” hem mälim etdi.

Hünärmenler we synçylar Merkezi Aziýa sebitiniň suw problemasyna öňden bäri alada beýan edip gelýärler. Kimler Merkezi Aziýanyň suw problemasyny geljekde "sebite abanýan iň uly howplaryň” hatarynda agzaýar, kimler bolsa sebitiň suw ýetmezçiligi bilen bagly problemasynyň töweregindäki dowly “suw uruşlary” atlandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.