26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçdi. Saýlaw topary ses berişlige, hasaba alnan 3,5 million saýlawçynyň arasyndan, gatnaşygyň 91.12% bolandygyny aýtdy. Ýöne ýurduň dürli künjeklerindäki habarçylarymyz göräýmäge ýurduň syýasy durmuşyndaky bu möhüm waka ilatyň az gyzyklanma bildirendigini we telewideniýe ýa barlagçylar üçin niýetlenen saýlaw uçastoklaryndan başgalaryna degişlilikde has az adamyň gelendigini aýtdylar. Habarçylarymyz ses berişligiň dowamyndaky mümkin bidüzgünçiliklere hem şaýat boldular.
Aşgabatdaky habarçymyz ses bermäge baranda saýlaw resmileriniň, kanuna ters ýagdaýda, özi bilen birlikde maşgalasynyň beýleki agzalaryna niýetlenen býulletenleri hem berendiklerini aýtdy.
“Saýlawçylaryň sanawy, şeýle-de býulletenleriň berlendigi baradaky kagyzlar hem bir faýla çatylman, olar aýra-aýralykdaky A4 formatyndaky sahypalar görnüşinde oňarylypdyr. Bu, elbetde, beýle bolmaly däl. Ýogsa, öňler hasap kitaplarynyň mysalynda çatylan kagyzlarda saýlawçynyň ady, familiýasy görkezilýärdi. Häzir beýle däl. Netijede, bu mümkin galplyklara ýol açyp bilýär” diýip, aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berdi.
Ýatlatsak, ses berişlikden 20 gün çemesi öň, resmiler saýlaw çakylyklaryny paýlanlarynda, raýatlaryň daşary ýurtlardaky garyndaşlarynyň deregine hem ses bermeli boljakdyklaryny duýdurypdylar.
Azatlygyň Balkandaky habarçysy hem sebitiň birnäçe saýlaw uçastogyna aýlandy we ses berijileriň gatnaşygynyň pes bolandygyny gördi. Ol edil paýtagtda hem bolşy ýaly, bir saýlawçynyň beýleki maşgala agzalarynyň birnäçesiniň adyndan ses berendigini aýtdy.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň biri ses berişlige bolan gyzyklanmanyň pesligini kandidatlar barada az, hatda asla hiç zat bilinmeýändigi bilen düşündirdi. Bular ýaly garaýyşy ýurduň beýleki künjeklerindäki ýaşaýjylar hem habarçylarymyza beýan etdiler.
“Deputatlyga kandidatlar barada hiç zat bilinmeýär. Olar diňe Mejlisde oturyp, çapak çarpmak üçin bellenilýär. Ol kim bolanda-da, hiç hili parhy ýok. Bu ‘saýlaw’ atlandyrylýan çäre, hamala diýersiň, bir çopanyň goýunlaryny haýbat bilen mal ýataga kowýanyna meňzeýär” diýip, balkanly habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.
Lebapdaky habarçymyz-da ses bermäge gelenleriň, hem özüniň, hem-de maşgala agzalarynyň býulletenlerini sandyga açyk oklaýandygyna şaýat boldy.
“Türkmenabat şäherindäki esaslandyrylan ençeme, şol sanda Drama teatryndaky, Baş kitaphanadaky we Ak öýdäki saýlaw uçastoklaryna aýlandym. Guramaçylyk işlerine mugallymlary we terbiýeçileri mejbury çekipdirler. Emma her uçastokda ses bermäge gelen diňe sanlyja adam göze ildi" diýip, lebaply habarçymyz gürrüň berdi.
Degişli maglumat ‘Umumy saýlaw biperwaýlygynyň’ arasynda, Türkmenistan parlament saýlawlaryna barýarMarydaky habarçymyz hem telewideniýe üçin surata düşürilmeli ýa-da barlagçylaryň aýlanmagy mümkin saýlaw uçastoklaryndan başgalaryna, sanlyja adamyň gelendigini belledi.
“Adamlar munuň köpçülikleýin çäresini ýada salandygyny aýtdylar. Wideo düşürilmeli uçastoklara býujetçileri eltdiler, şeýle-de häkimiýetleriň beýleki çärelerine dowamly gatnaýan ýaşululary çekdiler. Merkezden uzakdaky sebitleriň ilaty ‘nämäniň saýlawy?!’ diýip, bu çäreden bihabardygyny aýtdy. Mysal üçin, Zähmet daýhan birleşigindäki uçastoklaryň birine asla-da saýlawçy gelmändir. Ol ýere berkidilen mugallymlar ses berişlik gutarýança oturyp, ýolbaşçylaryň öňünden tabşyryşy ýaly, ‘ähli zat talaba laýyk geçdi’ diýip hasabat berdiler” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Dürli sebitlerdäki habarçylarymyzyň tassyklaýyşy ýaly, saýlawlara gelmedik raýatlar, öý kitabyndaky hasaba alnan sebite görä, hamala, ses berendigi ýaly hasaba alnypdyr.
Azatlygyň ýerli söhbetdeşleri deputatlyga dalaşgärleriň saýlanyp seçilmeginde we olaryň deputatlyga hödürlenilmeginde korrupsiýanyň, para-peşgeşiň rol oýnaýandygyna hem ünsi çekýärler.
Gürrüňi gidýän bidüzgünçilikler we, umuman, ses berişligiň geçişi boýunça Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topardan maglumat almak başartmady.
Saýlawlara ýurtdaky awtoritar režimi goldaýan Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy we raýat toparlary jemi 258 dalaşgäri hödürledi. Şolardan 125 raýat mejlisiň deputatlygyna getiriler.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde geçirilen bu ses berişligiň dowamynda häkimiýete tankydy garaýan, ýagny oppozision dalaşgärleriň ýokdugy bellenilýär.
Saýlaw resmileri sesleri sanamak işleriniň dowam etdirilýändigini, we netijeleriniň “ýakyn günlerde, 3-4 günüň içinde” mälim ediljekdigini aýtdylar.
Türkmen häkimiýetleriniň saýlawlaryň “giň bäsleşik esasynda geçirilýändigini” öňe sürmelerine garamazdan, ýurduň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara saýlaw synçylary tarapyndan “azat we adalatly” hökmünde ykrar edilmedi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti adam hukuklarynyň ýagdaýy barada 2022-nji ýyl hasabatynda Türkmenistanda raýatlaryň erkin we adalatly saýlawlar arkaly öz hökümetini parahatçylykly çalşyp bilmezligi; syýasata gatanşylmagynyň çynlakaý we esassyz çäklendirilmegi; häkimiýet ulgamynda kök salan korrupsiýa ýaly problemalary aýratyn belledi.
Galyberse-de, habarçylarymyz saýlawlaryň öňýany we ses berişlik güni ýurtda Internet üpjünçiliginde we VPN hyzmatlarynda bökdençlikleriň dörändigini aýtdylar.
Türkmen saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň synçy missiýasy hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş topary geldi.
Türkmenistanyň parlamenti 2021-nji ýylda iki palataly ulgama geçirildi, ýöne şu ýylyň başynda gaýtadan ýeke palataly ulgama öwrüldi. Mundan soň, nobatdaky parlament saýlawlary yglan edildi. Iş ýüzünde türkmen parlamentiniň ygtyýarlyklary, beýleki döwlet institutlarynda bolşy ýaly, örän çäkli bolmagynda galýar.
Bellesek, ýekşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky saýlaw uçastogyna baranynda, bir saýlaw resmisiniň onuň ses berişlige “gymmatly wagtyny sarp edip gelendigine” minnetdarlyk bildirmegi hem, häkimiýetleriň ýurduň syýasy durmuşyndaky bu möhüm waka berýän ähmiýetiniň derejesini belli bir derejede görkezýär. Ýagny, görnüşinden, Berdimuhamedowyň wagty, Mejlisiň saýlawlaryndan has ähmiýetli bolup çykýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.