Aşgabatda tutuş bir maşgala, är-aýal we 11 ýaşly ogullary, pyçaklanyp öldürildi

Aşgabadyň "Hitrowka" atlandyrylýan etrapçasynda bir köçe.

Aşgabadyň “Hitrowka” atlandyrylýan etrapçasynda 15-nji martda tutuş bir maşgala, är-aýal we 11 ýaşly ogullary hem-de olaryň bir iti, iki hüjümçi tarapyndan pyçaklanyp öldürildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki çeşmesi 21-nji martda maglumat berdi.

Ganly waka 15-nji martda giçlik Aşgabadyň Bitaraplyk şaýoly (öňki "Gogol" köçesi) bilen Hoja Ahmet Ýasawy (öňki "Griboýedowa") köçesiniň çatrygyna golaý ýerleşýän bir köpgatly ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda bolup geçýär.

Pida bolan maşgala Aşgabadyň Nikolskaýa ybadathanasyna-da uzak bolmadyk sebitde ýerleşýän köpgatly ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda ýaşaýan ekeni.

Iki hüjümçi gije sagat 3 töwereginde birinji gatyň aýnasyndan içerik girýärler we tutuş bir maşgalany itleri bilen bilelikde pyçaklap öldürýär.

Hüjümçileriň biri 1996-njy ýylda doglan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, beýlekisi 1998-nji ýylda doglan Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy bolandygy habar berilýär.

Degişli maglumat Türkmenabat: zibilhanada bolan pyçaklaşmada bir adam öldi

Azatlyk Radiosynda hüjümde pida bolan maşgalanyň ähli agzalary barada maglumat bar, ýöne redaksiýa bu maglumatlary çap etmekden saklanýar.

Erkek adam 14 ýerinden, aýal maşgala dokuz ýerinden, 11 ýaşly çaga bolsa ýedi ýerinden pyçaklanypdyr. Ganhorlar öýüň itini hem pyçaklap öldüripdirler.

Pida bolan maşgalanyň goňşulary gije özleriniň goh-galmagal eşidendiklerini aýdýarlar, ýöne derhal polisiýa jaň etmeýärler.

Azatlygyň çeşmelerine görä, hüjümçiler biraz öň şol öýde işläp gaýdan ekeni. Çeşmelerimiziň biri wakanyň algy-bergi meselesinden uç alýandygyny aýdýar. Ýöne hüjümiň aňyrsyndaky anyk sebäpler nämälim galýar.

Kanun goraýjy edaralar hüjümçileri ogurlanan telefonlary yzarlamak arkaly dört-bäş sagadyň içinde dessine tapýar. “Olar Ak tam diýlen ýerde tutuldylar” diýip, bir çeşmämiz aýdýar.

Azatlygyň ikinji çeşmesi öldürilen maşgalanyň wakadan üç gün soň jaýlanandygyny habar berdi.

“Pidalaryň jesetleri 18-nji martda morgdan tabytlarda kabul edilip alyndy we jaýlandy. Pida bolan erkek adamyň ýüzünde ýara yzlary bar ekeni. Tutuş şäher bu wagşyçylykdan gorkup, howatyr edýär”” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz maglumat berýär.

Degişli maglumat Türkmenabatda bir talyp gyz pyçaklanyp öldürildi, jenaýatçy gözlenýär

Türkmenistanda adamlaryň janyna kast etmek, öý talamak ýaly jenaýat hadysalary baradaky habarlar soňky ýyllarda artdy. Ýöne Içeri işler ministrligi ýurtdaky jenaýat hadysalarynyň gerimi, ýygylygy we adamlary jenaýata iterýän şertler barada hasabat bermeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri we hökümetçi neşirler geçen hepde Aşgabatda tutuş bir maşgalanyň wagşyçylyk bilen öldürilmegi barada habar bermeýärler.

Ýurtda soňky ýyllarda barha agyrlaşan ykdysady kynçylyklar ýiti sosial problemalara, jenaýatçylygyň artmagyna ýol açdy. Ýöne türkmen häkimiýetleri ne ykdysady krizisiň gerimini ne-de onuň ýol açan durmuş meselelerini, ýa-da jenaýatçylygyň ösmegini aç-açan boýun alýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal ýurduň dürli sebitlerinde artýan jenaýat hadysalary, şol sanda talaňçylyk we ogurlyk hadysalary barada yzygiderli habar berip gelýär.

Içeri işler ministrligi bu maglumatlary ne tassyklaýar ne-de inkär edýär.

Azatlyk Radiosy paýtagtda tutuş bir maşgalanyň pyçaklanyp öldürilmegi baradaky maglumatlar boýunça Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginden goşmaça kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.