Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany ses bermäge hukugy bolan raýatlar hasaba alynýar. Habarçylarymyz bu işleriň çäginde ýurduň daşyndaky raýatlaryň ornuna garyndaşlarynyň ses bermelidigi barada duýdurylýandygyny hem belleýärler.
“[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatda saýlaw taýýarlyk toparynyň wekilleri öýme-öý aýlanyp 18 ýaşy dolan raýatlary hasaba alýarlar. Şeýle-de, daşary ýurtdaky garyndaşlarynyň pasport maglumatlaryny soraýarlar. Resmiler ses berişligiň öňýany ähli, şol sanda daşary ýurtdaky maşgala agzalarynyň adyna saýlaw býulleteniniň geljekdigini aýdýarlar. Ýurduň çäginde bolmadyk raýatlaryň deregine bolsa, olaryň garyndaşlarynyň býulletini doldurup ses bermelidigini duýdurýarlar” diýip, bu wakany başdan geçiren ýerli ýaşaýjylaryň biri 13-nji martda gürrüň berdi.
Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, ýurduň daşyndaky raýatlar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses bermeli. Mundan başga-da, saýlaw dokumentinde başga bir adamyň adyndan çekilen gollaryň “hakyky däl” diýlip ykrar edilýändigi hem aýratyn bellenip geçilýär.
Söhbetdeşimiz resmiden özlerinden edilýän bu talabyň kanunylygy bilen gyzyklananda, ol: “Bu biziň oýlap tapan zadymyz däl. Biz diňe ýolbaşçylaryň diýenini berjaý edýäris” diýip, jogap gaýtardy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine çapraz gelýän bu talap boýunça Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topardan kommentariýa almak başartmady.
Degişli maglumat Mugallymlar parlament saýlawlaryna taýýarlyk işlerine çekilýär, býujet işgärlerinden pul ýygnalýarMartyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlarda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalary, hem-de Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalary saýlanar.
Türkmenistanyň parlamenti 2021-nji ýylda iki palataly ulgama geçirildi, ýöne şu ýylyň başynda gaýtadan ýeke palataly ulgama öwrüldi. Iş ýüzünde türkmen parlamentiniň ygtyýarlyklary, beýleki döwlet institutlarynda bolşy ýaly, örän çäkli bolmagynda galýar.
Azatlyk saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäginde sebitlerde eýýäm saýlaw uçastoklarynyň döredilip başlanandygyny, şeýle-de olaryň bezeg işleri üçin býujet işgärlerinden 40-70 manat aralygynda pul toplaýandygy barada habar beripdi.
Munuň çäginde, Türkmenabadyň döwlet edara-kärhanalarynyň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň baş girelgelerinde hem eýýäm saýlaw plakatlary we sandyklary ýerleşdirildi.
“Resmiler öň gapyda saýlaw sandyklarynyň goýulandygy sebäpli, indi diňe arka gapyndan girip-çykmagy tabşyrýarlar. Bu girelgeleriň degişlilikde has kiçi bolany üçin, mekdep we saglyk öýleri ýaly köp gelim-gidimli edaralarda adamlar gapynyň agzynda gysnyşyp durmaly bolýarlar” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.
Degişli maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamenti: Türkmenistanda “erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw ulgamy” üpjün edilmediParlament saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak möwsümi 28-nji fewralda tamamlandy. Her bir saýlaw okrugy boýunça iki, käbirlerinde bolsa ondan-da köp dalaşgär bäsleşer.
Resmi maglumata görä, ýurt boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 7 müň 222-sinde, şol sanda
- Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125-sinde,
- Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240-synda,
- Etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 960-synda we
- Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5 müň 897-sinde dalaşgärler bäsleşerler.
Bu aralykda, ýurduň dürli künjegindäki habarçylarymyz, ozalky saýlawlar-da hem bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň aglabasynyň ses berişlikde dalaş etjek kandidatlar barada hiç zat bilmeýändiklerini, olaryň ilat bilen geçirýän duşuşyklaryna hem gabat gelmeýändiklerini aýdýarlar.
Galyberse-de, parlament saýlawlaryna gözegçilik etmeli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara synçylary şu aýyň başynda öz işine başlady. Ýyllaryň tejribesinden görnüşi ýaly, GDA-nyň saýlaw gözegçileri Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara adatça ýokary baha berýärler.
Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly Günbatar synçylary we hukuk toparlary tarapyndan hiç haçan “erkin we adalatly saýlaw” diýlip ykrar edilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.