Metjide gatnaýan aýal-gyzlar MHM tarapyndan soraga çekilýär

Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda zenanlar ýene-de kanun goraýjy edaralaryň üns merkezine düşdi. Bu gezek aýal-gyzlara dini ynanjy sebäpli basyş görkezilýär. Balkan welaýatynda Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň işgärleri metjide barýan, namaz okaýan we hijab atynýan aýallary soraga çekýär.

Türkmenistanyň günbatarynda dinçi aýal-gyzlaryň soraga çekilýändigi barada maglumat beren çeşmelerimiz, olaryň kanun goraýjy edaralary tarapyndan düýpli barlaglara çekilýändigini gürrüň berýärler.

"Balkan welaýatynda ýaş dindar gyzlary, ylaýtada metjide baryp, namaz okaýan, hijab we dini eşik geýip, ýanynda teswi alyp gezýän gyzlar we aýallar IIM we MHM ofiserleri tarapyndan soraga çekilýär. Olaryň mobil telefonlaryndaky maglumatlar, internet salgylary barlaýarlar, dini maglumat tapylan ýagdaýynda aýal-gyzlar babatynda çuň sorag we derňew geçirilýär. Dini edaralarda işleýän ymamlar olaryň yslamyň haýsy mezhebine ynanýandygy hakda sorag-jogap geçirýärler" diýip, habarçymyz 10-njy martda habar berdi.

Degişli maglumat Maryda zenanlara köpçülikde hijab atynmak gadagan edilýär

Şeýle derňewe çekilen balkanly zenanlaryň biriniň sözlerine görä, özüni sorag edenler barlagyň sebäbini dinçi aýalaryň yslamyň sünni mezhebinden beýleki akymlaryna uýýandygyny, şeýle-de dini radikal toparlara gatnaşyp-gatnaşmaýandygyny anyklamak üçin geçirilýändigini aýdypdyr.

Azatlyk bilen adynyň agzalmazlygy şertlerde gürleşen 30 ýaşlaryndaky zenan sorag edişlikde polisiýa ofiserleri türkmen zenanlaryň we erkekleriň radikal yslam maglumatlaryny internet arkaly köp tomaşa edýändigi bilen baglylykda ýagdaýy öwrenmegiň tabşyrylandygyny aýdypdyr.

Dinçi aýal-gyzlaryň sorag edilmegi we derňewleriň sebäpleri barada döwlet habar serişdelerinde maglumat çap edilmedi we resmi düşündiriş berilmedi.

Azatlygyň çeşmelerine görä, MHM-niň kiber howpsyzlygy bölümleri bu ýagdaý bilen içgin gyzyklanýarlar we olaryň tabşyrygy boýunça derňewlerde zenanlaryň internet saýtlaryndan alýan maglumatlaryna, şeýle-de daşary ýurtlarda bolan zenanlara esasy üns berilýär.

"Soňky ýyllarda Dubaýda, Katarda we Türkiýede 4-5 ýyllap ýaşap gelen we hijab atynan aýal-gyzlaryň dine berlendigi, olaryň dini guramalara agza bolmagy güman edilýär. Olardan hijab geýmekden el çekmek talap edilýär. Bu barlaglar balkanly dinçi zenanlary gaty gorkuzýar we kanun goraýjy edaralardan nägilelik döredýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Dünýewi Türkmenistanyň kanunlarynda din azatlygy kepil geçilýär. Muňa garamazdan, ýurduň ilaty dini ynançlary üçin yzygiderli basyşa sezewar bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda sakgal goýýan we metjide barýan adamlar ýene yzarlanýar

Metjide barýan we namaz okaýan raýatlara wagtal-wagtal häkimiýetler tarapyndan basyş güýçlenýär. Ozalky ýyllarda metjide baranlygy üçin yzarlanýanlaryň arasynda býujet işgärleri, ýaşlar, aýal-gyzlar boldy. Ýurtda aýallaryň hijab atynmagyna gadagançylygy güýçlenmegi bilen bagly ýagdaýlar 2019-njy ýylyň aýagynda ýüze çykypdy. Mary welaýatynda aýallara jemgyýetçilik ýerlerde köçelerde, bazarlarda hijaply görünmek gadagan edilipdi.

Hijap atynan zenanlar we sakgally erkekler ilkinji nobatda häkimiýetleriň üns merkezine düşýär. Dinçileriň polisiýa tarapyndan tutulyp, zor bilen sakgalynyň syrylmagy we hatda alkogol içirilmegi ýaly ýagdaýlaryň ençemesi köpçülige mälim boldy.

Soňky ýyllarda ýurtda onlarça metjit guruldy. Aşgabatdan başga, welaýatlaryň her birinde baş metjitleriň ägirt uly binalary dikildi. Käbirine birnäçe gezek haja baryp gaýdan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Öňki prezident häzir Halk Maslahatynyň başlygy welaýatlaryň baş metjitlerine baryp, wagtal-wagtal sadaka berip gaýdýar.

Emma habarçylar, esli mukdarly döwlet pulyna gurlan gymmatbaha metjitlerde adaty adamlara sadaka bermäge rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

"Döwletiň özi yslamy ýüzüne maska edip ulanýar. Balkanabatdaky baş metjidinde sadaka berilýän jaýda hatda welaýat häkimine hem sadaka bermek üçin rugsat berilmeýär diňe Arkadag [Gurbanguly Berdimuhamedow] ýa-da onuň ogly [prezident Serdar Berdimuhamedow] gelende olaryň sadaka bermegi üçin gapylary açýarlar" diýip, balkanabatly çeşme gürrüň berýär.

Türkmenistan dünýäde öz raýatlarynyň din azatlygyny iň gödek depeleýän ýurtlarynyň arasynda agzalýar. Halkara hasabatlarynda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna ýyllarboýy iň pes baha berilýär.

Degişli maglumat Lebaply býujet işgärlerine juma namazyna barmazlyk we iş ýerinde namaz okamazlyk tabşyrylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.