Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň soňky iki böleginiň gurluşygy ilki yglan edilen planlardan has uzaga çekýär. 2019-njy ýylda gurluşygy başlanan bu magistralyň eýýäm tabşyrylan böleklerinde süýşýän çägelere garşy çäreleriň görülmändigi hem bellenilýär. Bu-da öz gezeginde heläkçilikli ýol hadysalarynyň döremegine sebäp bolýar.
600 km töweregi bolmaly bu ýoluň gurluşygy Aşgabat – Tejen, Tejen – Mary we Mary – Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy. Ilki başda, häkimiýetler türkmen gaznasyndan 2 milliard 300 million dollar goýberilen bu ýoly 2023-nji ýylda tamamlamagy göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi.
Döwlet metbugaty täze magistralyň Aşgabat – Tejen böleginiň 2021-nji ýylyň oktýabrda ulanylmaga berlendigini habar berdi. Ýöne deslapky meýilnamada ýoluň bu bölegini 2020-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak planlaşdyrylypdy. Munuň bilen ýoluň birinji tapgyry meýilnamadan 10 aý giç tamamlandy.
Plana görä, ýoluň Tejen – Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabrynda, Mary – Türkmenabat bölegi hem 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmalydy.
“Ýoluň soňky iki böleginiň gurluşygy has uzaga çekýär. Hünärmenler indi magistralyň doly 2024-nji ýylda tamamlanjakdygyny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşme 10-njy martda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Lebapda awtobanyň gurluşygynda işgärler ‘goşmaça tölegsiz 12 sagat işledilýär’Ýoluň gijikdirilmeginiň mümkin sebäpleri barada onuň gurluşygyny alyp barýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden kommentariýa almak başartmady.
Şol bir wagtda, magistralyň eýýäm tabşyrylan böleklerinde süýşýän çägelere garşy çäreleriň görülmändigi bellenilýär.
“Sähel ýel tursa, köçede dessine çäge üýşmekleri emele gelýär. Ulaglar olardan sowulyp geçmeli bolýarlar” diýip, ýerli sürüjileriň biri gürrüň berdi. Ol bu ýagdaýlarda, Azatlygyň hem habar berişi ýaly,ýol hadysalarynyň hem ýüze çykýandygyny sözüne goşdy.
Türkmen metbugaty iri ýoluň gurluşygynyň öňüsyrasynda onuň ugrunda geologik we topografik barlaglaryň geçirilendigini habar berdi. Galyberse-de, ýoluň tehniki aýratynlyklary we onuň ugrunda ýerleşýän inženerçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň umumy çyzgysy ýerli hünärmenler tarapyndan işlenilip düzülipdir.
Deslapky meýilnamada täze ýoluň ugrundaky çägeleriň süýşmesine garşy göz öňünde tutulan çäreler köpçülige mälim edilmeýär.
Çägeli meýdan Türkmenistanyň ep-esli bölegini emele getirýär. Çöl ýurduň territoriýasynyň 70% -den gowragyny tutýar.
Täze awtoban Türkmenabatdan aňry Çärjew etrabynyň uly awtomobil ýoly bilen sepleşdirilýär. Çärjewden aňry Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farap gümrükhanasyna barýan ýola birikdirilýär. Munuň bilen, täze ýol Türkmenistanyň gündogar serhedini Aşgabat bilen birikdirer.
Degişli maglumat Köne zibil poligony Mary – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyny bökdeýärGepiň gerdişine bellesek, ýoluň gurluşygyny alyp barýan, ozal kän tanalmaýan “Türkmen Awtoban” kärhanasynyň eýesiniň prezidentiň daýzasy Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebowdygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Garaşsyz turkmen.news neşiri Rejebowyň hem ýurt içinde, hem-de daşynda hasaba alnan ençeme firmany özüne birikdirýän biznes toplumyna ýolbaşçylyk edýändigi barada habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.