Türkmenistanda aýal-gyzlara prezidentden sowgat gowşuryldy

Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmen aýal-gyzlaryna Halkara aýallar güni mynasybetli prezident sowgady iş ýerlerinde we bilim edaralarynda berildi. Köpüsi sowgady gol çekip aldy, käbir ýerlerde telewideniýede görkezmek üçin dabaralar hem guraldy.

Lebap welaýatynda pul sowgadynyň gowşurylyşy 2-nji martda başlandy. Puly bermek boýunça çäre döwlet sektoryndaky ähli edaralarda we kärhanalarda, şeýle hem bilim edaralarynda we çagalar baglarynda geçirildi. Býujetçi zenanlara, okuwçylara we bakja gatnaýan körpelere 60 manat berildi.

Ulular we okuwçylar puly özleri gol çekip aldylar, çagalar üçin puly olaryň ene-atalary çagalar bagyna zerur resminamalary berip aldylar.

Bu aralykda, prezidentiň sowgadyny bermek boýunça dabaralar hem geçirildi. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Bilim ministrliginiň bölüminde döwlet telewideniýesi üçin surata düşürmek dabarasy guraldy.

Degişli maglumat Türkmen zenanlary prezidentiň 8-nji mart sowgadyna 3,5 kilogram sogan satyn alyp bilýär

Azatlygyň habarçysy bu dabara 100-e golaý mugallymyň we terbiýeçiniň gatnaşandygyny habar berdi. Gatnaşanlaryň daşky görnüşine guramaçylar tarapyndan aýratyn üns berlipdir.

"Dabara zalyna girenleriň keşbine garaldy. Aýallaryň başatgyçlaryna aýratyn üns berildi. Aýallardan kellelerinden öýmelerini çykarmagy talap etdiler. Aýallara başyndaky aýlap dakynan ýaglygyny we onyň içindäki tomalak kagyzdan ýasama tümmegi aýyrmak tabşyryldy. Çärä gelen köp mugallym şol kellesindäki ýaglygyň içindäki tomalagy bütinleýin aýryp, ýaglygy gaýtadandan dakynmaly boldular" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Dabarany guraýjylar, gatnaşyjylaryň oturdylmagyna we hereketlerine üns berdiler.

Habarçynyň bellemegine görä, ýaş we has gelşikli aýallar öň hatarlarda oturdylypdyr. Guramaçylaryň görkezmelerine görä, dabara gatnaşanlar buýruk boýunça ellerini ýüzlerine ýakynlaşdyryp, aýdylan wagty el çarpmaly boldular.

Telewideniýede görkezmek üçin dabaralar beýleki welaýatlarda hem geçirildi. Sebitleriň birinde, telewideniýe üçin öňünden wideo düşürilende, gurnalan çärä gatnaşan aýal-gyzlar sowgady maňlaýlaryna degrip, minnetdarlyk bildirmeli boldy. Şol bir wagtyň özünde olara sowgat hökmünde paýlanan bukjalar boşdy. Olarda pul ýokdy.

"Telewizorda görkezmek üçin bezelmelidi. Aýalar sowgady alansoň, ony maňlaýlaryna degirmelidi. Bularyň hemmesiniň manysyzdygyna düşünse-de, gatnaşmaga mejbur edilen gatnaşyjylar talaplary ýerine ýetirmeli boldy" - diýip, çäreleriň biriniň gatnaşyjysy anonim gürrüň berdi.

Türkmen prezidentiň adyndan aýa-gyzlara pul sowgadyny gowşurmak boýunça dabaranyň 1-nji martdan 6-njy mart aralygynda boljakdygy resmi metbugatda habar berlipdi.

Degişli maglumat Prezident aýal-gyzlaryň belli bir bölegine $3 sowgat bermegi buýurdy

Resmi kurs boýunça 17 amerikan dollaryna we gara bazar nyrhyndan 3 dollara barabar 60 manat möçberli bu sowgat diňe işleýän aýallara, okuwcylara we pensionerlere berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sowgadyň mukdarynyň ujypsyzdygyny, ýöne pes girdejili maşgalalaryň hatda bu pula hem mätäçdigini bellediler. Käbir maşgalalar, pul sowgadyna bil baglap, ýerli dükanlardan öňünden azyk karz alýarlar. 60 manada häzir 2-3 kilogram arzan köke ýa-da süýji satyn alyp bolýar.

Işlemeýän aýallar hasam pula mätäç, ýöne öý-hojalykçy aýallara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara we hususy kärhanalarda işleýän aýallara pul sowgady berilmeýär.

Degişli maglumat Köp çagaly enelerden döwlet sylaglaryny satmajakdyklary barada dilhaty alynýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.