Döwlet mediasy we hökümetçi elektron neşirler Aşgabatda 530 sany täze, “Toyota Corolla” kysymly taksi awtoulaglaryň ilata hyzmat edip başlandygyny habar berýär. Ýarym-resmi metbugat serişdelerine görä, ýaňy-ýakynda ýurduň welaýatlaryna-da döwrebap taksiler paýlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu habarlaryň jikme-jikligini öwrendi.
Paýtagtda ozal hereket edýän köne taksiler sebit merkezlerine bölünip berildi. Ýöne döwlet metbugaty bu maglumaty agzamaýar.
Ýerli habarçylarymyzyň seljeren maglumatlaryna görä, 300-den gowrak “Hyundai Elantra” kysymly köne taksi awtoulaglary sebitlere paýlanyp berildi. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ýerli kärhanalaryna gelip gowşan köne taksiler tehniki taýdan “gurat däl” hasaplanýar.
Degişli maglumat Aşgabatdan Lebaba iberilýän köne awtobuslar hem sürüjileri, hem-de ýolagçylary ‘köseýär’Lebap welaýatyndaky habarçymyz 26-njy fewralda Türkmenabat şäherine Aşgabatdan 100-e golaý köne taksi ulagynyň getirilendigini habar berýär. Ulaglary sürüjileriň özleri, öz çykdajylarynyň hasabyna sürüp getiripdirler. Getirilen ulaglardan 10 sanysy ýolda bozulypdyr, bozulan ulaglar süýredilip getirilipdir.
Ýerli sürüjilere görä, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki 15-nji awtoparky taksi sürüjilerinden getirilen köne ulaglaryň käbir şaýlaryny öz harajatlarynyň hasabyna täzelemegi talap edýär.
“Sürüjiler öz hasabyna dört tekeri, akkumulýatory we çalgy ýagyny çalyşmaly. Tekerleriň her biri 600 manat – 2400 manat, çalgy ýagy 800 manat, goşmaça filtrler üçin hem çykdajy etmeli” diýip, ýerli sürüjiler aýdýarlar.
Täze gowşan taksiler üçin sürüjiler, umuman, 4 müň manat töweregi çykdajy etmeli bolýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy mundan ozal, 28-nji fewralda Aşgabatdan Lebap welaýatyna gelip gowşan köne ulaglar barada habar beripdi.
Aşgabatdan sebitlere iberilen taksiler 2010-2017-nji ýyllar aralygynda zawodda öndürilen “Toyota Corolla” ýa-da “Hyundai Elantra” kysymly awtoulaglar bolup, 100 töweregi köne ulag Balkan welaýatynyň awtoparklaryna-da bölünip berildi.
Hökümetçi elektron neşirlere görä, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň sebit kärhanalaryna 334 sany döwrebap taksi awtoulagy iberildi. Olaryň 50-si Ahal welaýatyna, 34-si Balkan welaýatyna, 85 sanysy Lebap welaýatynda, 80 sanysy Daşoguz welaýatyna we 85-si Mary welaýatyna bölünip berlipdir.
Degişli maglumat Awazada täze taksiler peýda boldy. Türkmenbaşydaky sürüjiler 'gündelik plany' dolup bilmeýärÝöne sebitlerdäki awtoparklaryň işgärleri we taksi sürüjileri täze getirilen awtoulaglaryň arasynda tehniki taýdan gurat däl ulaglaryň köpdügini aýdýarlar.
Lebap welaýatynda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan sürüjiler Türkmenabat şäherine gelip gowşan taksileriň arasynda akkumulýatory gutaran, ýa-da hereketlendirijisi hatardan çykan awtoulaglaryň köpdügini aýdýarlar.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi 1-nji martda Aşgabadyň awtoparklaryna paýlanyp berlen ak reňkli taksi ulaglaryny görkezdi. Döwlet mediasy bu ulaglary Türkmenistanyň “täze galkynyş eýýamynyň” ösüşleriniň subutnamasy hökmünde suratlandyrdy. Täze ulaglaryň aýnasyna “prezidentiň sowgady” diýlip ýazylypdyr. Şeýle-de, döwlet mediasy bu ulaglaryň “oklaw ýaly tekiz, aýna ýaly arassa” ýollarda halka hyzmat etjekdigini aýdýar. Döwlet TW-sinde efire berlen wideo reportažlarda, türkmen däplerine eýerilip, uly ýaşly aýallar ak reňkli taksileriň öňünde ýüzärlik tütetdi hem-de ulaglaryň öň tarapyna ak reňkli un sepdi.
“Watan” habarlar gepleşigi welaýatlara iberilen taksi awtolulaglaryny agzamady. Ýöne hökümetçi “Turkmenportal” neşiri sebitlere iberilen “döwrebap taksileriň ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýene-de ýokarlandyrjakdygyny” aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.