Mary welaýatynyň häkimiýetleri Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, çöle tarap akyp başlan böleginiň öňi beklenen ýerine berk gözegçilik edýärler. Hünärmenler bu ýerde 24 sagatlap nobatçylyk çekýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ynamdar çeşmeleri derýanyň kenaryny berkitmek işleriniň dowamynda ölüm hadysalarynyň we resmileriň ogurlyk wakalarynyň hem bolandygyny aýdýarlar.
"Derýanyň kenarynda, her 20-30 metr aralykda hünärmenler durup, suwuň akymyny, onuň näçe ölçegde ýokary galandygyny ölçeýärler. Olar bu barada häkimliklere, prokuratura gündelik, her sagatda hasabat berýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy 3-nji martda aýtdy.
Türkmenistanda ýanwar aýynda aralaşan aşa sowuk howa Garagum derýasynda buzluklary emele getiripdi. Howanyň maýlap, buzluklaryň eräp başlamagy bilen, Türkmengala etrabynda ýerleşýän "Zähmet" daýhan birleşigindäki "Üçajy" atly ýerde derýa öz akymyny üýtgedip, bölekleýin çölüň içine akmaga başlapdy.
Degişli maglumat Maryly býujetçiler böwsen derýanyň öňüni almak üçin ‘gije-gündiz işledilýär’Ýöne 13-nji fewralda sebitdäki habarçylarymyz, häkimiýetleriň tas bir aýa golaý dowam eden tagallalaryndan soň, derýanyň akymyny üýtgeden böleginiň öňüniň beklenendigi barada maglumat berdiler.
Bu aralykda, ynamdar çeşmelerimiz bu tagallalaryň dowamynda käbir betbagtçylykly hadysalaryň bolandygyny, ýöne adatça bolşy ýaly munuň halkdan gizlin saklanýandygyny aýdýarlar.
"Derýanyň kenaryny berkitmek işlerine müňlerçe adam iberildi. Şolaryň hatarynda, hatda ilkinji bolup gidenleriň arasynda çagyryş boýunça harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän esgerler hem bardy. Şol ýerde iki esger gark bolup öldi. Olary güýçli suw akymy alyp gitdi, hatda jesetlerini hem tapyp bolmady. Resmiler esgerleriň başga sebäpler bilen ölendigi barada galp maglumat berdiler" diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, başga-da birnäçe ölüm hadysasynyň bolandygy barada maglumat bar, ýöne bu barada anyk san aýdylmaýar. Hatda bu hadysalar barada adamlar özaralarynda hem aç-açan gürrüň etmeýärler.
"Bir polisiýa işgäri hem, derýanyň kenarynda birnäçe gije nobatçylyk çekenden soň, öýüne gaýdyp barýan mahaly, ýol hadysasyna uçraýar we şol ýerde heläk bolýar. Şol günlerde ähli awtobanlarda uly ýük ulaglary gijelerine hereket edýärdi. Sebäbi olara diňe gije hereket etmäge rugsat berlipdi. Şeýle-de, derýanyň golaýyndaky çopanlaryň arasynda, sürüleri bilen ýiten çopanlar hem bar" diýip, çeşmämiz belledi.
Maglumat üçin aýtsak, 7-nji fewralda garaşsyz neşir "Turkmen.news" derýanyň kenaryny berkitmek işleriniň dowamynda bir sany buldozeriň derýanyň içine gaçyp, suwuň akymyna akyp gidýändigini we soňra-da gark bolýandygyny görkezýän wideony çap etdi.
"Çeşmeler buldozeri sürüp barýan maşinistiň ýüzüp, halas bolandygyny aýtdylar. Ýöne wideoda gark bolan buldozeriň gapdalyndan bir adamyň ýüzüp çykýandygy görünmeýär. Çeşmeler munuň Garagum derýasynda ýa-da Amyderýada düşürilendigini anyklamadylar" diýip, neşir iki derýanyň hem akymyny üýtgedendigini ýatladýar.
Degişli maglumat Maryda polisiýa ilata jerime ýazyp, ‘gaznany doldurmaga’ synanyşýarMarydaky habarçymyz derýanyň kenaryny berkitmek işleriniň dowamynda resmileriň ogurlyk wakalarynyň hem bolandygyny we olaryň bu bikanun işleri amal etmekde oba ýaşaýjylarynyň öýlerinden, howlularyndan peýdalanandygyny aýdýar.
"Suwuň öňüni böwetlemek üçin niýetlenen turbalaryň ol ýerden nädip we nähili alnyp gaýdylandygy belli däl. Ýa-da resmiler turba daşaýan ýük ulaglaryň sürüjileri bilen dilleşdimi? Bu hem anyk belli däl. Ýöne olar turbalary "Zähmet" daýhan birleşigindäki hojalyklara getirip, olardan gizläp bermegi soradylar. Resmiler bulary gizläp berendikleri üçin her bir hojalyga gündelik 10-20 manat tölediler. Derýanyň akymyny üýtgeden böleginiň öňi böwetlenensoň, olar bu turbalary ýene gizlin alyp gidip, üçünji taraplara satdylar" diýip, ýagdaýdan habarly oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen maglumatlar barada welaýat häkimliginden, Polisiýa müdirliginden we prokuraturasyndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji martda telefon arkaly eden synanyşyklary netije tapmady.
Ýatlatsak, 13-nji fewralda sebitdäki habarçylarymyz häkimiýetleriň bu işlere gatnaşan döwlet kärhanalaryny we olaryň bu işleri amal eden agyr tehnikalaryny, şeýle-de olar üçin sarp edilen ýangyjyň möçberini derňäp başlandygy barada maglumat beripdiler.
27-nji fewralda bolsa, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri häkimiýetleriň ilata jerime salmagy güýçlendirip, Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňüni beklemek işleri üçin sarp edilen maliýe serişdesiniň öwezini dolmaga çalyşýandygyny aýdypdylar.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ne derýanyň kenaryny berkitmek işleriniň jikme-jiklikleri, ne-de onuň berkidilendigi barada maglumat berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.