Maryda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy. Ene-atalar resmileriň tabşyryklaryna garamazdan, sanjymdan öň çagalaryň saglyk ýagdaýynyň barlanmaýandygyny aýdyp, bu çärä alada bildirýärler.

"2005-2011-nji yyllar aralygynda doglan mekdep okuwçylaryna sanjym edilmelidigi baradaky gürrüňler geçen hepde gozgalyp başlandy. Şu hepdäniň başynda bolsa, çagalara 'Biowak' (Biovak) sanjymy urlup başlandy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 2-nji martda aýtdy.

Geçen hepde şäher we etrap saglyk öýlerine mekdep okuwçylaryna sanjym urmak barada buýruk gelip gowuşdy. Şondan soňra munuň bilen baglylykda saglyk öýleriniň işgärlerine ýörite okuw sapaklary geçirildi.

Mundan başga-da, geçen hepdäniň dowamynda mekdeplerde ene-atalar ýygnaklary geçirildi. Şonda mugallymlar ene-atalara çagalaryň koronawirusa garşy sanjymy hökman kabul etmelidigini duýdurdylar.

Degişli maglumat Lebapda daşary ýurda gitmek üçin kowid kepilnamalaryny almak isleýänler köpelýär

"Olar Türkmenistanyň ähli mekdep okuwçylaryna "Biowak" sanjymynyň urulýandygyny hem aýtdylar" diýip, maryly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin COVID-19 waksinasyny hökmany diýip yglan etdi. Şondan bäri ýurt raýatlary koronawirusa garşy sanjymyň dört dozasyny kabul etdiler.

Ýöne bu sanjymyň 11 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylary üçin-de hökmany edilendigi barada häzirlikçe ne türkmen häkimiýetleri, ne-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri, ne-de türkmen hökümetine tarapdar neşirler haýsydyr bir maglumat berýär.

Ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň koronawirusa garşy sanjymy kabul edip başlandygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda, şeýle-de onuň "COVID-19 barada soňky maglumat" bölüminde hem hiç zat aýdylmaýar.

Azatlygyň bu barada welaýatyň saglyk bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary-da başa barmady.

Bu aralykda, habarçymyz ene-atalaryň arasynda bu çärä alada bildirip, çagalaryna koronawirus sanjymyny urdurmak islemeýänleriň bardygyny hem aýdýar.

Ene-atalar munuň sebäpleriniň sanjymlara bolan ynamsyzlykdan we saglyk resmileriniň tabşyryklarynyň doly berjaý edilmezliginden ugur alýandygyny belleýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanda häkimiýetler ilaty koronawirusa garşy nobatdaky sanjymy kabul etmäge çagyrýar

"Saglyk öýleriniň işgärleri bilen geçirilen ýygnaklarda olardan ilki bilen okuwçylaryň saglyk ýagdaýyny we nähili keselçilikleri başdan geçirendiklerini öwrenmek, bu baradaky resminamalary ýygnamak talap edildi. Ýöne şu güne çenli saglyk öýüniň lukmanlarynyň ýekeje kwartira barandygyny ýa ýaşaýjylara jaň edendigini eşitmedik. Çagalaryň saglyk ýagdaýy hiç hili öwrenilmeýär" diýip, maryly ene aýtdy.

Ylmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykan COVID-19 ýokanjy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Bütindünýä saglyk guramasynyň sanlaryna görä, 2-nji martda çenli dünýäde 760 milliona golaý koronawirus hadysasy hasaba alyndy.

Guramanyň maglumatyna görä, hiç bir kategoriýa boýunça maglumat elýeterliligi bolmadyk Demirgazyk Koreýadan başga, Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň onlarçasy pandemiýanyň başyndan bäri bu wirusa müňlerçe adamyň ýolugandygyny, başga-da şonçasynyň bu keselçilikden wepat bolandygyny habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.