Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda häkimiýetler ilaty koronawirusa garşy nobatdaky sanjymy kabul etmäge çagyrýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Mary we Balkan welaýatlarynda häkimiýetleriň býujet işgärlerinden koronawirusa garşy dördünji sanjymy kabul etmegi talap edýändiklerini habar berýärler. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri öz habarçylaryna salgylanyp, şuňa meňzeş çärelere paýtagt Aşgabatda hem badalga berlendigini habar berýär.

Habarçymyz Balkan welaýatynda býujet işgärlerine uçdantutma sanjym edilip başlanandygyny we maşgala lukmanlarynyň sanjym işlerine çekilýändiklerini habar berýär.

“Türkmenbaşy şäherinde zähmet rugsadyna çykan maşgala lukmanlary hem, mejbury sanjym işlerini geçirmek üçin işe çagyrylýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýarlar.

Habarçymyza görä, dowam edýän nobatdaky sanjym işleriniň çäginde, tomusky dynç alyşdaky magaryf işgärlerinden we talyplardan hem, ilkinjileriň hatarynda, sanjym kabul etmek talap edilýär. Býujet işgärlerinden daşary bazar söwdagärleri hem sanjym kabul etmeli bolýarlar.

“Boýun gaçyran telekçilere we satyjylara söwda peteginden mahrum etmek haýbaty atylýar” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti 1-nji iýundan başlap maska režimini gowşatdy we halkara howa gatnawlaryny bölekleýin dikeldip başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli lukmanlar ilat arasynda koronawirus keseliniň täzeden köpelýändigini we munuň daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň bölekleýin açylmagy bilen ilteşdirilýändigini aýdýarlar.

Mary welaýatyndaky habarçymyz ilat arasynda dördünji waksinany kabul etmekden ýüz öwürýänleriň bardygyny we munuň sebäbiniň sanjymlara bolan ynamsyzlykdan ugur alýandygyny habar berýär.

Ylmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.

“Welaýatyň saglyk öýleriniň lukmanlary özlerine degişli bolan uçastoklara aýlanyp, ‘mejbury ýagdaýda waksina almaly bolarsyňyz’ diýip, raýatlary gorkuzjak bolýarlar” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şeýle-de, habarçymyz býujet işgärleriniň aglabasynyň diňe sanjym kepilnamasyny almak üçin sanjym kabul etmäge mejbur bolýandyklaryny habar berýär.

Ýerli lukmanlar saglyk ministrligi tarapyndan özlerine iberilen sanjymlaryň ählisini ilata kabul etdirmegiň berk talap edilýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, lukmanlardan ilata waksinanyň peýdalaryny düşündirmek talap edilýär.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin waksinany hökmany diýip yglan etdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” öz habarçylaryna salgylanyp, paýtagt Aşgabatda hem ýaşaýjylaryň nobatdaky sanjymy, köpler üçin dördünji sanjymy kabul etmäge çagyrylýandyklaryny habar berýär. Meselem, neşire görä, şeýle çagyryş Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş toplumynyň 6-njy saglyk öýünde ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly öňüni alyş talaplary iýulyň birinji hepdesinde gaýtadan güýçlendi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary 8-nji iýulda Aşgabadyň hassahanalarynda maska dakmagyň güýçlendirilen görnüşde talap edilip başlanandygyny habar berdi.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýunynda maska režimine geçdi. Ýöne aradan iki ýyl geçenden soň, agyz-burun örtükleri şu ýylyň iýunyndan başlap, diňe köpçülikleýin transport serişdelerinde we ýapyk binalarda dakylmaly edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji iýulda Aşgabatda hereket edýän awtobuslarda maska režimine gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berdiler. Polisiýa işgärleri awtobuslarda ýolagçylardan maska dakynmagy talap edip başlady.

Şondan bir gün ozal, 14-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň bir lomaý-söwda bazarynda maskasyz adamlaryň bazara goýberilmeýändigini habar berdiler.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligindäki bir resminiň sözlerine salgylanyp, Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly käbir çäklendirmeleriň gaýtadan ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, eger Ministrler Kabineti tassyklasa, 1-nji awgust – 20-nji awgust aralygynda käbir pandemiýa çäklendirmeleriniň gaýtadan girizilmegi mümkin. “Ýa-da haýsy sebitde COVID-19 köp bolsa, şol welaýata çäklendirme giriziler” diýip, saglyk resmisi aýdýar.

Bu aralykda, Türkmenistan “COVID-19-a garşy göreş taslamasyny” ara alyp maslahatlaşýar.

Hökümetçi Turkmenportal.com neşiriniň habaryna görä, 7-nji iýulda “Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň mejlisler zalynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ýokanç keselleri hassahanasynda Bütindünýä bankynyň karzynyň hasabyna maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek» taslamasy” ara alnyp maslahatlaşyldy.

2019-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykan COVID-19 ýokanjy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Bütindünýä saglyk guramasynyň sanlaryna görä, 20-nji iýula çenli dünýäde ýarym millarddan gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG