Aşgabatdan Lebaba iberilýän köne awtobuslar hem sürüjileri, hem-de ýolagçylary ‘köseýär’

Ilatyň uly bölegi döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik ulag serişdelerine bil baglaýar.

Lebabyň merkezi şäheriniň jemgyýetçilik transportynyň aglaba bölegini Aşgabatda ençeme ýyl ulanylan, könelip sandan çykan ulaglar düzýär.

Türkmenabatly sürüjiler gündelik tabşyrmaly pul planynyň üstüne, 'dowamly bozulýan' ulaglaryň ätiýaç şaýlaryny hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Türkmenabadyň 15-nji awtoparkynyň sürüjileriniň biri Azatlyk bilen habarlaşyp, özleriniň ýüzbe-ýüz meseleleri barada gürrüň berdi.

“Bu ýerde birinji kynçylyk – ulaglaryň köneligi bilen bagly. Sebite täze awtobuslar ýa-da taksiler juda çäkli mukdarda goýberilýär. Geçen hepde Aşgabatda ençeme ýyl ulanylan ‘Hyundai’ kysymly taksileriň 100-e golaýy berildi. Türkmenabatly sürüjiler öz hasaplaryna paýtagta gidip, ähli harajatlary özleri çekip, bu ulaglary sebite sürüp geldiler” diýip, 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz belledi.

Onuň sözlerine görä, bu ýeňil ulaglaryň 50-si sary reňde bolup, olar 2014-njy ýylda öndürilipdir; ak reňkli galan 50 ulag hem 2017-nji ýylda zawoddan çykypdyr.

“Ýoluň dowamynda bu taksileriň 10-dan hem köpüsi durup galdy. Olaryň dwigateli, ýagny hereketlendirijisi işlemegini bes etdi. Netijede olary beýleki ulaglara tirkäp getirdiler” diýip, 20 ýyldan hem aşa wagt bäri sürüjilik bilen meşgullanýan söhbetdeşimiz aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenabadyň aeroportunyň işgärlerini gatnadýan ýeke-täk awtobus ‘durdy’

Şol bir wagtda, welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda gatnaýan ýolagçy awtobuslarynyň ýagdaýynyň hasam ‘gözgynydygy’ nygtalýar. Şäheriň awtobuslarynyň esasy özenini mundan onlarça ýyl ozal paýtagtda hereket eden, Eýranda öndürilen “Mercedess” kysymly awtobuslar düzýär.

Sürüjiler ‘dowamly sandan çykýan’ bu awtobuslaryň gerekli ätiýaç şaýlaryny öz hasaplaryna satyn almaly bolýandyklaryny belläp, şol bir wagtda gündelik pul plan borçnamasyny hem dolmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Işe çykan her günümizde awtoparkyň kassasyna 280 manat möçberinde pul planyny beräýmeli. Muny amal edip bilmediklere düşündiriş ýazdyrylýar. Üçünji gezekden soň sürüji işden çykarylýar. Eger-de birden ýolda awtobus işlemegini bes edip, durup galaýsa, onda ony awtoparka eltmek hem sürüjiniň boýnuna ýüklenýär. Birnäçe sagatda awtobus gelmese, onda sürüjä şol günüň plany doly töletdirilýär ýa-da ýene düşündiriş ýazdyrylýar” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Onuň maglumatyna görä, ýolagçylary gatnatmak üçin häzir Türkmenabat şäheri boýunça 50 we etrap ugurlary boýunça hem 20 awtobus hereket edýär.

Ýiti ykdysady krizisiň arasynda taksileriň nyrhy hemmeler üçin elýeterli bolmansoň, 200 müňden hem aşa ilatly Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň uly bir bölegi döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik ulag serişdelerine bil baglaýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar jemgyýetçilik transportynyň ýola goýulyşyndan, hilinden hem nägile bolýarlar.

Degişli maglumat Türkmenabatlylar "köne, hapa..." awtobuslardan ýadandyklaryny aýdýarlar

“Olaryň içi gaty kir. Oturgyçlary çaň basyp gidipdir, aýagyň aşagy hem durşuna gum. Awtobusyň içindäki dizeliň aňkap duran ysy geýimiňe hem siňýär” diýip, türkmenabatlylaryň biri Azatlyga gürrüň beripdi.

Awtobus gatnawy bilen bagly ýene bir problema hem olaryň wagtly-wagtynda gatnamazlygydyr.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy sebitlerdäki könelişen, sandan çykan jemgyýetçilik transporty, olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada maglumat bermeýärler. Muňa derek, döwletiň esasan Aşgabat üçin satyn alýan awtobuslary, taksileri barada öwgüli habarlar çap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.