ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewralda, sebitiň daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa – ABŞ” (C5 + 1) duşuşygynyň çäklerinde, Gazagystanyň paýtagty Astana geldi.
Ol bu ýerde Merkezi Aziýanyň bäş respublikasynyň - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyp, ABŞ-nyň bu ýurtlaryň özbaşdaklygyna, toprak bitewiligine bildirýän berk goldawyny ýene bir gezek tassyk eder.
Blinken ýola çykmazyndan ozal twitterde "Men öz Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygymyzy ilerletmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip ýazdy.
"Siziň bilşiňiz ýaly, ABŞ Gazagystanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, territorial bitewiligini berk goldaýar" diýip, Blinken ikinji gün gazak kärdeşi Muhtar Tileuberdi bilen duşuşanda aýtdy.
"Käwagt biz bu sözleri diňe aýdýarys we olaryň kän bir ähmiýeti ýok. Elbetde, edil häzirki aýratyn alnan döwürde olaryň adatdakysyndan has kän ähmiýeti bar" diýip, Blinken Russiýanyň bir ýyl ozal Ukraina garşy başlan urşuny nazara alyp aýtdy.
Blinken Birleşen Ştatlaryň, Sowet Soýuzy dargan badyna, garaşsyz bolan wagtyndan bäri, Moskwanyň täsiriniň agdyklyk etmegine garamazdan, Waşington bilen hyzmatdaşlyga başlan Gazagystan bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmek isleýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty biraz soň prezident Kassym-Žomart Tokaýew bilen gepleşik geçireninden soň, Özbegistana uçar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken Astanada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.
Bilinken Meredow bilen soňky gezek Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçýän wagtynda duşuşandygyny belläp, “Biz Türkmenistan bilen 30 ýyldan gowrak wagtda gurlan hyzmatdaşlyga buýsanýarys” diýdi.
“Biz onuň [Türkmenistanyň] özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna, territorial bitewiligine ygrarlydyrys. Biz diňe sebitdäki käbir kynçylyklar babatynda däl, eýsem howanyň üýtgemegi ýaly global kynçylyklara garşy bilelikde durup, has köp tagalla etmäge, şeýle-de adamlar üçin has berdaşly ykdysady abadançylygy we mümkinçilikleri döretmäge, sebit howpsuzlygy we, elbetde, çuňňur kök uran demokratik gymmatlyklar üçin işleşmäge umyt baglaýarys” diýip, Blinken aýtdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Merdow öz gezeginde amerikan kärdeşine bu günki duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdi we özara hyzmatdaşlygy hem-de sebit, halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçiligiň hakykatdan hem örän möhüm bolandygyny belledi.
Şeýle-de Meredow, munuň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gepleşmek üçin uly mümkinçilik boljakdygyny, eger-de iki ýurduň arasyndaky arasyndaky örän gowy we netijeli geňeşmeler mehanizmi arkaly mümkin boldugyça çalt duşuşyk guralsa gowy boljakdygyny aýdypdyr.
“Sebäbi bize hakykatdan hem möhüm meseleler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da sebit meseleleri hakynda gepleşmek gerek” diýip, türkmen ministri amerikan kärdeşine aýdypdyr.
Blinken Özbegistana eden saparyndan soň G20-ler toparynyň Hindistanda geçiriljek ýygnagyna gatnaşmaly.
Şu aralykda, “Türkmenportalyň” maglumatyna görä, Astanada, sebitiň daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa – ABŞ” (C5 + 1) duşuşygynyň çäklerinde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.
Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyn görä, duşuşygyň dowamynda türkmen-gyrgyz syýasy, söwda, ykdysady, energetika, ulag, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn çäreleriň ýokary gurmaçylyk derejesini üpjün etmek bellenildi diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de neşir Raşid Meredowyň Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşik geçirendigini habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty, şol sanda Daşary işler ministrliginiň web sahypasy Meredowyň sapary barada häzire çenli hiç bir maglumat bermedi.
Degişli maglumat Döwlet sekretary Blinken Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar eder