Döwlet sekretary Antoni J. Blinken 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 3-nji martyna çenli aralykda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana syýahat eder. Ol 28-nji fewralda Gazagystanyň Astana şäherine baryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak üçin, ýokary derejeli gazak resmileri bilen duşuşar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Bilinken soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäş döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine, şeýle-de bu sebit bilen umumylykdaky global synaglara çözgütleri tapmakda hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny gaýtadan tassyklamak üçin daşary işler ministrleriniň C5 + 1 duşuşygyna gatnaşar.
C5 + 1 formatyndaky ministrler duşuşygy ABŞ, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy arasynda ykdysady, energiýa, daşky gurşaw we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ünsi jemlär.
Döwlet sekretary Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli hökümet işgärleri bilen C5 + 1 duşuşygynyň çäginde aýratynlykda, ikiçäk duşuşar we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, gülläp ösýän, howpsuz we demokratik sebitdäki umumy maksady ilerletmegi ara alyp maslahatlaşar.
Blinken soňra Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar edip, ikitaraplaýyn we sebitara meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak üçin, özbek resmileri bilen duşuşar.
Döwlet sekretary 1-nji martda G20 ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň köptaraplylygy pugtalandyrmak, azyk we energiýa howpsuzlygy, durnukly ösüş, neşe serişdelerine garşy göreş, global saglyk, ynsanperwerlik kömegi we betbagtçylyk ýagdaýynda kömek etmek, gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça geçirýän ýygnagyna gatnaşmak üçin, Nýu-Delä sapar eder.
Kuwwatly hyzmatdaşlygy gaýtadan tassyklamak üçin, ol bu ýurtda hindi hökümet işgärleri we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşar.
Forum