Nebit önümleriniň eksportyny artdyrýan Türkmenistanyň sebitlerinde ýene benzin gytçylygy emele geldi

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde, şeýle-de Bereket etrabynda ýene-de awtobenziniň gytçylygy emele geldi. Bu aralykda, Türkmenistan daşary ýurt döwletlerine nebit we nebit önümleriniň eksportyny artdyrýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde dizel ýangyjynyň iki ýarym aýdan gowrak wagt bäri tapdyrmaýandygyny, A-95 we A-80 görnüşli benziniň ýetmezçilik edýändigini habar berýär.

“Ýangyç beketlerinde A-92 markaly awtobenzin irden sagat 8:00-9:00 aralygynda we öýlän sagat 17:00-19:00 aralygynda çäkli görnüşde satylýar. Her bir ulag üçin 20 litr benzin satyn almaga rugsat berilýär” diýip, Türkmenbaşy şäherindäki sürüjiler aýdýarlar.

Ýangyç ýetmezçiligi wagtal-wagtal beketleriň işgärleri bilen ulag sürüjileriniň arasynda dürli dawalaryň ýüze çykmagyna alyp gelýär.

Degişli maglumat Maryda A-95 we A-92 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär

Ýerli sürüjilere görä, 26-njy fewralda Türkmenbaşynyň 11 we 61 belgili ýangyç beketlerinde işgärler bilen birnäçe sagatlap benzin nobatyna garaşan sürüjileriň arasynda ýakalaşma boldy.

Ýangyç gytçylygyndan ejir çekýän türkmenbaşyly sürüjiler nebiti gaýtadan işleýän iri zawodyň ýerleşýän şäherinde benzin gytçylygynyň emele gelmegi bilen bagly gahar-gazap beýan edýärler.

Türkmenistanyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň biri Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýär. Ýöne zawodyň eteginde ýerleşýän ýangyç guýujy stansiýalar ýiti ýangyç gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmenbaşynyň 11 we 61 belgili ýangyç guýujy beketlerinde ýüze çykan ýakalaşmalardan soň, beketleriň işgärleri sürüjilere Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň golaýynda ýerleşýän 38 belgili ýangyç guýujy bekedine baryp görmegi maslahat berýärler we şol ýerde awtobenziniň bardygyny aýdýarlar.

“Ýöne 38 belgili ýangyç bekedinde hem benzin tapdyrmady” diýip, sürüjiler aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümet resmileri ýurduň dürli sebitlerinde emele gelýän ýangyç gytçylygy barada beýanat bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde emele gelen ýangyç gytçylygynyň mümkin bolan sebäpleri barada Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bir ýokary derejeli hünärmeni bilen gürrüňdeş bolmagy başardy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli energetika hünärmeniniň adyny we familiýasyny aýan etmekden saklanýar.

Hünärmen sebitde emele gelen ýangyç gytçylygyny “soňky aýlarda awtobenziniň we dizel ýangyjynyň has köp mukdarda Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasyna iberilmegi bilen” düşündirdi.

Degişli maglumat Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary resmi taýdan tassykladyp bilmedi, ýöne energetika hünärmeniniň sözlerine görä, soňky aýlarda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen köp mukdarda awobenzin we dizel ýangyjy Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň Mahaçkala portuna iberildi.

Zawodyň ýokary derejeli hünärmeni Türkmenistandan Russiýa iberilen benziniň we dizel ýangyjynyň tölegleriniň heniz “[Türkmennebit döwlet] konserniniň hasabyna geçirilmändigini” gürrüň berdi.

Bu aralykda, azeri neşirleri 21-nji fewralda ýurduň Döwlet statistika komitetiniň hasabatlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň Türkmenistandan import edýän nebit önümleriniň möçberleriniň artdyrylandygyny habar berdi.

Biraz öň, “Biznes Türkmenistan” hökümetçi türkmen neşiri 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Azerbaýjana 8,2 müň tonnadan gowrak “Premium Euro-95” görnüşli awtoulag benzinini eksport edendigini habar berdi.

Şu ýylyň ýanwarynda “SalamNews” hökümetçi türkmen neşiri 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerine nebit eksportynyň 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,2 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.

Bir ýyl ozal Russiýanyň Ukraina garşy girişen esassyz agressiýasynyň yz ýany, Moskwa garşy girizilen ykdysady sanksiýalar, şol sanda rus ýangyjynyň import edilmeginiň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan çäklendirilmäge synanyşylmagy sebitde nebit we nebit önümlerini eksport edýän ýurtlaryň mümkinçiliklerini giňeltdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň hasabatlaryna görä, Azerbaýjanyň ýanwar aýynda daşary ýurt döwletlerine eksport eden nebit we nebit önümleriniň 67 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iberildi.

Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti ýurduň ýangyç pudagyndaky import-eksport sanlaryny jemgyýetçilige äşgär etmeýär.

Bu aralykda, ýangyja baý Türkmenistanyň günbatar sebitiniň ýaşaýjylary ýangyç beketlerinde emele gelen gytçylykdan şikaýat edýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýiti benzin gytçylygy döredi

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy fewralda Balkanabat şäherinde ýerleşýän 9, 10 we 11 belgili ýangyç guýujy beketlerinde uly nobatlaryň saklanyp galýandygyny habar berdi.

Türkmenistanda awtoulag ýangyjynyň gytalýandygy baradaky habarlaryň fonunda, prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji fewralda “nebit önümleriniň saklanylyşyna we rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiliginiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen” diýlen kesgitleme bilen täze bir karara gol çekdi.

Bu karara laýyklykda, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugy “Türkmennebit” döwlet konserniniň göni garamagyna geçirildi. Şeýle-de, bu agentligiň ady “ Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugy” hökmünde üýtgedildi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde hususan-da geçen ýylyň tomus aýlaryndan bäri ýygy-ýygydan awtobenziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy emele gelýär.

Degişli maglumat Dizel gytçylygy bugdaý ekişini bökdeýär. Balkanda ýene ýangyç ýetmezçiligi emele geldi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.