Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýiti benzin gytçylygy döredi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Oktýabryň başky günlerinden bäri ýangyja baý Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şol sanda welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde benziniň ýiti gytçylygy döredi. Azatlygyň Marydaky habarçysy soňky birnäçe günden bäri şäheriň ýangyç stansiýalarynda, benzin guýdurmak umydy bilen, şol sanda goňşy şäherdir etraplardan gelen, ýüzlerçe ulaglyk nobatlaryň emele gelendigini aýdýar. Lebap welaýatyndaky çeşmelerimiz hem sebitiň ýangyç beketlerinden A-95 we A-92 markaly benziniň doly ýitirim bolandygyny gürrüň berýärler.

“1-nji oktýabrda Lebabyň etraplarynda A-95 markaly benzin tapdyrman başlady, bu ýagdaý soňy bilen Türkmenabatda hem döredi. 3-nji oktýabryň günüň ikinji ýarymynda bolsa, A-92 benzini hem gutardy. Bu günler irdenden agşama çenli ýangyç beketleriniň öňünde nobata duran onlarça ulagy synlasa bolýar” diýip, türkmenabatly sürüjileriň biri 3-nji oktýabr güni giçlik gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz, köp ulag sürüjileriniň beketlerde çäkli mukdarda tapdyrýan A-80 benziniň ulaglaryna zeper ýetirmeginden howatyr edip, ony satyn almaýandyklaryny belledi.

“Köp sürüji has pes hilli ýangyjyň ulaglarynyň dwigateline (hereketlendirijisine – red.) zeper ýetirjekdigini aýdyp, ondan ýüz öwürýär. Şol bir wagtda, sürüjiler duýdansyz başlanan ýangyç gytçylygynyň dowam etmeginden barha köp alada galyp başladylar. Hepde soňy benzin tapdyrman başlanda, köpler onuň öňümizdäki hepdeden gaýtadan peýda boljakdygyna umyt edipdiler. Emma bu amala aşmady, tersine, ýagdaýlar has ýaramazlaşdy” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Bellesek, Maryda emele gelen ýiti benzin gytçylygynyň arasynda, käbir sürüjiler hil taýdan has pes A-80 benzini guýdurandyklaryny, munuň netijesinde hem ulaglarynyň sandan çykandygyny gürrüň beripdiler.

Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi benzin gytçylygynyň yzy bilen Türkmenabadyň köçelerindäki ulaglaryň adatdakysyndan tas ýarpy esse azalandygyny, şeýle-de beýleki etraplardan gelýän taksileriň hem welaýat merkezine gatnamasyny bes edendiklerini aýtdy.

“Ozallar her gün irden Türkmenabada Saýat, Dänew we Farap etraplaryndan dagy taksiler gelýärdi. Benzin tapdyrman başlandan soň, olar hem gatnamasyny bes etdi” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Mundan öň, Azatlyk sentýabryň soňky gününden bäri Mary welaýatynda hem ýiti benzin gytçylygynyň emele gelendigini, ýurduň gündogar welaýatyndan tapawutlylykda, bu sebitde has pes hilli A-80 markaly benziniň hem tapdyrmaýandygy barada habar beripdi.

Ol 4-nji oktýabrda ýurduň günorta welaýatynda benzin gytçylynyň henizem dowam edýändigini, merkezi şäherleriň ýangyç stansiýalarynda ulaglaryň uly nobatlarynyň hem saklanyp galýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda emele gelen ýiti benzin gytçylygy barada dymýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda sebitleriň häkimlikleri Azatlygyň bu ýagdaýlar baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýärler. Azatlygyň söhbetdeşleri ýangyç gytçylygynyň sebäpleri bilen gyzyklanyp ýerli resmilere ýüz tutsalar, olaryň hem munuň anyk sebäpleriniň özlerine mälim däldigini aýdyp, jogap gaýtarýandyklaryny nygtaýarlar.

Türkmenistan ýangyç serişdelerine baý döwlet bolup, British Petroleumyň 2021-nji ýyl boýunça çap eden hasabatyna görä, ýurduň 600 million barrele barabar subut edilen nebit gorlary bar.

Şol bir wagtda, soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli hünärmenleriň biri ýurtda ulag ýangyçlarynyň ýitirim bolmagy bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlara benziniň eksportyny atdyrmagynyň arasynda gönümel aragabalanyşygynyň bolmagynyň mümkindigini belledi. Maryly hünärmen kä halatlarda ýerli bazara niýetlenen benziniň ýag bilen garylýan halatlarynyň hem bolýandygyna şaýat bolandygyny aýtdy. Emma bu maglumaty dünýäniň iň bir ýapyk döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň degişli edaralaryna tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.

Maglumat üçin aýtsak, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan goňşy Özbegistana 11,7 million litr benzin eksport etdi diýip, ýarym-resmi hökümetçi türkmen neşiri özbek metbugatyna salgylanyp habar beripdi. Munuň bilen, Türkmenistan Özbegistana benzin eksport etmekde Russiýadan soň ikinji orunda gelýär.

Türkmenistanda emele gelen ýangyç gytçylygy, Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň arasynda, tutuş dünýäde, hususan-da Ýewropada ýangyç-energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýiti derejede gymmatlan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG