Hökümetçi neşir 1000 adamlyk toý zalyny wagyz edýär

Bagt köşgi

“Ak Ýol” dabaralar zaly ýaz we tomus aýlary üçin ýaş çatynjalaryň arzalaryny kabul edýär diýip, hökümetçi neşir habar berýär.

“Türkmenportalyň” maglumatyna görä, Aşgabatdaky “Bagt köşgünde”, toý dabaralarynyň merkezinde ýerleşýän “Ak Ýoluň” toý zaly 1000 adama çenli kabul edip bilýär.

Şeýle-de, bu zalyň hayzmatyndan peýdalanan ýaş çatynjalara myhmanhanadaky lýuks otagynyň, üsti açyk “Linkoln” awtoulagynyň mugt ulanmaga berilýändigi aýdylýar.

Neşir biraz öň “Galkynyş” toý zalynyň azyndan üç çakylygyny çap edip, onuň birbada 500 myhmana çenli kabul edip bilýändigini habar beripdi.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň dowam etmeginiň arasynda, soňky onýyllyklarda gurlan kaşaň toý mekanlarynyň müşderileriniň azalmagy sebäpli, “Ak Ýoluň” toý dabaralarynyň töleglerini 3 ýyllyk möhletde resmileşdirmek mümkinçiliginiň döredilendigi hem habar berilýär.

Ýöne bildirişlerde toý mekanlaryndaky orunlaryň bahasy, dabaralaryň ýaş çatynjalara näçe serişdä düşýändigi aýdylmaýar.

Uludan tutulýan dabaraly çärelerden görnüşi ýaly, türkmen hökümeti ýurtda uly toýlaryň tutulmagyny wagyz edýär we, bu ýagdaý köplenç goly ýuka maşgalalaryň bergä batmagyna, ýaş çatynjalaryň emeli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna alyp gelýär diýip, synçylar aýdýar.

Degişli maglumat Uly toýlar we 'dört tärime sygmaýan' durmuşyň jogapsyz soraglary