Biz diňe dost bolup bilmerismi? Rus analitiki merkezi goňşularyň Moskwa bolan garaýşyny bahalandyrýar

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kremlde geçirilen ýygnakdan soň, žurnalistleriň öňünde surata düşýärler. 10-njy fewral, 2022 ý.

Russiýanyň şu günler dostluksyz meseleler bilen ilteşigi bar, şol sebäpli Kreml bilen baglanyşykly analitiki merkeziň Moskwanyň goňşularyny hemişelik iň gowy dostlaryndan ant içýän duşmanlara çenli tertipleşdirmegiň bir usulyny oýlap tapmagy geň bolmasa gerek.

Ýöne Aragatnaşyklaryň ösüşi boýunça milli gözleg institutynyň (NIIRK) şu aýyň başynda çap eden we 14 ýurduň arasyndaky Russiýa bilen dostlugyň derejesini görkezýän sanaw ygtybarly maglumatlaramy ýa-da diňe öýkeli duýgularamy esaslanýar?

"Goňşy ýurtlaryň aragatnaşyk režimleriniň dostluk derejesi" atly gözleg NIIRK-iň iki ýyllyk taryhyndaky şuňa meňzeş hasabatlarynyň ikinjisidr. NIIRK-iň onlaýn hereketleri nazara alynsa, institut başga hiç zat bilen meşgullanmaýar.

Bu, Russiýanyň goňşy ýurtlarynyň geçen ýyl Kremliň Ukraina ganly, sebäpsiz çozmagyndan soň, özleriniň Moskwa bilen dostluk derejeleriniň näderejede ýokarlanandygyny ýa-da pese gaçandygyny, şeýle hem NIIRK-iň bu tendensiýalary çözmek boýunça tekliplerini görüp biljekdigini aňladýar.

Reýtingiň ýokarsyndaky (Belarus) we aşagyndaky (Ukraina) ýurtlar bilen baglanyşykly hiç hili garaşylmadyk ýagdaý bolmasa-da, soňky bir ýyldaky käbir beýleki hereketler bellärliklidir.

Mysal üçin, näme üçin Russiýanyň 2008-nji ýylda söweşe giren ýurdy Gürjüstan, awtorlaryň pikirine görä, Moskwa üçin "ep-esli dostlukly" döwlet? Geçen ýylky reýtingleriň lideri bolan Gazagystan näme üçin henizem dostlukly, ýöne "üýtgäp durýar"?

Putin we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan sentýabr aýynda Wladiwostokda geçirilen "2022-nji ýyl Gündogar ykdysady forumyna" gatnaşýarlar.

NIIRK hem ýaş, hem-de känbir tanalmasa-da, Russiýanyň "The Moscow Post" neşiriniň habaryna görä, institut "baglanyşyksyz däl". Neşir 13-nji fewralda çap eden makalasynda NIIRK bilen Russiýanyň milli kitaphanalarynyň biriniň arasynda geçen ýylyň tomsunda Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady forumda hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, NIIRK öz web sahypasyndaky hyzmatdaşlarynyň arasynda Russiýada we Russiýa bilen hyzmatdaş ýurtlarda ýerleşýän birnäçe döwlet analitiki merkezini sanap geçýär we pensiýa çykan KGB işgärlerinden ybarat gözegçilik geňeşi bilen öwünýär.

Bu topar öz wezipesini "parahatçylygy we ylalaşygy berkitmek üçin halklaryň, medeniýetleriň, dinleriň, döwletleriň, halkara ylmy we bilim guramalarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň köptaraplaýyn gepleşiklerini ösdürmek" diýip atlandyrýar.

'Dostlukly däl' - Üýtgäp durýan ölçegli kategoriýa

Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar we olaryň üýtgäp durmagy hem-de akymlary, soňky döwürde Moskwany aladalandyrýar.

Geçen ýylyň martynda Russiýa Ukraina çozuşyna jogap hökmünde görlüp-eşidilmedik sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, prezident Wladimir Putin "dost däl ýurtlaryň" resmi sanawyny döretmegi buýurdy. Moskwa şondan bäri bu sanawy garşylyk görkezmek üçin esas hökmünde ulanýar.

NIIRK gözlegleriniň goňşy ýurtlaryň Russiýa bilen aragatnaşygyň 10 sany görnüşiniň seljermesine esaslanýandygyny öňe sürýär.

Bular daşarky syýasy aragatnaşykdan "metbugatda aragatnaşyk", "bilim pudagyndaky aragatnaşyk" we şuňa meňzeş düşnüksiz kategoriýalar bilen bilelikde, goňşy ýurtlaryň öz rus dilli ilatyna garşy alyp barýan syýasatlaryna çenli görnüşleri öz içine alýar.

Analitiki merkez Russiýanyň 14 goňşusynda "aragatnaşyk režimlerine" baha bermek üçin 60-dan gowrak görkezijini ulanýandygyny aýdýar, ýöne Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň metodologiýany aýdyňlaşdyrmak haýyşyna jogap bermedi.

NIIRK Russiýa bilen dostlugyň derejesiniň 2022-nji ýyldaky netijelerini 2021-nji ýyldaky jemleri bilen deňeşdirip, "dostlukly we dostluksyz aragatnaşyk režimleriniň arasyndaky polýarizasiýa ýokarlandy" diýdi.

Ukrainada, Estoniýada, Latwiýada we Litwada "aragatnaşygy ösdürmek üçin şertler gadagançylyga çenli ýaramazlaşan bolsa", käbir aragatnaşyklar dostlukly, ýöne "ozal ep-esli agras" bolan Özbegistan we Türkmenistan bilen gowulaşdy diýip, NIIRK belleýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ortada) 2019-njy ýylyň dekabrynda Parižde geçirilen gepleşiklerden soň, bilelikdäki metbugat ýygnagynda Putiniň çykyşyny diňleýärler.

San taýdan aýdylanda, iň uly üýtgeşiklik Estoniýa bilen bagly bolup, bu ýurduň Russiýa bilen dostlugyň derejesine -51,8 bal berildi. Bu görkeziji institutyň geçen ýylky reýtinginde -10,7 bala deňdi. Soňky döwürde Estoniýanyň premýer-ministri Kaja Kallas Kremliň Ukraina sebäpsiz çozmagyny yzygiderli tankyt etdi. Ýakynda iki ýurt dostluksyz gatnaşyklaryny berkitmek üçin biri-biriniň ilçilerini kowdy.

Ukrainanyň reýtingi -43,8 baldan -83,6 bala çenli aşaklady.

Medianyň garyşmagy

NIIRK-iň gözleginiň giň gerimi, ekspertleriň Kremliň has ýakyn halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklara has içgin çemeleşmegi diýip atlandyrýan zatlaryna laýyk gelýär.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşini goldamakda Belarusyň öňdebaryjylygyny yzarlap bilmedik Gazagystan, bu tendensiýanyň iň aýdyň mysalydyr.

Geçen aýda gazagystanly işewüriň Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň demirgazygyndaky Buça şäherine göçme ak öý ibermek baradaky başlangyjy Astana bilen Moskwanyň arasynda diplomatik pursady döretdi.

Degişli maglumat 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa iň köp derejedäki russiýaly gitdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa Gazagystanyň häkimiýetlerinden, "Russiýa-Gazagystan strategiki hyzmatdaşlygyna we ýaranlygyna zyýan ýetirmezlik üçin", Astananyň bu çärä gatnaşmaýandygyny tassyklamagyny isledi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aibek Smadiýarow, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren maglumatynda sowgat barada "düşündiriljek zadyň ýokdugyny" we Gazagystanyň öz raýatlarynyň Ukraina kömek etmeginiň öňüni alyp bilmejekdigini aýtdy.

Mediýa giňişliginde bolsa, Russiýanyň döwlet habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän "Roskomnadzor" gullugy goňşy ýurtlardaky habar beriş serişdelerini Russiýanyň "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrmagy dowam etdirýän urşy baradaky maglumatlary ýok etmek talaby bilen, işjeň nyşana alýar.

Gazagystandaky “Arbat.media” üçin bu talaplar has-da ileri gidip, Russiýanyň Wladimir şäherindäki sudy habar beriş serişdesini uruş baradaky maglumaty üçin kazyýete çagyrdy. Žurnalistler görlüp-eşidilmedik çagyryşa üns bermediler we gazak resmileri olary goldadylar.

Metbugat we sosial-media giňişlikleri has berk gözegçilikde saklanýan ýurtlar NIIRK-iň şu ýylky reýtinginde has gowy ballara eýe boldy.

Degişli maglumat Türkmen-rus gatnaşyklarynyň 'aýdyňlaşdyrylmaýan' taraplary

Türkmenistan 2022-nji ýylyň aglaba böleginde Russiýanyň Ukrainadaky söweşini görmezlige saldy, ýöne soňky döwürde Günbataryň Ukraina goldawyny tankytlaýan wagyz kampaniýalaryna gatnaşdy. Aşgabat, NIIRK-niň reýtinginde iň uly oňyn hereketlendiriji bolup, ol 2022-nji ýylda +14,5 baldan +47,1 bala ýokarlandy.

Özbegistan 2022-nji ýyldaky sanawda ýedinji orundan üçünji orna çykdy we Ermenistany, Gazagystany hem-de Täjigistany yzynda galdyrdy. Özbegistanda blogçylaryň we habar beriş serişdeleriniň urşy beýan etmegine rugsat berilmeýändigi barada yzygiderli habar berildi.

NIIRK-iň käbir synlary, mysal üçin goňşy ýurtlarda sosial media arkaly Russiýa baradaky maglumatlara senzura edilýändigi baradaky pikirler, Russiýadaky azatlyklaryň ýagdaýyny göz öňünde tutulanda, gaty gülkünç görünýär.

NIIRK-iň gözegçilik geňeşiniň düzümi çynlakaý akademiki iş hökmünde "dostlugyň derejesi" barada sorag döredip biler - sebäbi onuň ýedi agzasynyň bäşisiniň rezýumelerinde rus we sowet howpsuzlyk gulluklarynda işländigi beýan edilýär.

Olaryň arasynda NIIRK-iň müdiri Wladislaw Gasumýanow hem bolup, ol geçen hepde çap edilen blogda bu reýtingi "Russiýa we beýleki ýurtlar üçin görkeziji" diýip häsiýetlendirdi.

Makala Chris Rickleton tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.