Aşgabatlylar 20 ýyldan köne ulaglaryny diňe beýleki sebitde ýazga duranlara satyp bilýärler

Aşgabatdaky ulag bazary (arhiw suraty)

Aşgabatda 20 ýyldan köne ulaglary guratlyk barlagyndan geçirmezlik baradaky düzgün, paýtagtlylaryň awotulag söwdasyny çäklendirýär. Paýtagtyň bazarlarynda diňe 2003-nji ýyldan soň çykan ulaglary aşgabat propiskasy bolanlaryň adyna resmileşdirip bolýar. Şol bir wagtda, bu çäklendirmeler korrupsiýa ýol açyp, paranyň öwezine bu düzgünden sowa geçmegiň ýollary hödürlenýär.

Geçen ýylyň noýabryndan bäri Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasy 20 ýyldan ozal öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermän gelýär.

Adatça bolşy ýaly, dil üstünden berilýän bu görkezmäniň kanuny esaslary we sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Bu çäklendirmeler paýtagtdaky awtoulag söwdasyna hem täsir etdi. Aşgabatly sürüjiler 20 ýyldan öň öndürilen ulaglaryny ýerlemek üçin indi sebitlerden hyrydar gözleýärler.

“Aşgabadyň bazarlarynda ulagy bahalanyňda, ilki bilen ‘propiskaň nirede?’ diýip soraýarlar. Eger-de paýtagtda ýazga duran bolsaň, onda [20 ýyldan köne bolan ulaglaryň] guratlyk hatyny almakdaky çäklendirmeler sebäpli, ony adyňa resmileşdirip bilmejekdiklerini aýdýarlar. Welaýatlardan gelen hyrydarlara hiç hili çäklendirme ýok” diýip, bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerinden habarly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabatly sürüjiler 20 ýyly dolan ýeňil awtoulaglaryň tehniki barlaga goýberilmeýändigini aýdýarlar

Anonimlik şertinde maglumat beren paýtagtyň ýaşaýjysy käbir ulag eýeleriniň bu çäklendirmelerden sowa geçmegiň ýollaryny hem teklip edýändiklerini aýtdy.

“Söwdagärler Aşgabat ýazgysy bolanlara, ulagyň bahasynyň üstüne 10 müň manat para berip, ony dessine adyna resmileşdirip bermegi teklip edýärler. Ulag eýesi bu puluň polisiýa berilmelidigini aýdyp, şol bir wagtda-da munuň bilen çäklenmän, bu özboluşly ‘hyzmaty’ üçin özüne hem goşmaça 300 manat soraýar. Ylalaşylsa, ulagy bazardan çykarman, ýol polisiýasynyň özi gelip ony iki sagadyň içinde adyňa resmileşdirip berýär” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrliginden, şol sanda Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugyndan kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda, şol sanda "Transparency International” guramasynyň 2022-nji ýyldaky indeksinde dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýär.

Degişli maglumat Türkmenistan dürli kysymdaky “Mercedes”, “BMW” we başga-da birnäçe awtoulagyň ýurda getirilmegini gadagan etdi Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.