Türkmenistan adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça BMG-nyň Adam hukuklary komitetine beren jogabynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň öz janyna kast edendigini gaýtalady. Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda türkmen türmesinde aradan çykdy. Onuň garyndaşlaryna berlen jesedinde zorluk alamatlary bardy. BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi onuň ölümine Türkmenistany jogapkär etdi.
Türkmenistanyň häzirki resmi beýanaty, Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky üçünji döwürleýin hasabatynyň ýakyn wagtda diňlenişigi bilen baglanyşykly gozgalan meseleleriň sanawyna beren jogaplarynda bar. Ýurduň raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara borçnamalaryna degişli nobatdaky hasabaty fewral aýynyň ahyrynda BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň 2023-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 24-nji martyna çenli geçiriljek 137-nji mejlisinde diňlener.
BMG-niň resmi maglumatynda türkmen häkimiýetleri Ogulsapar Myradowa garşy gynamalaryň ulanylmagyny inkär edýär, prokuraturanyň onuň öz janyna kast edendigi barada barlag geçirendigi, sud işine garamakdan ýüz öwrülendigi we jesediň garyndaşlaryna gowşurylandygy aýdylýar.
Degişli maglumat Ogulsapar Myradowanyň tussag edilenine 15 ýyl boldy. Žurnalistiň ölümi baradaky soraglar gün tertibinden aýrylmaýarAzatlygyň habarçysy Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda gümürtik ýagdaýda tussaglykda aradan çykdy. Garyndaşlary žurnalistiň bedeninde ençeme ýaranyň bardygyny gördüler. Türkmenistanyň häkimiýetleri Myradowanyň ölümine günälidigini boýun almadylar.
Ogulsapar Myradowa, "Türkmen Helsinki fondunyň" esaslandyryjylarynyň biri. 2004-nji ýyldan bäri Azatlyk radiosynyň habarçy bolup işledi. 2006-njy ýylyň iýun aýynyň ortalarynda türkmen häkimiýetleriniň içalyçylykda aýyplan fransuz žurnalistleri bilen habarlaşandan soň tussag edilipdi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, žurnalist zenanyň tussag edilmegi resmi düzgüne görä hasaba alynmazdan we aýyplama bildirmezden amala aşyryldy. Aklawçylara onuň bilen görüşmäge rugsat berilmedi. Sud işi Aşgabatda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Žurnalist özüne bildirilen günäni boýun almady.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Myradowanyň işini syýasy matlaply diýip atlandyrdylar we onuň ölümi boýunça garaşsyz derňewi talap etdiler. BMG-nyň Adam hukuklary komiteti 2018-nji ýylyň 3-nji awgustynda Myradowanyň gynalmagyna we ölümine Türkmenistany jogapkär hasaplady.
Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky üçünji döwürleýin hasabatyň ýakyn wagtda geçiriljek diňlenişigi bilen baglanyşykly gozgalan sowallara beren jogabynda, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda geýdigini habar berip, Azatlyk Radiosynda açyk çykyş eden ýaş türkmen lukmany 24 ýaşly Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýy hem agzalýar. Ýaş ýigit birnäçe günden polisiýa bölümine çagyrylandan soň ýitirim boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň resmi jogabynda ýurduň baş kanunynda adam we raýat hukuklarynyň hem azatlyklarynyň deňliginiň kepillendirýändigini öňe sürülýär we "Türkmenistanda jenap Kasymberdy Garaýew hakda maglumat ýok" - diýilýär.
Türkmenistanyň Garaýew baradaky jogaby ýurtda bir jynsdaky adamlaryň arasynda jyns gatnaşyklary üçin olary jenaýat jogapkärçiligine çekmezlik ugrunda görülýän ýa-da meýilleşdirilen çäreleri görkezmek talabynyň bir bölegidir. Şeýle hem bu talapda, Türkmenistandan Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasyna laýyklykda göz öňünde tutulan möhletde berlen jezalaryň sany, şeýle hem diskriminasiýanyň öňüni almak we LGBT toparyna degişli adamlara garşy zorluk hadysalaryny dogry derňemek we günäkärleri jezalandyrmak üçin edilen ädimler barada maglumat berilmegi soralýar. Bu talapda Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýy anyk görkezilýär.
Degişli maglumat Gomoseksual gatnaşykda güman edilýän onlarça raýat Türkmenabatda tussag astynda saklanýarBMG-niň Adam Hukuklary Komitetiniň Türkmenistanyň üçünji döwürleýin hasabatyna garamak bilen baglanyşykly gozgan meseleleriniň arasynda koronawirus ýokançlygy, gynamalaryň gadagan edilmegi we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da adam mertebesini kemsidýän ýagdaýlaryň aradan aýrylmagy, hereket, pikir we beýleki azatlyklara ýol berilmegi, şeýle-de jyns deňligi we aýallara garşy zorluk, şol sanda maşgaladaky zorluk problemasy gozgalýar.
2022-nji ýylda Türkmenistanda aýallar häkimiýetleriň görlüp-eşidilmedik basyşyna duçar boldular. Häkimiýetler ýurduň aýal ilatynyň daşky görnüşine we özüni alyp barşyna gözegçiligi güýçlendirdi, şol sanda olaryň gözelligini artdyrmagyna, gelşikli geýim geýmegine, awtomobil sürmegine we ulaglaryň öňündäki oturgyçlarda oturmagyna garşy çykdy.
Galyberse-de, Türkmenistan jyns deňligi meselesinde özüne berlen sowala gaýtaran jogabynda ýurduň “Aýal-erkekler üçin deň hukuklary we deň mümkinçilikleri üpjün etmek barada kanunyň" we 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň bardygy aýdylýar. Resmi beýanatda tassyknama hökmünde parlamentiň aşaky öýi Mejlisde agzalaryň 24,8% zenandygy, başlygynyň hem aýal maşgaladygy, şeýle-de golaýda ýok edilen parlamentiň ýokarky öýi Halk Maslahatyndaky 27% ornuň aýallara berlendigi aýdylýar. Türkmen resmileriniň aýallara garşy zorluk meselesi boýunça jogabynda pida bolan aýallaryň arzalarynyň polisiýada hasaba alynýandygy aýdylýar.
Ýatlatsak, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat fondunyň 2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy maşgaladaky zorluklar bilen baglanyşykly ýagdaýy barada çap eden hasabatynda sorag edilen türkmen aýal-gyzlarynyň 12%-niň maşgalada fiziki ýa-da jyns taýdan zorluga sezewar edilendigini boýun alypdyr.
Degişli maglumat Hasabat: Türkmen maşgalalarynda her sekiz aýaldan bir aýal fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.