"Türkiýede maşgala gurup, süteme duçar boldum" – Türkmen zähmet migrantynyň kyssasy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Meniň maşgala durmuşym ýeriň ýüzündäki dowzahdy. Türk adamym günde-günaşa mertebämi depeledi, kemsitdi, ýençdi...” – şu sözler bilen 36 ýaşly türkmen raýaty Gülşat (ady üýtgedilen - red.) özüniň Türkiýedäki soňky 4 ýyldaky başdan geçirenlerini ýatlaýar. Ol Türkmenistandaky kynçylyklaryň arasynda, beýleki müňlerçe ildeşleri ýaly, has gowy durmuş gözleginde Türkiýä gelipdi. Emma ol Türkmenistanyň döreden emeli kynçylyklary sebäpli bu ýurtda resmi ýagdaýda galmagyna mümkinçilik berjek degişli dokumentleri edinip bilmäni üçin, göwün bermedik ýerli erkekleriň birine durmuşa çykmak kararyna geldi. Ol mundan soň başdan geçirenleri barada Azatlyga gürrüň berdi. Bellesek, söhbetdeşimiziň howpsuzlygy jähtinden adam we ýer atlary, şeýle-de käbir jikme-jikler aýan edilmeýär.