Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň arasynda, daşary ýurtlara, hususanda Russiýa gidýän türkmen raýatlarynyň sany artýar. Bu ýagdaýlara Azatlygyň habarçylary we garaşsyz türkmen neşirleri ünsi çekýär. Şol bir wagtda, Russiýanyň öz ilaty bilen bagly mälim eden soňky görkezijilerine görä, bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň sany 2021-nji ýylda ondan ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 12% artypdyr.
“Halkara uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen, Russiýa, hususanam [Tatarystan respublikasynyň paýtagty] Kazana gidýänleriň sany göz-görtele köpeldi. Hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri Kazan ugry boýunça uçarlar doly gidýär, emma ol ýerden Türkmenabada gonýan uçarlar tas boş diýen ýaly gelýär” diýip, Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmesi gürrüň berdi we ýurtdan çykýan ýolagçylaryň aglabasyny 40 ýaşa ýetmedik erkekleriň düzýändigini sözüne goşdy.
“Türkiýe bilen wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagy netijesinde, indi adamlar, esasan hem ýaş ýigitler student wizasyny alyp, iş gözleginde Kazana gidýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Degişli maglumat Halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanmagy bilen, Türkmenistandan daşary ýurtlara gitmek isleýänler 'köpelýär'Bu ýagdaýlara garaşsyz turkmen.news neşiri hem ünsi çekýär. Ol öz çeşmelerine salgylanyp, gidýänleriň arasynda ozal Russiýada ýokary bilim diplomyny alan okuwly adamlaryň hem köpdügini belleýär.
“Mysal üçin Türkmenistanda mugallymyň aýlyk haky 3,5 müň manat töwereginde. Bu ýerli şertlerde gowy girdeji hasaplanýar. Emma şol bir adam Russiýada taksist bolup işlese, bir aýda müň dollara çenli (rubluň hümmetiniň düşmegine hem garamazdan) gazanç edip bilýär. Mundan başga-da, migrantlar sakçy we gurluşykçy bolup zähmet çekýärler. Käbirleri, esasan hem ýokary bilimini Russiýa Federasiýasynda alanlar, öz hünärleri boýunça hem iş tapyp bilýärler” diýip, neşiriň 13-nji ýanwarda çap eden habarynda aýdylýar.
Maglumata görä, köpler Russiýadaky tanyşlarynyň üsti bilen iş wizasyny almak üçin çakylygy ornaşdyrmaga synanyşýarlar, beýle mümkinçiligi bolmadyklar hem, soňundan iş tapmak umydy bilen syýahat wizasyny edinýärler.
Pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmelere hem garamazdan Türkmenistandan Russiýa gidenleriň sany artdy. 2021-nji ýylda Russiýanyň raýatlygyny 3 müň 628 türkmenistanly aldy. 2016-njy ýylda bu görkeziji 774, 2017-nji ýylda 729, 2018-nji ýylda 1 müň 44, 2019-njy ýylda 1 müň 351, 2020-nji ýylda bolsa 2 müň 451 adama deň boldy.
Ýatlatsak, Azatlyk pandemiýa döwründe Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde ýurdy terk etmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň uly nobatlarynyň dörändigi barada habar beripdi. Şol wagt, Russiýa Türkmenistandan çykjaklar üçin ençeme çarter reýsini hem gurnapdy.
Degişli maglumat Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdyŞol bir wagtda, Russiýada 2021-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, bu ýurtda sorag býulletininde özüniň milletini “türkmen” diýip görkezenleriň sany 41 müň 338-e deň bolupdyr. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň “Meteožurnal” portalyna salgylanyp ýazmagyna görä, bu görkeziji 2010-njy ýyldaky soňky ilat ýazuwynyň netijelerinden 12% ýokarydyr. Ýagny, 2010-njy ýylda Russiýada ýaşan türkmenleriň sany 36 müň 885-e deň bolupdyr.
2021-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Russiýada ýaşaýan türkmen erkekleriniň sany 22 müň 795-e, aýallaryňky hem 18 müň 543-e deň bolupdyr.
Russiýanyň regionlarynda ýaşaýan etniki türkmenleriň sany boýunça birinji orny Strawropol kraýy eýeleýär. Ol ýerdäki türkmen diasporasynyň sany 15 müň 100-e deň. Şol bir wagtda, 2010-njy ýyldan bäri bu sebitde ýaşaýan türkmenleriň sanynyň artandygy göze ilmeýär. Mundan 13 ýyl bu regionda 15 müň 48 adam ýaşap, bu 2021-nji ýylyň görkezijilerinden kän tapawutlanmaýar.
Russiýada ýaşaýan türkmenleriň sany has köp Tatarystanda artyp, ol soňky ilat ýazuwyndan bäri 2,6 esse ýokarlanyp, 2 müň 514-e ýetipdir.
Ýaş boýunça, Russiýada has köp 20-29 ýaş aralygyndaky türkmenler ýaşap, olaryň sany 13 müň 142-ä deň. Şol bir wagtda, dokuz ýaşa çenli çagalaryň sany 4 müň 172-ä deň.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu tendesiýa ünsi çekip, Russiýadaky ýaşaýan etniki türkmenleriň sanynyň migrasiýanyň hasabyna artandygyny çaklaýar.
Bellesek, Moskwanyň geçen ýylyň fewralynda Ukraina esassyz hüjüm etmegi sebäpli, Russiýa garşy halkara sanksiýalary girizildi we ol galan dünýäden üzňeleşdirildi.
Degişli maglumat Russiýadaky zähmet migrantlary aýlyk azlygy sebäpli iş taşlaýyş edýärlerMunuň yzy bilen, ýurtda ozaldan işläp gelen, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan migrantlaryň uly bölegi Russiýany terk etdi. Galyberse-de, Ukrainadaky heläkçilikli urşuň arasynda ýokary derejeli rus resmileri ýakynda rus raýatlygyny alanlary harby gulluga çekmek tekliplerini hem mälim etdiler.
Galyberse-de, Merkezi Aziýanyň käbir döwletleri öz raýatlaryna Ukrainadaky urşa gatnaşmazlyk barada duýduryş berseler-de, heläkçiliki uruş barada umuman dymýan türkmen häkimiýetleri beýle beýanat bilen çykyş etmediler.
Türkmenistan soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän ýurt ilaty bazarlarda azyk gymmatçylygy, döwlet dükanlarynda harytlaryň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň täsirlerini agzamazdan, ýurtda raýatlaryň iş we gazanç etmek üçin "ähli oňyn şertleriň döredilendigini" ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Muňa garamazdan, soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi has "gowy iş we gazanç şertleriniň gözleginde" ýurdy terk etdi.
Türkmen hökümeti soňky otuz ýylda syýasy-ykdysady ýa-da medeni sebäpler esasynda ýurtdan giden raýatlaryň anyk sanyny çap etmeýär. Emma ýurtdan syzyp çykan ygtybarly maglumatlar soňky on ýylda iki milliona golaý türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.
Degişli maglumat Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.