Gazagystanyň konstitusiýa kazyýeti Merkezi Aziýa döwletiniň öňki awtoritar prezidenti Nursoltan Nazarbaýew baradaky ilkinji prezident - milletiň lideri (Elbasy) kanunyny ýatyrdy hem-de ony kanuna esasynda kepillendirilen ömürlik artykmaçlyklaryndan we ýeňilliklerinden mahrum etdi.
Kazyýet 11-nji ýanwarda bu çäräniň kanun çykaryjylaryň haýyşy boýunça görlendigini we gelnen kararyň 2022-nji ýylyň iýunynda Nazarbaýewiň adyny konstitusiýadan aýyrýan hem-de onuň “elbasy” statusynyň ýatyrylmagyny tassyklaýan ählumumy referendumyň netijelerine laýyklykda kabul edilendigini aýtdy.
Sorag astyndaky kanun 2000-nji ýylda kabul edildi we Nazarbaýewe, onuň maşgala agzalaryna, watana dönüklik aýyplamasyndan başga ýagdaýlarda, beýleki kazyýet işlerinde ömürlik eldegrilmesizlik durumyny üpjün etdi.
Degişli maglumat Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy