Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri garaşsyzlyk döwründe awtoritar režimi emele getirdiler we dürli ýagdaýlarda häkimiýeti galdyrdylar. Käbirleri rewolýusiýanyň netijesinde ýurtdan gaçdy, käbirleri wezipesinde wagtynda öldi, häkimiýet bolsa olaryň töweregindäki adamlara geçdi. Biri häkimiýetde wagtynda, öz wezipesinden çekilip, tutynyň aňrysyndan ýolbaşçylyk etmäge çalyşdy, emma ahyrky netijede öz ygtyýarlygyndan hem beýik derejeden mahrum boldy. Bir wagtlar öz ygtyýarlygyny çäksiz giňelden, hormata we öwgä mynasyp bolanlaryň galdyran mirasy näme? Häkimiýetler we adamlar olar barada näme diýýärler?
«ELBASY-DA» ÝOK, «NUR-SULTANAM», DIŇE IMMUNITETI BAR
Gazagystanda garaşsyzlyk yglan edilmeziniň öň ýany, 1991-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen göni saýlawlara bäsdeşsiz kandidat hökmünde gatnaşan Nursoltan Nazarbaýew 98,7% ses aldy. Ol eýýäm 1990-njy ýylyň aprel aýynda, Ýokary Sowetiniň deputatlarynyň ses bermegi bilen prezidentlige saýlanypdy.
1989-njy ýylyň iýunynda, SSKP MK-nyň Plenumy Gazagystan SSR-niň Ministrler Kabinetiniň şol wagtky başlygy Nursoltan Nazarbaýewi Gazagystan SSR-niň Kommunistik partiýasynyň Birinji sekretary wezipesine saýlady. Nazarbaýew şondan soň, tä 2019-njy ýyla çenli, häkimiýet başynda üýtgewsiz oturyp geldi. Prezidentlik wezipesinden gideninden soň-da, howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik başlygy hem-de hökümet başyndaky “Nur Otan” partiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde, ýurduň ýolbaşçylaryna gönüden-göni täsir etmegini dowam etdirdi. Emma 2022-nji ýylyň ýanwar wakalary bar zady üýtgetdi.
2022-nji ýylyň iýunynda geçirilen referendumda, Gazagystanyň Konstitusiýasyna girizilýän onlarça düzediş kabul edildi, beýlekiler bilen birlikde, Esasy kanundan ilkinji prezidente degişli ähli artykmaçlyklar aýryldy. Emma "Gazagystan Respublikasynyň ilkinji prezidenti – Elbasy hakynda" konstitusiýa kanuny henizem aýrylmady. Bu kanuna laýyklykda, ilkinji prezidentiň aýratyn ygtyýarlyklary we immuniteti bolup, sud-kazyýet derňewlerinden, Gazagystan Respublikasynyň prezidenti döwründe eden işi üçin, jogapkärçilige çekilmekden azatdyr. Mundan daşary-da, onuň maşgala agzalaryna-da şol artykmaçlyklar degişli bolup, öňki prezidentiň we onuň maşgala agzalarynyň bank hasaplarynyň gizlinligi we oňa el degrilmezlik kepillendirilýär.
Ikinji prezidentiň karary esasynda, ikinji irki saýlawlaryň öň ýanynda, ýurduň paýtagty Nur-Sultan ady bilen hoşlaşdy. 2019-njy ýylda Kasym-Jomart Tokaýew wezipä girişen badyna, Astana adyny Nur-Sultana öwürmek hakynda permana gol çekdi, şu ýylyň sentýabrynda ýene bir perman bilen şäheriň öňki adyny gaýtaryp berdi.
Ýanwar wakalaryndan soň, öňki prezidentiň käbir garyndaşy jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Onuň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa parlamentdäki deputatlyk wezipesinden mahrum boldy. Azyndan 238 adamyň ölmegine sebäp bolan ýanwar wakalaryndan soň, hem häzirki prezident, hem onuň öňki halypasy jemgyýetde tankyt edilýär. Emma häkimiýetlerde köpçüligi kanagatlandyrjak jogap henizem ýok.
Ozalky prezident N. Nazarbaýew wagtal-wagtal köpçülige görünýär. Soňky gezek ol 26-njy noýabrda, Tokaýewiň kasam kabul ediş dabarasynda, öň hatarda oturdy. Resmi telewideniýe kanallary ony ýakyndan görkezmän, ýanynda oturan emeldarlary görkezmäge çalyşdy.
Prezidentlik wezipesinden gidensoň, Nazarbaýew "Hormatly senator" diýen ada eýe boldy. Şonda öňki prezidentiň senata gelip, "zerur bolsa, öz pikirini beýan etjekdigi" habar berildi.
Ýylyň başyndan bäri Nazarbaýewe "Elbasy" diýilmeýär, hatda döwlet telewideniýesinde ol hakdaky filmleri, reportažlary görkezmegi-de bes etdiler. Soňky interwýularda Tokaýew ilkinji prezidentiň syýasatyny tankytlap başlady. Ýanwar aýynda Taldykorganda protestçiler tarapyndan ýykylan Nazarbaýewiň heýkeli gaýtadan öz orunda diklenmedi. Şeýle-de bolsa, obýektleriň köpüsi onuň ady bilen galýar.
Bilermenleriň bellemegine görä, "denazarbaýewleşdirmek" işleri Nazarbaýew diri döwründe tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Ýöne Nazarbaýewiň adyny bar ýerden aýyrmak gerek diýýänler bar.
KERIMOWY ÝATLAMAÝAN IKINJI PREZIDENT
Özbegistanyň lideri Yslam Kerimow Sowet Soýuzy döwründe, Gorbaçowdan soň ikinji "prezident" bolan syýasatçydyr. 1990-njy ýylyň 15-nji martynda, SSSR Ýokary Soweti Mihail Gorbaçowy prezidentlige saýlady. Şondan dokuz gün geçensoň, Özbegistanyň Ýokary Soweti hem Yslam Kerimowy respublikanyň prezidentligine saýlamak barada ses berdi.
Yslam Kerimow hem Nazarbaýew ýaly 1989-njy ýylda Kommunistik partiýanyň birinji sekretary hökmünde, häkimiýet başyna geldi. Emma Nazarbaýewden tapawutlylykda, ilkinji ähliumumy saýlawda, ol başga kandidat bilen bäsdeşdi. Muhammet Salyh ( Salaý Madaminow) soňra ýurtdan çykmaga mejbur edildi. Soňraky saýlawlar emeli boldy.
Özbegistan bilen serhetleşýän Täjigistandaky 1992-1997-nji ýyllaryň raýat urşunyň tamamlanmagyna Yslam Kerimowyň ýardam edendigi aýdylýar. Täjigistanyň häzirki prezidenti Emomali Rahmonyň häkimiýet başyna gelmegine-de Yslam Kerimow ýardam etdi diýilýär.
Yslam Kerimowyň döwründe Özbegistanda yslam oppozisiýasy emele geldi. Bu hereket 2005-nji ýylda bolan Andijan wakalaryndan soň basylyp ýatyryldy. Emma Özbegistanyň yslam oppozisiýasy Owganystan ýaly biynjalyk döredýän sebite geçdi.
Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow nähili gapma-garşylykly düzgün bolsa-da, hiç haçan prezidentlige saýlanmakdan ýüz öwürmedi. Ol referendum arkaly bir gezek, saýlawlar arkaly-da bäş gezek häkimiýetde galdy.
Kerimowyň hem dogan-garyndaşlary Nazarbaýewiňki ýaly, hökümetde wezipe eýelediler, emma onuň uly gyzy Gülnara Kerimowa kakasy ýolbaşçy wagtynda jogapkärçilige çekildi. Ikinji prezident Şawkat Mirziýoýew ýolbaşçylyga geçensoň, onuň garşysyna ýene bir iş açylyp, 13 ýyl 4 aý türme tussaglygyna höküm edildi.
Özbegistanyň häzirki prezidenti Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna gelen ilkinji ýyllarda, Yslam Kerimowyň adyny ýygy-ýygydan agzaýardy. Soňky ýyllarda ol öz çykyşlarynda, Kerimow barada hiç zat aýtmaýar. Şeýle hem häzirki hökümet ozalky ýolbaşçynyň garşysyna hiç hili çäre görmedi, diňe prezident Mirziýoýew öň häzirki ýaly ösüşleriň bolmandygyny ýatladyp durýar.
Yslam Kerimowyň aradan çykanyna iki ýyl geçmänkä, onuň golaý-töwerekleri häkimiýetden aýryldy. Kerimowyň doglan gününiň 80 ýyllygy bellenilende, çagalary bu çärä gatnaşdyrylmady.
KÖLEGEDE GALAN RAHMON
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hatarynda, Kahhor Mahkamow hem bar. Ol 1985-nji ýylda Täjigistan Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary wezipesine saýlanyp, döwlet başyna geldi.
1990-njy ýylyň 12–14-nji fewralynda adamlar Duşanbede protest geçirmek üçin ýygnandylar. 1988-nji ýylda bolan ýer titremede, Ermenistanyň Spitak hem Leninakan şäherleriniň jaýsyz galan ýaşaýjylaryna "nobatdan daşary kwartira paýlandy" diýip, närazylyk bildirdiler. Şol döwürde Täjigistanyň paýtagtynda jaý ýetmezçiligi agyrdy. Fewral wakalary diýlip atlandyrylan protestleriň dowamynda, 25 adam ýogaldy, 150-den gowrak adam ýaralandy. Fewral wakalardan soň, Mahkamow birinji sekretarlyk wezipesinden çekilýändigini yglan etdi, emma Täjigistan SSR-iň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti onuň wezipeden çekilmegini kabul etmedi.
Ol 1990-njy ýylyň noýabr aýynda prezident saýlandy. Emma 1991-nji ýylyň awgustyda Moskwada bolan Döwlet agdarylyşygyndan soň, ýurduň parlamenti oňa ynamsyzlyk bildirdi we Mahkamow prezidentlik wezipesinden boşadyldy. Bäsdeşleri ony GKÇP toparyny goldan hasaplaýarlar.
Kahhor Mahkamow Merkezi Aziýada parlamentiň basyşy astynda, wezipesinden çekilen ilkinji prezident boldy.
Rahmon Nabyýew noýabr aýynda geçirilen saýlawlarda, garaşsyz Täjigistanyň prezidenti wezipesine saýlandy. Ol hem 1982–1985-nji ýyllarda, Täjigistan SSR-niň Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary bolupdy. Emma onuň döwlet başyna gaýdyp gelmegi uzaga çekmedi. Bir ýyldan soň, ýurtda raýat urşy başlandy hem oppozisiýanyň täsiri astynda, wezipeden çekilmäge mejbur boldy.
Täjigistanyň häzirki prezidenti Emomali Rahmonynyň döwlet baştutany bolaly bäri 30 ýyldan gowrak wagt geçdi. Ol 1992-nji ýylda, Ýokary Sowetiniň başlygy wezipesinden, häkimiýete gelipdi. Häzir Rahmon prezident saýlawlaryna çäksiz gezek gatnaşyp bilýär, onuň "Parahatçylygy we milli agzybirligi esaslandyryjy – milletiň lideri" diýen resmi derejesi şeýle hukuk berýär. Prezidentiň ogly, 35 ýaşly Rustam Emomali Mejlis Milliniň – Täjigistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy.
«TÜRKMENBAŞYNY» ÇALŞAN «ARKADAG»
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1985-nji ýylda ýurduň Kommunistik partiýanyň birinji sekretary wezipesinde häkimiýete geldi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň arasynda ilkinji bolup, parlament arkaly däl-de, halk saýlawlary arkaly prezident saýlandy. 1990-njy ýyldaky saýlawlar bäsleşiksiz geçirilip, onda Nyýazow 98,3% ses aldy. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edilenden soň, 1992-nji ýylda geçirilen bäsleşiksiz saýlawlarda, saýlawçylaryň 99,5%-i oňa ses berdi.
Şondan soň ol hiç bir saýlawa gatnaşmady. 1994-nji ýylda geçirilen referendumda onuň prezidentlik möhleti 2002-nji ýyla çenli uzaldyldy. 1999-njy ýylda bolsa Halk Maslahaty ony ömürlik prezident diýip yglan etdi.
Merkezi Aziýada şahsyýet kultuny ilkinji döreden türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylda aradan çykdy. Öz döwünde onuň altyn heýkeli bina edilipdi. Nyýazowyň ýazdy diýilýän "Ruhnama" kitaby mukaddes diýlip yglan edildi.
Ol repressiw syýasatlary bilen bir hatarda, "Türkmenbaşy" ady bilenem ýatlanýar, ol at soňra Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki awtoritar ýolbaşçylaryna görelde bolup hyzmat etdi. Şeýle at Gazagystanda Nursoltan Nazarbaýew üçin "Elbasy", Täjigistanda Emomali Rahmon üçin "pişwoi-e mellat" (milletiň baştutany) görnüşinde kabul edildi.
Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soňra, onuň ýerine ikinji prezidentiň şahsyýet kulty döredi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Konstitusiýasynyň maddalaryna eýermän, eýsem Türkmenistanyň öz "içerki düzgünlerine görä" häkimiýet başyna geçdi. "Arkadag" adyny alyp, ýeke özi häkimiýeti dolandyrmaga başlady. Wezipede wagtynda özüne uly ýadygärlik döretdi. Onuň baştutanlygynda ýurtda häkimiýetiň de-fakto miras geçişi bolup geçdi. Şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynda, onuň ogly, 41 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 73% ses alyp, prezidentlige saýlandy.
16 ÝYLDAN SOŇ, ÝURDUNA GELEN AKAÝEW
Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew Merkezi Aziýada partiýanyň nomenklaturasynda bolmadyk ýagdaýynda, prezidentlik wezipesine gelen syýasatçydyr. Ol 1989—1990-njy ýyllarda, Gyrgyzystan SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti. 1990-njy ýylda Gyrgyzystan SSR-niň prezidenti wezipesine saýlandy.
Askar Akaýew döwründe Gyrgyzystana "Merkezi Aziýada demokratiýanyň adasy" diýlip at berildi. Irki ýyllarda ýurtda demokratik özgertmeleriň boljakdygyna köp umyt bardy, emma soňra ol referendumlar hem saýlawlar arkaly öz möhletini uzaltdy. Ol üç saýlaw hem iki referendum arkaly prezidentlik wezipesini elde saklady.
2005-nji ýylyň parlament saýlawlarynda, onuň gyzy Bermet we ogly Aýdar Akaýew deputat bolmak kararyna geldiler. Emma saýlawlar dawa-jenjel bilen gutardy. Ýurtda köpçülikleýin protestler başlanyp, ol "çigildem rewolýusiýasy" diýip atlandyryldy hem häkimiýet çalşygyna getirdi. Köpler Akaýewi nesle geçijilik häkimiýetini ýola goýanlygy üçin ýazgarýarlar. Oppozisiýa ony häkimiýeti garyndaşparazlyga öwürmekde aýyplady.
"Çigildem rewolýusiýasy" döwründe, protestçileriň talaplaryndan soň, Akaýewler maşgalasy ýurtdan çykmaga mejbur boldy. Şeýlelikde, Askar Akaýew Merkezi Aziýada ilkinji öwrülişikden soň, ýurtdan gaçan ilkinji prezident boldy. Ol maşgalasy bilen Gyrgyzystandan çykandan soň, watanynda oňa garşy jenaýat işi gozgaldy hem onuň garşysyna gözleg yglan edildi. Ol Russiýadan pena alyp, Moskwa uniwersitetinde mugallymçylyk edýär.
Ýurtda ne Askar Akaýew, ne-de ony çalşan Kurmanbek Bakiýew barada, gowy söz aýdylmaýar. Kurmanbek Bakiýew hem gozgalaň netijesinde häkimiýetden çekilip, ýurdy terk etmeli bolupdy. Gyrgyzystanyň häzirki sosial-ykdysady ýagdaýyna hut olar jogapkär diýip, köpler hasap edýärler. Mundan başga-da, 2010-njy ýyldaky rewolýusiýadan soň, häkimiýet başyna gelen Almazbek Atambaýew hem öňki prezidentlere köp artykmaçlyk berýän we jenaýat işinde aýyplanmakdan goraýan "wise-prezident" statusyndan mahrum edildi.
Askar Akaýew 16 ýyldan soň, diňe 2021-nji ýylda, Gyrgyzystana barmaga mümkinçilik aldy. Ol “Kumtor” altyn käni bilen bagly düzgün bozmalar barada, güwälik etmek üçin, iki gezek Gyrgyzystanyň paýtagtyna uçdy.
Makalanyň awtorynyň pikiri Azatlygyň redaksiýasynyň garaýşyna eýermän biler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum