Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenabatda ençeme öýe ogry girdi

Illýustrasiýa suraty

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary ogurlyk hadysalarynyň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şäheriň dürli sebitinde bolan bu hadysalarda ýaşaýjylaryň howlularyndaky iri şahly mallary, goýun we geçileri, öýlerindäki elektrik enjamlary ogurlandy.

"1-3-nji ýanwar aralygynda Türkmenabatda ogurlyk hadysalary köp boldy. Ogurlar esasan hususy eýeçilikdäki howly jaýlara girip, ilatyň goş-golamlaryny we mallaryny alyp gitdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 6-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Ýagdaýdan habarly polisiýadaky bir çeşmäniň aýtmagyna görä, 1-nji ýanwarda Çärjew etrabyndaky bir ýaşaýjynyň howlusyndaky iri şahly maly ogurlandy.

Degişli maglumat Maryda dükanlardan azyk ogurlaýan çagalar 'köpelýär'

Şol güni Dostluk etrapçasyndaky bir ýaşaýyş jaýyndan bolsa, telewizor, elektrik öý süpürijisi we elektrik energiýasynyň güýjüni köpeltmek üçin niýetlenen enjam ogurlandy.

"1-nji ýanwarda Türkmenabatda, Amy derýanyň çep kenarynda ýerleşýän daçalaryň üç sanysyna hem ogry girip, ogrular jaýlardaky öý goşlaryny alyp gidipdirler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Öýlerine ogry giren köp ýaşaýjy şäheriň polisiýa bölümine arza ýazmaga barandygyny, ýöne özleriniň arz-şikaýatlarynyň kabul edilmändigini aýdýar.

"Biz bu meseläni çözmeýäris. Häzir şonsuz hem işimiz kän. Biz baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüni berjaý edilşine seredelimi ýa-da siziň öýüňizi goralymy? Baryň gidiň, biz arza alamyzok diýip, polisiýa işgärleri zyýan çeken ýaşaýjylary kowup goýberýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylar polisiýa işgärlerine 2 we 3 müň manat aralygynda para beren raýatlaryň arzalarynyň kabul edilýändigini hem-de olaryň işleriniň derňelýändigini hem belleýärler.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky birnäçe ýyl bäri ýurduň dürli sebitlerinde ýygjamlaşýan ogurlyk we talaňçylyk ýaly jenaýat hadysalary barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýar.

Degişli maglumat Türkmenbaşy: Gabrystanda mazar daşlary we demir haýatlar ogurlanýar

Azatlyk geçen ýylyň oktýabrynda Marynyň Baýramaly şäherinde çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalarynyň köpelendigi, sentýabrda Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki gabrystanda mazar daşlarynyň we demir haýatlaryň ogurlanýandygy, awgustyň ahyrynda Marynyň Peşanaly geňeşliginde bolan pagta ogurlygy, iýun aýynda Lebabyň Darganata etrabynda bolan dizel ogurlygy, aprel aýynda Marynyň restoranlarynyň birinde bolan iýmit ogurlygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar ne-de inkär edýär. Ministrlik jenaýat hadysalary baradaky maglumatlar boýunça halka hasabat hem bermeýär.

Bu aralykda, habarçylarymyz ogurlyk hadysalarynyň köpelmegine bir tarapdan ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň, beýleki tarapdan polisiýanyň "geleňsizliginiň" sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

"Häzirki wagtda polisiýa ýaşaýjylaryň arzalaryny kabul edip, olaryň üstünde işlemeýändigi üçin ogrular arkaýyn bolýarlar. Sebäbi olar jenaýat etseler-de, özleriniň jezasyz galjakdyklaryny bilýärler" diýip, Lebapdaky habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Balkanda dilegçi çagalaryň sany mugallymlaryň maddy serişdesiniň hasabyna azaldylmaga çalşylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.