Türkmenistanda ilat Täze ýyl baýramçylygy döwründe mobil aragatnaşyk ulgamynyň hiliniň we Internetiň tizliginiň ýokarlanmagyna garaşýardy. Ýöne adamlaryň bu umydy puja çykdy. Raýatlar ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň hiliniň juda pes bolandygyny aýdýarlar.
"31-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda mobil telefonlardan jaň edip, SMS hatlaryny iberip bolmady. Abonentlere iberilen SMS-ler birnäçe gün soň bardy. Telefonyň antenna bellikleri ýitip, jaňlar düýbünden gitmedi" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.
Bökdençlikler zerarly köp adam biri-birini Täze ýyl baýramy bilen gutlap bilmedi. Raýatlar daşary ýurtlarda işleýän ýa okaýan dogan-garyndaşlary bilen hem habarlaşyp bilmediler.
Degişli maglumat Balkanda VPN-e garşy göreş güýçlendi"Täze ýyl baýramy döwründe, täze ýylyň ilkinji günlerinde mobil aragatnaşyk ulgamyny güýçlendirmekden geçen, gaýta onuň hilini öňküsinden hem beter peseltdiler" diýip, tejenli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
3-nji ýanwarda mobil aragatnaşyk ulgamynyň hili gowulanan bolsa-da, Internetiň tizligi juda pes bolmagynda galýar. Öýlere çekilen WiFi ulgamlarynyň hem tizligi pes bolup, Internet ýygy-ýygydan kesilýär. Telekanallarda 'signal ýok' ýazgysy peýda bolup, olara tomaşa edip bolmaýar.
"Adamlar 'Türkmentelekomyň' we 'Altyn Asyryň' merkezi edaralaryna jaň edip, şikaýatlaryny beýan etmäge çalyşýarlar. Ýöne bu edaralarda jaňlara hiç kim jogap bermeýär" diýip, ýaşaýjy belledi.
Türkmenistanda, şol sanda Ahalda öý Internet hyzmatlary “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň “Ahaltelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy we mobil Internet hyzmatlary “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilata hödürlenýär.
Sebitde Internetiň tizliginiň pesligi sebäpli "IMO" we "ICQ" ýaly messenjerler hem doly güýjünde işläp bilmeýär. VPN ulgamlary hem doly diýen ýaly petiklendi. Tölegli ýa-da tölegsiz VPN-ne birigip bolmaýar.
Degişli maglumat 'Altyn Asyr' arkaly iberilýän SMS hatlary 'giç gidýär', telefon jaňlarynyň hili pes, ses kesilýärBu çäklendirmeler, onuň sebäpleri we haçana çenli dowam etjekdigi barada "Altyn Asyrdan" we "Türkmentelekomdan" resmi düşündiriş ýa kommentariýa alyp bolmady.
Dünýäde iň haýal we iň gymmat Internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistanda häkimiýetler ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini ýyllarboýy çäklendirip gelýärler. Bu çäklendirme wagtal-wagtal, hususan-da ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa halkara çäreleriniň dowamynda has-da güýçlendirilýär.
Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.
2004-nji ýylda esaslandyrylan "Altyn Asyr" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýedir. Kompaniýa şondan ozalky ýyllarda "MTS - Türkmenistan" mobil operatory bilen bäsleşýärdi.
Degişli maglumat Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistandan 1,5 milliard dollar talap edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.