Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, Lebap welaýatynyň häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Türkmenabat şäherinde ilatyň hereketi, kafedir restoranlaryň iş wagty çäklendirildi. Täze ýyl arçalarynyň yşyklandyryş çyralary gijäň ýary bolmanka öçürilýär.
"Howpsuzlyk gullugynyň has güýçlendirilen tertipde işleýändigini görse bolýar. Türkmenabat şäheriniň köçelerinde ýerleşdirilen polisiýa we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri agşam sagat 9-dan soňra köçä çykýan raýatlary saklap, nirä we näme üçin barýandygy barada sorag edýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.
Raýatlardan pasportlaryny görkezmek talap edilýär. Içgili raýatlar dessine polisiýa merkezine alnyp gidilýär. Polisiýa garşylyk görkezen raýatlaryň 15 gije-gündiz tussaglykda saklanmagy ýaly wakalar hem bar.
Degişli maglumat Türkmenistan polisiýa gözegçiligini güýçlendirip, Täze ýyla taýýarlanýarPolisiýa işgärleri kafeleriň, restoranlaryň we garbanyşhanalaryň agşam sagat 8-de ýapylmagyna hem berk gözegçilik edýärler.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) ýollara gözegçiligi hem güýçlendi. Ýol polisiýasynyň ulag sürüjilerini saklamagy, olaryň içgilidigini barlamagy we nirä hem-de näme üçin barýandygyny soramagy ýaly wakalar hem köpeldi.
Häkimiýetler bu çäreler we onuň sebäpleri barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hem hiç hili habar berilmeýär.
Ýöne polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, bu çäreler "baýramçylyk günlerinde bolaýmagy mümkin betbagtçylyklaryň öňüni almak" bilen baglanyşykly.
Häkimiýetler baýramçylyk günlerinde ýurt boýunça howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýärler. Edara-kärhanalarda baýramçylygy howpsuz geçirmek barada ýygnaklar geçirilýär.
Resmiler bu ýyl pirotehnikalary we ýasama partlaýjylary ulanmazlyk barada ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini noýabryň ortalarynda geçirip başladylar.
Şonda Lebapdaky habarçymyz, ýerli häkimiýet çeşmelerine salgylanyp, howpsuzlyk çärelerine şu ýyl has uly üns berilmeginiň sebäbiniň geçen ýylyň Täze ýyl gijesinde bolan, adam ýitgilerine getiren pajygaly ýagdaý bilen ilteşiklidigini aýdypdy.
Mundan başga-da, Türkmenabatdaky täze ýyl arçalarynyň yşyklandyryş we bezeg çyralary gijäň ýary bolmanka öçürilýär.
"Edara-kärhanalarda nobatçylyk çekýän sakçylar agşam sagat 9-da arçalaryň ähli bezeg çyralaryny öçürýärler. Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri bu talabyň berjäý edilşine berk gözegçilik edýärler. Olar düzgün bozan edaralaryň ýolbaşçylaryna 700 manat pul jerimesini salýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Edara-kärhanalarda baýramçylygy howpsuz geçirmek barada ýygnaklar geçirilýärAk öýüň öňündäki baş arçanyň çyralary hem gije sagat 11-de doly öçürilýär. Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri ýörite ulaglarda gelip, arçanyň golaýynda nobatçylyk çekýärler.
Azatlyk bu çäreler we onuň sebäpleri barada şäher häkimliginden, polisiýa bölüminden we onuň ýangyn howpsuzlygy gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.
Ýöne ýangyn howpsuzlygy işgärleriniň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, munuň sebäpleri "ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri" bilen baglanyşykly.
Ýatlatsak, mundan bir hepde ozal Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde polisiýanyň ýangyna garşy edaralary hojalyklara aýlanyp, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini ýygjamlaşdyrdylar.
Häkimiýetleriň bu tagallalary soňky aýlarda ýurduň käbir sebitlerinde gaz ýa-da elektrik enjamlary sebäpli betbagtçylykly wakalaryň bolýan mahalyna gabat geldi.
Şu aýyň başynda Türkmenabatda bolan pajygaly wakada bir maşgaladan dört agza gazdan zäherlenip öldi.
Degişli maglumat Täze ýyl baýramynda partlaýjy ulanjak okuwçylara türme tussaglygynyň abanýandygy duýdurylýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.